Şu gün, Türkmenistanda her ýyl giňden bellenilýän Çagalary goramagyň halkara gününde ýurdumyzyň dürli welaýatlarynda durmuş maksatly desgalaryň nobatdaky açylyş dabaralary boldy. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli gurluşyklar milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň tutuş ýurldumyzy durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösdürmek babatda başyny başlan giň möçberli maksatnamalary bilen şertlendirilendir. Milli senenamamyzyň şanly seneleri mynasybetli dürli maksatly desgalary ulanmaga bermek ajaýyp däbe öwrüldi. Munuň özi Türkmenistanyň ägirt uly ykdysady kuwwatyna, “Döwlet adam üçindir!” diýen şygar astynda durmuşymyzyň ähli ulgamlarynda amala aşyrylýan toplumlaýyn özgertmeleriň örän netijelidigine aýdyň şaýatlyk edýär.
Şu gün Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň Döwletli obasynda durmuş maksatly, örän ähmiýetli täze desganyň – 70 orunlyk çagalar bagynyň açylyş dabarasy boldy.
Şu gün çagalar üçin öz gapylaryny giňden açan, gowy enjamlaşdyrylan häzirki zaman mekdep ýaşyna çenli çagalar edarasy obanyň keşbine bezeg berdi, onuň açylyş dabarasy bolsa hakyky ýatdan çykmajak baýramçylyga öwrüldi. Irden çagalar bagynyň binasynyň öňündäki dürli reňkli toý baglary we şarlar bilen bezelen meýdançada ruhubelentlik we şadyýanlyk ýagdaýy höküm sürýär. Aýdym-sazyň owazy belentden ýaňlanýar, körpeler bu ýere gelen myhmanlary goşgy okamak we tans etmek bilen garşylaýarlar. Olaryň arasynda welaýatyň, etrabyň we obanyň dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçiligiň wekilleri, bilim ulgamynyň işgärleri, ýaşulular, ýaşlar we köp sanly oba adamlary bar. Olar üçin şu günki waka aýratyn ähmiýete eýedir.
Dabara gatnaşyjylar özleriniň çykyşlarynda türkmenistanlylaryň ösüp gelýän nesli barada çuňňur alada edýändigi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Olar täze çagalar bagynyň ulanmaga berilmegi milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwletiň durmuş syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň ýene-de bir aýdyň mysalydyr diýip aýratyn nygtadylar.
Täze çagalr bagy häzirki zaman binagärlik bezeginiň ajaýyp nusgasyna öwrüldi. Bu bina gurlanda, milli bezegiň nusgalary, ýokary hilli gurluşyk we timarlaýyş materiallary başarnykly ulanyldy. Bu ýerde ösüp gelýän nesliň sazlaşykly ösmegi, olaryň oňat dynç almagy we boş wagtlaryny gyzykly geçirmegi üçin ähli şertler döredildi. Iki gatly binada dürli ýaş derejesine laýyk gelýän 4 topar üçin jaýlar, okuw otaglary, giň ýatylýan jaýlary amatly ýerleşdirilipdir.
Binanyň birinji gatynda kiçi ýaşly çagalar üçin otaglar, şeýle hem sport we aýdym-saz zallary bar. Ikinji gatda uly ýaşly çagalara niýetlenen otag, lingafon otagy, “Galkynyş” we zähmet okuwy otaglary ýerleşýär.
Şeýle hem oňat enjamlaşdyrylan oýun we kompýuter otaglary bar. Täze binada naharhana, kömekçi jaýlar, şol sanda binanyň durmuş üpjünçiligi ulgamlary bar. Çagalar bagyna ýanaşyk ýerler bagy-bossanlyga öwrülipdir we abadanlaşdyrylypdyr. Şol ýerde hiňňillikli we depejikli oýun meýdançalary, üsti açyk suwa düşülýän howuz ýerleşýär.
Täze bina "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyny" durmuşa geçirmegiň çäklerinde hususy gurluşyk kärhanasynyň – “Türkmensenet” hojalyk birleşiginiň güýji bilen guruldy.
Dabaranyň çäklerinde “Türkmensenet” hojalyk birleşiginiň has tapawutlanan gurluşykçylaryna gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Ýeri gelende aýtsak, bu kärhana eýýäm Ahal welaýatynyň häkimliginiň buýurmasy boýunça birnäçe taslamany amala aşyrdy.
* * *
Şu gün Mary welaýatynyň merkezinde – Mary şäherinde täze çagalar bagynyň açylyş dabarasy boldy. Körpeleriň 160-sy üçin niýetlenen bu dörebap çagalar bagy ýurdumyzyň welaýatlaryny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynyň çäklerinde “Galkan” atly hususy kärhanynyň gurluşykçylary tarapyndan guruldy.
Irden başlap baýramçylyga mahsus görnuşde bezelen, abadanlaşdyrylan we bagy-bossanlyga bürenen çagalar şäherjiginiň çäklerinde dabaraly ýagdaý höküm sürdi. Dabara gatnaşýan köpsanly adamlary we myhmanlary, şäheriň bu gür ilatly we täze binanyň gurlan ýerindäki ýaşaýjylaryň öňünde tansçylar, aýdymçylar we sazandalar çykyş etdiler,çagalar goşgy okadylar we aýdym aýtdylar.
Ýaş nesli täze çagalar bagynyň açylmagy we şu baýramçylyk bilen gutlamak üçin welaýat we şäher häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ýaşulular we ýaşlar geldiler. Dabarada çykyş edenler Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa ýaş nesliň hemmetaraplaýyn we sazlaşykly ösdürilmegi, täze has döwrebap enjamlar we multimediýa tehnologiýalary bilen üpjün edilen okuw mekdepleriniň, şol sanda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň gurulmagy baradaky aladany döwletiň ileri tutýan wezipeleriniň hataryna goşandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Täze çagalar bagy häzirki döwre mahsus bolan özboluşly binagärlik usulynda hem-de innowasion timarlaýyş materiallaryny we tehnologiýalary ulanmak arkaly guruldy, çagalaryň belli-belli ýaşdaky toparlary üçin niýetlenip, oýun oýnalýan zallar, ýatakhanalar, amaly sapaklary geçmek üçin otaglar göz öňünde tutuldy. Bu binany ýanynda oýun oýnalýan meýdançalar gurnaldy. Şol ýerde ertekilerdäki “gahrymanlaryň” keşplerinden ybarat bolan binagärlik kompozisiýalary çagalaryň ünsüni çekýär. Özbaşdak işleýän ýyladyşhana täze binanyny gyzgyn suw we ýylylyk bilen ygtybarly ýagdaýda üpjün eder.
Dabaranyň barşynda “Galkan” hususy kärhanasynyň has tapawutlanan gurluşykçylaryna gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Bu kärhana geçen ýylda Sakarçäge etrabynyň “Gyzylgum” daýhan birleşiginde şunuň ýaly çagalar bagyny gurmak arkaly, tejribeli we jogapkärçiligini duýýan potratçy hökmünde özüni tanatdy.
Ahal we Mary welaýatlarynda çagalar baglarynyň täze binalaryny ulanmaga bermek dabaralary tamamlanandan soň, şanly wakanyň hormatyna, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň hatyrasyna we Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş saglygyna toý sadakasy berildi.