Şu gün Türkmenistanda Türkmen halysynyň baýramy giňden bellenildi. Ýurdumyzyň ähli şäherlerinde we etraplarynda şanly sene mynasybetli baýramçylyk dabaralary, çeperçilik sergileri, bäsleşikler, aýdym-sazly we tetarlaşdyrylan çykyşlar ýaýbaňlandyryldy. Ak mermerli paýtagtymyz türkmen halysyna bagyşlanan baýramçylyk dabarasynyň merkezine öwrüldi.
Şu gün “Türkmenhaly” döwlet paýdarlar korporasiýasynyň maslahatlar zalynda türkmen halyşynaslygynyň muşdaklarynyň XII Bütindünýä assosiasiýasynyň nobatdaky maslahaty geçirildi. Oňa düýn paýtagtymyzda açylan “Türkmen halysy biziň günsaýyn ösýän ata Watanymyzyň gözellik nusgasydyr” atly halkara sergisine gelen wekiller gatnaşdylar. Olaryň hatarynda dürli ylmy ugurlaryň we hünär derejeleriniň wekilleri, haly sungatyny wagyz edijiler bar. Olaryň durmuş ýörelgesi diňe bir halk senetkärçiligiň, onuň maddy gymmatlygynyň we beýik ruhunyň däl, eýsem türkmen halkynyň taryhyny öwrenmekde maddy hazynasynyň we onuň umumydünýä medeniýetiniň ösüşine goşandynyň bahasyz ýadygärligini öwrenmek hem-de ony wagyz etmek bilen baglanyşykly işleri durmuşa geçirmekden ybaratdyr.
Bütin dünýäde türkmen halylaryna köp sanly ylmy gollanmalar bagyşlandy. Olaryň üstüni taryhçylaryň, etnograflaryň, sungaty öwrenijileriň, Gündogary öwrenijileriň täze nesilleri ýetirip durýarlar. Maslahatda edilen çykyşlarda bellenilişi ýaly, türkmen halyşynaslygy häzire çenli örän çuňňur gözlegleri we çynlakaý barlaglary talap edýän syrly sungat bolmagynda galýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Janly rowaýat” atly kitaby birnäçe ylmy edebi işleriň hatarynda görnükli orun eýeleýär. Bu eser türkmenistanlylara we türkmen halkynyň medeniýeti we sungaty bilen içgin gyzyklanýanlara hakyky sowgat boldy. Döwlet Baştutanymyzyň düşnükli hem-de çeper dilde ýazan kitaby dünýä jemgyýetçiligine türkmen halylarynyň köp öwüşginliligine, gözelleigine we türkmen halkynyň ruhy-medeni durmuşyndaky ähmiýetine hem-de ornuna baha bermäge mümkinçilik berdi. Müňýyllyklaryň jümmüşinde kemala gelen türkmen halyşynaslygy ähli beýleki sungatlar üçin ýörelge çeşmesine hem-de nusgalyk derejä öwrülen halk döredijiliginiň pelsepesini özünde jemleýär. Haly gölleri özgerişiň uzak ýoluny geçip we halkyň ruhy özboluşlylylgyny çeper beýan etmek bilen häzirki zaman Türkmenistanyň milli nyşanlarynyň birine öwrüldi.
Täsin türkmen halylary boýaglaryň we sazlaşygyň utgaşmagynda, tebigy boýaglar arkaly gözellik dünýäsini şekillendirmekde dünýäniň şahsy we iri muzeýleriniň ünsüni özüne çekýär. Haly dokamagyň gadymy usullary, täze arheologik tapyndylar we gurallar maslahatda edilen çykyşlaryň esasyny düzdi.
Türkiýäniň Siwas döwlet uniwersitetiniň, Woronežiň (Russiýa Federasiýasy) döwlet binagärlik uniwersitetiniň belli alym-taryhçylary, sungat öwrenijileri, Germaniýadan, Eýrandan, Owganystandan, Gazagystandan, Özbegistandan, Täjigistandan gelen el halylylarynyň bilermenleri, ABŞ-dan we Mawrikiýa Respublikasyndan gelen dokmaçylyk we senetkärçilik boýunça hünärmenler özleriniň täze ylmy gözlegleriniň we barlaglarynyň netijeleri barada gürrüň berdiler. Türkmen alymlary we ýurdumyzyň ýokary çeperçilik mekdepleriniň alymlary we mugallymlary, paýtagtymyzyň muzeýleriniň hünärmenleri, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar institutynyň we Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat institutynyň doktorantlary we aspirantlary, haly pudagy boýunça döwlet kärhanalarynyň işgärleri maslahatda giňişleýin çykyş etdiler.
Pikir alyşmalaryň barşynda has irki arheologik we etnografik gözleglerdäki ylmy-barlaglaryň, türkmen we daşary ýurt çeşmelerindäki halylar hem-de haly nagyşlary hakyndaky ýazgylary türkmen halkynyň gadymy sungatynyň taryhy we çeperçilik ähmiýetini öwrenmek işiniň ägirt uly üstünldiklere beslenýändigi bellenildi.
Çäräniň barşynda Türkmen halysynyň baýramçylygy mynasybetli hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permany bilen, has tapawutlanan halyçylara “Türkmenistanyň at gazanan halyçysy” diýen hormatly ady dakmak, olara hormat hatlaryny, gymmat bahaly sowgatlary, şeýle hem “Türkmen halysy biziň günsaýyn ösýän ata Watanymyzyň gözellik nysgasydyr” atly şu gün Türkmen halysynyň milli muzeýinde öz işini tamamlan Halkara sergisine gatnaşyjylara diplomlary we sertifikatlary gowşurmak dabarasy boldy.
“Türkmen halysy biziň günsaýyn ösýän ata Watanymyzyň gözellik nusgasydyr” atly Halkara sergisine we türkmen halyşynaslygynyň muşdaklarynyň Bütindünýä assosiasiýasynyň XII maslahatyna gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler.
Türkmen halysynyň baýramçylygy mynasybetli guralan dabaranyň çäklerinde “Aşgabat” medeni-dynç alyş merkezinde ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda aýdym-sazly çykyşlar boldy. Oňa aşgabatlylar we paýtagtmyzyň myhmanlary we şu günki baýramçylygyň baş sebäpkärleri bolan biziň halkymyzyň gadymy we beýik sungatyny mynasyp dowam etdirijiler – türkmen halyçylary gatnaşdylar.
Şeýle hem baýramçylyk mynasybetli guralan aýdym-sazly we teatrlaşdyrylan çykyşlar paýtagtymyzdaky kinokonsert merkezlerinde, şeýle hem ýurdumyzyň ähli sebitlerindäki haly kärhanalarynda, konsert meýdançalarynda giňden ýaýbaňlandyryldy.