Ï Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjanyň Premýer-ministriniň birinji orunbasaryny kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjanyň Premýer-ministriniň birinji orunbasaryny kabul etdi

view-icon 622
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary Ýagub Abdylla ogly Eýubowy kabul etdi. Ol GDA ýurtlarynyň hökümet baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabada geldi.

Duşuşmaga döredilen mümkinçilik we türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, myhman türkmen döwletiniň Baştutanyna Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewiň mähirli salamyny ýetirdi. Ol hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa we tutuş türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny ýollapdyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly ýurduň ýokary wezipeli wekilini mübärekläp, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewe iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de iki ýurduň halklaryny birek-birege hormat goýmaga we deňhukuklylyga esaslanýan dostluk we doganlyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar diýip belledi. Türkmen-azerbaýjan gatnaşyklaryna özara ynanyşmak we düşünişmek ýagdaýy mahsusdyr. Munuň özi ikitaraplaýyn derejede, şeýle hem halkara guramalarynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmek üçin berk esas bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Duşuşygyň barşynda türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu hyzmatdaşlygyň ägirt uly kuwwaty ikitaraplaýyn, şeýle hem abraýly halkara guramalaryň, şol sanda GDA-nyň çäklerinde netijeli gatnaşyklary giňeltmek üçin oňaýly mümkinçilikleri açýar.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň öňe süren halkara başlangyçlarynyň, şol sanda BMG-niň howandarlygynda Sebitara energetika hyzmatdaşlygyny döretmek babatdaky başlangyjynyň derwaýysdygy nygtaldy. Munuň özi energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegini üpjün etmek ulgamynda halkara-hukuk esasyny kemala getirmäge ýardam eder. Bu bolsa ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge degişli meseleleri çözmegiň möhüm şertidir.

—Ençeme ýyllaryň dowamynda Türkmenistan sebitdäki hyzmatdaşlary bilen bilelikde Ýewraziýa giňişliginde ulag gatnawlaryny ösdürmek boýunça iri taslamalary amala aşyrmagyň üstünde netijeli işleýär. Olaryň netijeli ulanylmagy yklym möçberinde ykdysady we söwda gatnaşyklaryny ösdürmäge kuwwatly itergi bermäge ukyplydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady we Hazar we Gara deňizleriň, Orta Aziýanyň we Ýakyn Gündogaryň arasyndaky üstaşyr-ulag mümkinçilikleriniň öwrenilmegini göz öňünde tutýan ulag ulgamyny ösdürmek boýunça BMG-niň Ýörite maksatnamasynyň işlenip taýýarlanylmagynyň tutuş sebitiň durnukly ösüşini üpjün etmekde möhüm şert bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.

Söhbetdeşligiň barşynda şeýle hem ekologiýa ulgamynda döwletara hyzmatdaşlygynyň meselelerine, hususan-da, ýöriteleşdirilen düzimi—BMG-niň howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleleri çözmek boýunça Sebitara merkezini döretmek, onuň ştab-kwartirasyny Aşgabatda ýerleşdirmek barada Türkmenistanyň başlangyjyny ilerletmek meselesi gozgaldy.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan ähli ulgamlarda netijeli hyzmatdaşlyk üçin hemişe açykdyr diýip nygtady.

—Biz Azerbaýjany hakyky dost we ygtybarly hyzmatdaş, sebitleýin we global syýasatyň derwaýys meselelerini çözmekde pikirdeş hasaplaýarys we däp bolan türkmen-azerbaýjan dostluk gatnaşyklaryny ösdürmäge uly ähmiýet berýäris diýip, türkmen Lideri aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz we myhman hoşlaşanlarynda, Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň arasyndaky gatnaşyklaryň geljekde hem dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk däpleriniň esasynda hem-de umumy abadançylygyň bähbidine ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.