Ï Türkmenistan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň hökümet wekillerini garşylaýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň hökümet wekillerini garşylaýar

view-icon 745
Aşgabatda GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirilýär

Şu gün türkmen paýtagtynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Geňeşiniň mejlisi geçirilýär. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan bu ýokary derejedäki forumy 2012-nji ýylda GDA başlyklyk edýän ýurt hökmünde kabul edýär.

Mejlise gatnaşmak üçin Arkalaşyga agza döwletleriň hökümet wekiliýetleri düýn Aşgabada geldiler. Şu mynasybetli paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde GDA agza ýurtlaryň Döwlet baýdaklary we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň baýdaklary galdyryldy. Bu ýere belent mertebeli myhmanly uçarlar yzly-yzyna gondular. Mejlise gatnaşyjylar howa menzilinden paýtagtymyzdaky kaşaň “Oguzkent” myhmanhanasyna tarap ugradylar. Ähli görkezijiler babatda ýokary halkara ülňülerine laýyk gelýän bu ajaýyp häzirki zaman myhmanhanasy Aşgabat forumynyň geçirilýän ýeri hökmünde saýlanyp alyndy.

Mejlisiň öňüsyrasynda, 29-njy maýda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Başlygy-Ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedewi kabul etdi. Şol gün türkmen döwletiniň Baştutany Arkalaşyga agza ýurtlaryň wekiliýetleriniň Baştutanlary, şol sanda Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministri Akil Akilow, Gyrgyzystan Respublikasynyň Premýer-ministri Ömürbek Babanow, Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Tigran Sarkisýan, Belarus Respublikasynyň Premýer-ministri Mihail Mýasnikowiç, Ukrainanyň Premýer-ministri Nikolaý Azarow, Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri Karim Masimow, şeýle hem Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary Ýagub Eýubow bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi.

Agşam belent mertebeli myhmanlaryň hormatyna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan resmi däl agşamlyk nahary berildi.

Şu gün şeýle hem türkmen Lideriniň GDA agza ýurtlarynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşýan wekiliýetleriň Baştutanlarynyň birnäçesi bilen duşuşyklary göz öňünde tutulýar.

Garaşylyşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Moldowa Respublikasynyň Premýer-ministri Wladimir Filat we Özbegistan Respublikasynyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edýän ýurduň Premýer-ministriniň birinji orunbasary Rustam Azimow bilen duşuşar. Şeýle hem Türkmenistana iş sapary bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Dmitriý Medwedew bilen gepleşikler geçiriler.

Mejlisiň gün tertibine laýyklykda, häzirki zamanyň ýagdaýy we geljegi jähetinden Arkalaşygyň çäklerinde oňyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň derwaýys meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar. Şunuň bilen baglylykda, GDA agza ýurtlaryň hyzmatdaşlygynyň dürli ugurlary boýunça resminamalaryň birnäçesiniň taslamalaryna garamak göz öňünde tutulýar. Şeýle hem ykdysady we gumanitar ulgamlarda, bedenterbiýe we sport, syýahatçylyk babatda gatnaşyklary mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga we giňeltmäge degişli meseleleriň ençemesini ara alyp maslahatlaşmak meýilleşdirilýär.

Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistan parahatçylyksöýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we giň özara bähbitli hyzmatdalyk syýasatyny gyşarnyksyz durmuşa geçirip, ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn görnüşde netijeli gatnaşyklary, şol sanda abraýly sebitleýin we halkara guramalarynyň we düzümleriniň çäklerinde hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürýär. Türkmenistan—GDA hyzmatdaşlygy hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan milli daşary syýasat strategiýasyna laýyk gelýär. Soňky ýyllarda bu hyzmatdaşlyk hil taýdan täze ösüşe we many-mazmuna eýe boldy. Biziň ýurdumyz Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň assosirlenen agzasy bolmak bilen iş ýüzünde Arkalaşygyň giňişliginde açyk we deňhukukly gatnaşyklara meýillidigini görkezýär hem-de umumy bähbitlere laýyk gelýän netijeli gatnaşyklary ösdürmek meselelerine çemeleşmekde oňyn başlangyçlary öňe sürýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň GDA-nyň duşuşyklaryna yzygiderli gatnaşmagy hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Hususan-da, şu aýda türkmen Lideri Russiýa Federasiýasynyň paýtagtynda geçirilen GDA agza döwletleriň baştutanlarynyň Geňeşiniň resmi däl mejlisine gatnaşdy. Türkmenistanyň Baştutany Moskwada geçirilen duşuşykda eden çykyşynda biziň ýurdumyzyň GDA agza döwletler bilen dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna ýokary baha berýändigini we şol däbe öwrülen gatnaşyklary pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti hyzmatdaşlygyň köpugurly mümkinçiliklerini netijeli durmuşa geçirmegiň möhümdigini aýtdy. Munuň özi hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam eder.

Türkmenistan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlar bilen gatnaşyklaryny, şeýle hem GDA-nyň çäklerinde hyzmatdaşlygy oňyn we özara bähbitlilik esasynda gurap, Arkalaşygyň ugry boýunça geçirilýän çärelere işjeň gatnaşýar. Şunuň bilen birlikde soňky döwürde biziň ýurdumyz ençeme gezek GDA-nyň möhüm duşuşyklarynyň we forumlarynyň geçirilen ýerine öwrüldi. 2007-nji ýylyň noýabrynda Aşgabatda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň geçirilendigi bellärliklidir.

Mysal hökmünde beýleki wakalary, şol sanda Arkalaşygyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisini görkezmek bolar. Bu mejlis 2009-njy ýylyň aprelinde türkmen paýtagtynda geçirildi. Şol ýylyň noýabr aýynda bu ýerde GDA agza ýurtlaryň oba hojalyk önümlerini öndürijileriniň birinji forumy geçdi, onuň çäklerinde pudaklaýyn sergi, ylmy-amaly maslahat, oba hojalyk ministrleriniň, şeýle hem Arkalaşyga agza döwletleriň işewür toparlarynyň wekilleriniň duşuşyklary guraldy. Geçen ýylda hem möhüm wakalar bolup geçdi. Şol ýylyň aprelinde Aşgabatda GDA agza ýurtlaryň Serhet goşunlarynyň serkerdebaşylarynyň Geňeşiniň 65-nji mejlisi geçirildi.

Şu ýyl Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde hem degişli konsepsiýada göz öňünde tutulan we hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynda gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen dürli derejedäki çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär. Mysal üçin, geçen hepdede Aşgabatda GDA-nyň Elektroenergetika geňeşiniň 41-nji mejlisi boldy. 2012-nji ýylda Arkalaşygyň medeni paýtagty diýlip yglan edilen Mary şäherinde 6-njy iýunda “Gadymy Merw—dünýä medeniýetiniň ojagy” atly halkara maslahat geçiriler. Oňa gatnaşmak üçin biziň ýurdumyza GDA döwletlerinden meşhur ylym işgärleri gelerler. Şu ýylyň noýabrynda Aşgabatda GDA agza ýurtlaryň döwlet baştutanlarynyň Geňeşiniň-Arkalaşygyň ýokary guramasynyň mejlisi geçiriler.

Şeýlelikde, Türkmenistan özüniň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmegine örän jogapkärli çemeleşip, netijeli hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga we ösdürmäge, GDA agza ýurtlaryň halklarynyň abadançylygynyň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli gatnaşyklary ösdürmäge täze itergi bermäge çalyşýar.