Ï Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministrini kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministrini kabul etdi

view-icon 534
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow GDA ýurtlarynyň hökümet baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin paýtagtymyza gelen Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Tigran Sarkisýany kabul etdi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, türkmen döwletiniň Baştutanyna Ermenistanyň Prezidenti Serž Sargsýanyň mähirli salamyny gowşurdy. Premýer-ministriň öz ýurdunyň özara bähbitli ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýokary derejede gyzyklanýandygyny nygtap belleýişi ýaly, halkara hyzmatdaşlygynyň meselelerine Türkmenistanyň oýlanyşykly we utgaşykly çemeleşmesine Ermenistanda ýokary baha berýärler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow myhmany mübärekläp, dostlukly ýurduň ýolbaşçylaryna we halkyna iň gowy arzuwlaryny aýtdy. Döwlet Baştutany Türkmenistan bilen Ermenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň deňhukuklylyk, özara düşünişmek we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýandygyny belläp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy iki döwletiň anyk mümkinçiliklerine we talaplaryna laýyk gelýän derejä çykarmak üçin ähli zerur şertleriň bardygyny nygtady.

Duşuşygyň barşynda halkara hyzmatdaşlygynyň, şol sanda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde özara gatnaşyklaryň meseleleriniň giň topary boýunça pikir alşyldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň ugurlaryny anyklaşdyryp, energiýa serişdelerini halkara bazarlaryna ygtybarly hem-de durnukly ustaşyr geçirmegi üpjün etmegi üstünlikli çözmegiň möhümdigini aýratyn belledi.

Energetika howpsuzlygy babatda halkara-hukuk esaslaryny kemala getirmäge işjeň gatnaşýan ähli döwletleriň tagallalaryny birleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň täze usulyň, ýagny BMG-niň howandarlygynda sebitara energetika gatnaşyklaryny döretmek ugrunda çykyş edýändigini bellemek bilen, türkmen Lideri Arkalaşygyň agzalary bolan ýurtlaryň ählisiniň hyzmatdaşlygyň hemmeler üçin açyk bolan görnüşini ýola goýmaga işjeň gatnaşjakdyklaryna ynam bildirdi.

Duşuşykda üstaşyr-ulag ulgamynda oňyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň ähmiýeti hem nygtalyp geçildi, munuň özi Ýewraziýa giňişliginde ykdysady we söwda gatnaşyklaryny ösdürmäge kuwwatly itergi berer. Hazar we Gara deňizleriniň, Orta Aziýanyň hem-de Ýakyn Gündogaryň arasyndaky üstaşyr-ulag gatnawlarynyň mümkinçiliklerini öwrenmegi göz öňünde tutýan BMG-niň ulag ulgamyny ösdürmek boýunça Ýörite maksatnamasyny işläp taýýarlamak hakyndaky Türkmenistanyň başlangyjy şu maksady nazarlaýar.

Ermenistanyň Premýer-ministri iki döwletiň arasyndaky özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, öz ýurdunyň oba hojalygy we azyk senagaty, ýeňil hem-de dokma senagaty, bu ugurlarda bilelikdäki kärhanalary döretmek babatda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini nygtady. Bu babatda ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-ermeni toparynyň nobatdaky mejlisiniň barşynda iki ýurduň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň anyk ýollarynyň kesgitlenjekdigine ynam bildirildi. Hususan-da, Aşgabatda we Ýerewanda Türkmenistanyň hem-de Ermenistanyň söwda öýleriniň açylmagyna degişli meseleler şol duşuşygyň gün tertibine girizildi.

Türkmenistanyň Prezidenti we Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri hoşlaşanlarynda, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeldiljekdigine ynam bildirdiler.