Ï Türkmenistanyň Prezidenti Belarus Respublikasynyň Premýer-ministrini kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Belarus Respublikasynyň Premýer-ministrini kabul etdi

view-icon 608
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow GDA-nyň hökümet baştutanlarynyň Geňeşiniň türkmen paýtagtynda boljak nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin gelen Belarus Respublikasynyň Premýer-ministri Mihail Mýasnikowiçi kabul etdi.

Myhman türkmen topragynda görkezilen däp bolan myhmansöýerlik üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa we onuň üsti bilen dostlukly Türkmenistanyň ähli halkyna abadançylyk hem-de ösüş we rowaçlyk ýolunda mundan beýläk-de üstünlikler arzuw eden Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenkonyň mähirli salamyny ýetirdi.

Milletiň Lideri belent mertebeli myhman bilen salamlaşyp, dostulkly döwletiň baştutanyna we halkyna iň gowy arzuwlaryny aýtmak bilen, türkmen tarapynyň soňky ýyllarda ýola goýlan oňyn döwletara gatnaşyklaryny gyşarnyksyz çuňlaşdyrmak hem-de hemmetaraplaýyn giňeltmek ugruna berk eýerýändigini tassyklady.

Türkmenistany we Belarus Respublikasyny ynanyşmaga, deňhukuklylyga we ösüşe hem-de rowaçlyga çalyşmaga esaslanýan dostluk hem-de hyzmatdaşlyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar diýip, döwlet Baştutany nygtap, şunuň bilen baglylykda ýakynda Minskä bolan resmi saparynyň ýokary netijeliligini kanagatlanmak bilen belledi, şol saparyň çäklerinde türkmen-belarus gatnaşyklaryny ösdürmäge goşmaça itergi beren ýokary derejedäki ikitarpalaýyn gepleşikler boldy.

Türkmen-belarus hyzmatdaşlygynyň möhüm taraplary we ony mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri boýunça geçirilen pikir alyşmalaryň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti we myhman häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň birnäçesi boýunça iki dostlukly ýurtlaryň garaýyşlarynyň ýakyndygyny ýa-da gabat gelýändigini kanagatlanmak bilen bellediler. Şunuň bilen baglylykda, Belarusyň Hökümetiniň baştutany türkmen Lideriniň ählumumy parahatçylygyň we abadançylygyň bähbitleri üçin hem-de häzirki döwrüň wajyp meselelerini çözmegiň ýollaryny bilelikde agtarmagy maksat edinýän möhüm halkara başlangyçlaryna ýokary baha berip, GDA başlyklyk etmeginiň çäklerinde şu ýyl Türkmenistan tarapyndan bellenilen ähli çäreleriň möhümdigini nygtady.

Bitarap Türkmenistanyň Arkalaşygyň giňişliginde özara peýdaly hyzmatdaşlyk etmegiň toplanan oňyn tejribesini berkitmäge çalyşýandygyny aýdyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki tapgyrda GDA-nyň mümkinçilikleri ugurlaryň birnäçesi boýunça üstünlikli durmuşa geçirilip bilner diýip belledi.

Söhbetdeşler gönüden-göni ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleriniň üstünde durup geçmek bilen, söwda-ykdysady ulgamda, oba hojalygynda, himiýa we gaýtadan işleýän senagatda netijeli gatnaşyklar bellenip geçildi, Lebap welaýatynda kaliý dökünlerini öndürmek boýunça Garlykda dag-magdan baýlaşdyryjy toplumy gurmak boýunça amala aşyrylýan ägirt uly bilelikdäki taslama munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar, onuň üstünlikli amala aşyrylymagyna iki tarap hem aýratyn ähmiýet berýär.

Duşuşygyň çäklerinde myhman desgalarda alnyp barylýan işleriň barşy, şeýle hem Türkmenistanyň we Belarusyň Prezidentleriniň ýakynda bolan duşuşygy mahaly gazanylan birnäçe ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişi hakynda habar berdi. Taraplar bellenilen bilelikdäki işleriň uly möçberini nazara alyp, çäreleriň degişli maksatnamasyny işläp taýýarlamak barada ylalaşdylar, ol türkmen döwletiniň Baştutanynyň tassyklamagyna hödürlener.

Türkmenistanyň Prezidenti we Belarus Respublikasynyň Premýer-ministri hoşlaşanlarynda, birek-birege hoşniýetli arzuwlary aýtdylar, turuwbaşdan deňhukuklylyk hem-de özara bähbitlilik ýörelgelerinde gurulýan däp bolan türkmen-belarus hyzmatdaşlygyny gyşarnyksyz pugtalandyrmaga ynam bildirdiler.