Ï Pederlerimiziň ýadygärligini hatyralamak asylly däpleriň biridir
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Pederlerimiziň ýadygärligini hatyralamak asylly däpleriň biridir

view-icon 645
Golaý wagtda Aşgabatda 1941-1945-nji ýyllaryň urşunyň aldym-berdimli söweşlerinde gahrymanlarça wepat bolan türkmenistanly esgerleriň hormatyna we 1948-nji ýylda weýrançylykly Aşgabat ýer titremesi baradaky hakydany ebedileşdirýän täze ýadigärlikler toplumy peýda bolar.

Bu ýadygärlikler toplumynyň çeperçilik taýdan bezeg işlerine ýurdumyzyň iň meşhur arhitektorlary, heýkeltaraşlary we suratkeşleri gatnaşarlar.

Türkmenistanyň Çeperçilik akademiýasynda bolup geçen maslahatda Suratkeşler birleşmesiniň agzalary, ýurdyň esasy çeperçilik ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary, beýleki döredijilik işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, gazet - žurnallaryň, teleradioýaýlymlaryň ýolbaşçylary „ata-babalarymyzyň ruhy mirasy, halkymyzyň şöhratly geçmişi hem-de unudylmajak taryhy baradaky pikiriň özenini düzýän ýadygärlikler toplumy boýunça “ ýadygärlikler toplumynyň taglymlaryny amala aşyrmak boýunça döwlet baştutanynyň öňde goýan wezipelerini ara alyp maslahatlaşdylar.