Ï Türkmenistanyň Prezidenti Moldowa Respublikasynyň Premýer-ministrini kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Moldowa Respublikasynyň Premýer-ministrini kabul etdi

view-icon 582
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna gelen Moldowa Respublikasynyň Premýer-ministri Wladimir Filaty kabul etdi.

Belent mertebeli myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin milli Liderimize hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimize Moldowa Respublikasynyň Prezidenti Nikolae Timoftiniň mähirli salamany ýetirdi hem-de gün tertibine GDA-nyň giňişligindäki hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri girizilen Aşgabatdaky duşuşygyň ýokary derejede guralandygy üçin döwlet Baştutanymyza ýene bir ýola sag bolsun aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly döwletiň Hökümetiniň baştutanyny mübärekläp, özüniň moldowaly kärdeşine abadançylyk we rowaçlyk baradaky hoşniýetli sözlerini aýtdy we oňa uly üstünlikler arzuw etdi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Arkalaşyga agza ýurtlar, şol sanda Modowa bilen deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak we özara peýdaly esasda ýola goýulýan döwletara gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna uly üns berýändigini belledi.

Duşuşygyň barşynda söhbetdeşler özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy, şol sanda söwda-ykdysady pudakdaky gatnaşyklary ösdürmegiň mümkinçiliklerini we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Öz ýurdunyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge ýokary gyzyklanma bildirýändigini bellemek bilen, Wladimir Filat bu ýerde soňky ýyllarda durmuşa geçirilen özgertmelere we ak mermerli türkmen paýtagtynyň gözelligine haýran galýandygyny nygtady.

Şu jähetden taraplar türkmen-moldowa Hökümetara toparynyň döredilmeginiň zerurdygyny, toparyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga has sazlaşykly hem-de işjeň häsiýet berjekdigini bellediler. Munuň Türkmenistanda ýangyç-energetika toplumynda, ulag pudagynda, şeýle hem “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyny ösdürmegiň nobatdaky tapgyrynyň taslamalarynyň durmuşa geçirilmeginde moldowaly hyzmatdaşlaryň gatnaşmagyna degişlidigi aýratyn nygtaldy. Şeýle hem medeni-ynsanperwer we sport hem-de syýahatçylyk ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyk türkmen-moldowa gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary hökmünde görkezildi.

Möhüm sebitleýin meseleler boýunça pikir alyşmalaryň barşynda Moldowa Respublikasynyň Hökümetiniň Baştutany milli Liderimiziň häzirki zamanyň möhüm meseleleriniň çözgüdine gönükdirilen, has takygy, döwlet Baştutanymyzyň energetika howpsuzlygyny üpjün etmek, Ýewraziýa giňişliginde ulag gatnawlarynyň oňaýly derejesini üpjün etmek, şeýle hem daşky gurşaw baradaky halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça öňe sürýän netijeli başlangyçlaryna ýokary baha berdi.

Duşuşygyň ahyrynda ikitaraplaýyn pikire görä, bar bolan özara gatnaşyklaryň geljegine oňyn baha bermek bilen, Türkmenistanyň Prezidenti we Moldowa Respublikasynyň premýer-ministri bu gatnaşyklary döwrüň talabyna we iki dostlukly halklaryň bähbitlerine laýyk gelýän täze derejä çykarmaga taýýardyklaryny tassykladylar.