Ï Türkmenistanyň Mejlisinde bolan duşuşyk
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Mejlisinde bolan duşuşyk

view-icon 657
Şu gün Kuweýt Döwletiniň parlamentiniň jenap Walid Al Tabtabaýyň ýolbaşçylygyndaky türkmen paýtagtynda saparda bolýan deputatlar topary Türkmenistanyň Mejlisinde kabul edildi.

Duşuşygyň barşynda myhmanlar Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlary, şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen amala aşyrylýan ägirt uly özgertmeler we türkmen jemgyýetiniň mundan beýläk-de gülläp ösmegine we rowaçlygyna gönükdirilen iri möçberli taslamalaryň hem-de maksatnamalaryň ileri tutlýan ugurlary bilen tanyşdyryldy. Kuweýtiň parlamentiniň wekilleri Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilik we durmuş ugruna gönükdirilen syýasatyna ýokary baha berip, özara peýdaly we uzak möhletleýin esasda ýola goýulýan gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegi barada aýtdylar.

Iki ýurduň parlamentleriniň işi gyzyklanma bildirilýän söhbetdeşligiň esasyna düzdi. Hususan-da, myhmanlara Türkmenistanyň Mejlisiniň düzümi hem-de kanunçykaryjylyk işi, döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda ýurtda ýaýbaňlandyrylan demokratik we hukuk özgertmeleriniň jähetinde Mejlisiň ähmiýeti we deputatlaryň öňünde durýan wezipeler barada maglumat berildi.

Kuweýt döwletiniň Mejlis al – Ummasynyň wekilleri ikitaraplaýyn netijeli hyzmatdaşlygyň geljegi hakynda bolan pikir alyşmalaryň barşynda döwletara gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda möhüm ugur bolup durýan göni parlamentara gatnaşyklarynyň ýola goýulmagy barada aýtdylar.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistan bilen Kuweýt döwletiniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeldiljekdigine we iki ýurdyn halklarynyň bähbidine laýyk gelýän täze derejä çykaryljakdygyna ynam bildirdiler.

Şeýle hem şu gün myhmanlar Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde kabul edildiler. Ol ýerde döwletara gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň geljegi hakynda netijeli pikir alyşmalar boldy.