Ï Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň Premýer-ministriniň birinji orunbasaryny kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň Premýer-ministriniň birinji orunbasaryny kabul etdi

view-icon 575
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň hökümet baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Özbegistan Respublikasynyň Premýer-äministriniň birinji orunbasary Rustam Azimowy kabul etdi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Islam Karimowyň aýdan mähirli sözlerini ýetirdi we onuň milli Liderimize hem-de tutuş türkmen halkyna iberen hoşniýetli arzuwlaryny aýtdy. Rustam Azimowyň belleýşi ýaly, Özbegistanda doganlyk Türkmenistan bilen ýola goýulýan dostluk we netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna uly ähmiýet berilýär hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň durmuşa geçirýän syýasatyna, milli Liderimiziň sebitde we tutuş dünýäde parahatçylyk, durnuklylyk hem-de abadançylyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen möhüm halkara başlangyçlaryna ýokary baha berilýär we olar goldanylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli arzuwlary üçin minnetldarlyk bildirip, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Islam Karimowa ýakymly sözleri aýtdy we Türkmenistanyň Özbegistan bilen däp bolan dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklara ygrarlydygyny belledi hem-de türkmenleri bu duldegşir goňşy halk bilen asyrlarboýy taryhy –medeni gatnaşyklar we bitewi ruhy gymmatlyklar baglanyşdyrýar diýip nygtady.

Birek-birege ynanyşmak we düşünişmek ýagdaýynda geçen gürrüňdeşligiň barşynda hormatly Prezidentimiz we myhman GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň gün tertibine girizilen meseleler, şeýle hem ähli ugurlar boýunça ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikler bolan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary hakynda pikir alyşdylar.

Söhbetdeşler soňky ýyllarda türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň ýokary derejä çykandygyny kanagatlanma bilen belläp, hyzmatdaşlygyň dürli ugurlarynyň mundan beýläk-de giňeldilmegi hakynda aýtdylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşyklarynyň çäklerindäki özara gatnaşyklara gyzyklanma bildirýändigini belläp, ikitaraplaýyn bolşy ýaly, köptaraplaýyn görnüşde ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça deňhukukly we ynanyşmak esasynda alnyp barylýan gatnaşyklaryň ilerlemegine hemme taraplaýyn ýardam berýändigini belledi we häzirki tapgyrda GDA-nyň ähli mümkinçilikleriniň birnäçe ugurlar boýunça üstünlikli durmuşa geçiriljekdigine ynam bildirdi.

Şeýle hem söhbetdeşler halkara guramalarynyň, şol sanda BMG-niň çäklerinde ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň dürli ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar, Hususan-da, Türkmenistanyň energetika howpsuzlygy, ulag we daşky gurşaw ugurlaryndaky halkara başlangyçlary gürrüňdeşligiň esasyny düzdi.

Milli Liderimiz we myhman Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk däplerine, birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk esaslaryna daýanmak we ikitaraplaýyn gyzyklanmalary hasaba almak bilen, iki halklaryň abadançylygynyň hatyrasyna ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.