Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow GDA-nyň hökümet baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri Karim Masimowy kabul etdi.
Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, türkmen döwletiniň Baştutanyna Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýewiň mähirli salamyny ýetirdi. Dostlukly ýurduň hökümet baştutany Türkmenistan bilen ähli ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga hem-de giňeltmäge Gazagystanyň ýokary derejede gyzyklanma bildirýändigini nygtap, Gazagystanda düýpli özgertmeler ýolunda Türkmenistanyň gazanýan üstünliklerine tüýs ýürekden guwanylýandygyny belledi we bu guwançly üstünlikleriň türkmen Lideri tarapyndan yzygiderli ýöredilýän öňdebaryjy syýasatyň netijesi bolup durýandygyny nygtady.
Milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip we Gazagystan Respublikasynyň Prezidentine mähirli sözlerini aýdyp, Türkmenistanyň we Gazagystanyň halklaryny köp asyrlyk dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we ruhy–medeni umumylyk baglanyşdyrýar diýip nygtady, şolar täze taryhy eýýamda oňyn döwletara gatnaşyklaryny ösdürmegiň ygtybarly esasy boldy.
Duşuşygyň barşynda taraplaryň tagallalary netijesinde uzak möhletli strategiki hyzmatdaşlyga eýe bolan türkmen-gazak gatnaşyklarynyň möhüm ugurlarynyň giň topary boýunça gyzyklanylyp pikir alşyldy. Söhbetdeşler iki ýurduň ikitaraplaýyn görnüşde hem, köptaraplaýyn görnüşde hem, şol sanda GDA-nyň çäklerinde sebitleýin gatnaşyklarda hem hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn giňeltmegi maksat edinen möhüm ädimleri ädýändiklerini kanagatlanma bilen bellediler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mundan beýläkki özara gatnaşyklaryň ugurlaryny anyklaşdyryp, energiýa serişdeleriniň halkara bazarlaryna ygtybarly hem-de durnukly üstaşyr geçirilmegini, üstaşyr ulag mümkinçiliklerini, şeýle hem ekologiýa hopwsuzlygyny üpjün etmegiň meselelerini çözmegiň möhümdigini aýratyn belledi.
Söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmegiň we diwersifikasiýalaşdyrmagyň giň mümkinçilikleriniň, şeýle hem energetika we ulaglar ýaly strategiki ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň uly geljeginiň bardygy bellenip geçildi. Türkmenistan–Özbegistan-Gazagystan-Hytaý transmilli gaz geçirijisini gurmak boýunça durmuşa geçirilen ägirt uly taslama, şeýle hem diňe bir oňa gönüden-göni gatnaşyjylara däl, eýsem sebitiň ähli ýurtlaryna ykdysady peýda getirjek Demirgazyk-Günorta demir ýol magitsralyny çekmegiň uly möçberli taslamasy bu babatda üstünlikli hyzmatdaşlyk etmegiň aýdyň mysaly bolup durýar. Taraplar bu polat ýoluň örän möhümdigini belläp, onuň gurluşygynyň depginlerini artdyrmagyň zerurdygyny nygtadylar. Şol polat ýoluň ugry Türkmenistanyň, Gazagystanyň we Eýranyň çäklerinden geçer we sebitiň döwletlerine Pars aýlaga göni çykmaga ýardam eder.
Ekologiýa ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň öňe süren başlangyçlary duşuşykda ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň biri boldy.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Premýer–ministr Karim Masimow türkmen-gazak gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de gyşarnyksyz ösdüriljekdigine ynam bildirdiler, iki goňşy halklaryň taryhy taýdan umumylygy we köpasyrlyk doganlyk gatnaşyklary onuň kuwwatly esasy bolup durýar.