25-nji maýda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň direktory Ýagşygeldi Elýasowiç Kakaýewi Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesine bellemek barada Permana gol çekdi.
Nedirow Baýramgeldi Rejepowiç, işde göýberen düýpli kemçilikleri üçin Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty we mineral serişdeler ministri wezipesinden boşadyldy.
„Türkmengaz“ döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary wezipesinde işlän Kakageldi Bäşimowiç Abdyllaýew Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty we mineral serişdeler ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji wezipesine bellenildi
Şeýle-de Döwlet baştutany Çynar Täjiýewna Rüstemowany Türkmenistanyň Täjigistan respublikasyndaky (Duşenbe şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi; Şiri Akoýliýewiç Şiriýewi Türkmenistanyň Özbegistan respublikasyndaky (Daşkent şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi; Myrat Kakaýewiç Ýazberdiýewi Türkmenistanyň Belarus respublikasyndaky (Minsk şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi diplomatiki wezipelerine belledi.