Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow GDA-nyň hökümet baştutanlarynyň Geňeşiniň türkmen paýtagtynda boljak nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin gelen Ukrainanyň Premýer-ministri Nikolaý Azarowy kabul etdi.
Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik we türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, türkmen döwletiniň Baştutanyna Ukrainanyň Prezidenti Wiktor Ýanukowiçiň salamyny we mähirli sözlerini ýetirdi, ol hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa we ähli türkmen halkyna bagt, parahatçylyk, abadançylyk we uly möçberli özgertmeleri durmuşa geçirmekde täze üstünlikler arzuw etdi.
Premýer-ministr Ukraina Türkmenistan bilen doly möçberli hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini nygtamak bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň mart aýyndaky Kiýewe sapary döwletara gatnaşyklarynyň taryhynda möhüm ähmiýetli waka boldy diýip belledi. Nikolaý Azarowyň belleýşi ýaly, ukrainler doganlyk türkmen halkynyň üstünliklerini ruhubelentlik bilen synlaýarlar hem-de türkmen döwletiniň Lideriniň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan öňdebaryjy özgertmeler ýolunda onuň gazanýan üstünliklerine tüýs ýürekden begenýärler.
Milletiň Lideri belent mertebeli myhmany mübärekläp, dostlukly döwletiň baştutanyna we halkyna iň gowy arzuwlaryny ýetirmek bilen türkmen tarapynyň ikitaraplaýyn görnüşde hem, köptaraplaýyn görnüşde hem, şol sanda GDA-nyň çäklerinde soňky ýyllarda ýola goýlan oňyn döwletara gatnaşyklaryny gyşarnyksyz çuňlaşdyrmagy hem-de giňeltmegi türkmen tarapynyň berk maksat edinýändigini tassyklady.
Döwlet Baştutany Türkmenistany Ukraina bilen dürli ugurlar boýunça we däp bolan köpýyllyk hyzmatdaşlyk baglanyşdyrýar diýip belläp, häzirki wagtda bu hyzmatdaşlygyň täze derejä gadam basandygyny, kanagatlanma bilen nygtady. Şu ýylyň martynda Kiýewe bolan döwlet saparynyň jemleri munuň subutnamasy bolup durýar, şol saparyň çäklerinde syýasy, ykdysady we medeni ulgamlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gönükdirilen ylalaşyklaryň uly toparyna gol çekildi.
Gyzyklanyp pikir alyşmagyň barşynda döwlet Baştutany we myhman iki tarapyň hem bähbitlerini nazara almak bilen ýola goýulýan özara peýdaly hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Ýangyç-energetika toplumy we ulag-aragatnaşyk pudagy ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi, şonda Türkmenistana möhüm halkara başlangyçlarynyň birnäçesi degişlidir.
Nikolaý Azarow şunuň bilen baglylykda, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň agzalary bolup durýan ýurtlaryň özara gatnaşyklaryna aýratyn ähmiýet berilýändigini belläp, şu ýyl GDA başlyklyk etmegiň çäklerinde, hususan-da, energetika howpsuzlygyny üpjün etmek, ekologiýa, sebitiň ähli ýurtlarynyň we halklarynyň bähbitleri üçin ulag pudagyny ösdürmek babatda Türkmenistan tarapyndan bellenilen çäreleriň möhümdigini we öz wagtyndadygyny nygtady.
Duşuşygyň ahyrynda iki tarapyň pikiri boýunça ägirt uly kuwwata eýe bolan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljegine oňyn baha berip,
hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Ukrainanyň Premýer-ministri Nikolaý Azarow iki dostlukly döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de täze anyk mazmuna eýe bolmak bilen pugtalandyryljakdygyna hem-de giňeldiljekdigine ynam bildirdiler.