Gökderede täze çagalar sagaldyş merkezi açyldy
Şu gün Köpetdagyň etegindäki gözel künjekleriň biri bolan Gökderede täze çagalar sagaldyş merkeziniň açylyş dabarasy boldy. Täze sagaldyş merkezi tomus dynç alyş möwsüminiň başlanýan döwründe ýaş türkmenistanlylara ajaýyp sowgady bolup, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýaş nesiller hakynda edýän ýadawsyz aladasynyň aýdyň netijesine öwrüldi.
“Nesil” atly täze çagalar sagaldyş merkezi dag şemalyna owsun atýan owadan lentalar, baýdajyklar we howa şarlary bilen bezelipdir. Hemme ýerde baýramçylyk dabarasy höküm sürýär. Şu gün irden başlap, ýaşajyk artistler aýdym-sazlar bilen çykyş etdiler, ýurdumyzyň iň gowy çagalar tans toparlary öz ussatlyklaryny görkezdiler. Bu ýere ýurdumyzyň hökümetiniň we milli parlamentiň, ministrlikleriň, pudaklaýyn edaralaryň, jemgyýetçilik guramalaryň ýolbaşçylary, döredijilik toparlarynyň wekilleri, žurnalistler we bu günki dabaranyň sebäpkärleri bolan çagalar ýygnandylar.
Häzirki bagtyýarlyk döwri döwlet Baştutanymyzyň ýaş nesilleriň sagdyn bedenli, ruhubelent we aňly-düşünjeli bolup ýetişmekleri ugrundaky ýadawsyz tagallalarynyň netijesi bolan wakalara beslenýär. Ýurdumyzyň ähli ýerinde giň möçberli gurluşyk işleri alnyp barylýar. Olaryň hatarynda iň häzirki zaman enjamlary, multimediýa we okuw-tehniki serişdeleri bilen üpjün edilen täze çagalar baglary, mekdepler, lukmançylyk edaralary, çagalar üçin ylmy-çeperçilik merkezleri, sport meýdançalary, dynç alyş merkezleri hem bar. Şunuň ýaly möhüm durmuş-medeni ähmiýetli desgalaryň gurluşygy ýurduň ýaş nesilleri hakynda köp taraplaýyn aladany esasy ugur edinýän giň möçberli bilim ulgamyndaky özgertmeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmegini şertlendirýär.
Ýurdumyzyň ýaşajyk raýatlarynyň ähli ugurlar boýunça oňaýly şertler bilen üpjün edilmegi döwlet Baştutanymyzyň durmuşa geçirýän syýasatynyň esasy maksady bolup durýar. Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça häzirki döwürde ýurdumyzda giň möçberli özgertmeler ýaýbaňlandyryldy. Biziň ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasynyň Çaganyň hukugy hakyndaky Konwensiýany tassyklap, öz üstüne alan borçnamalaryna üýtgewsiz eýerýär. Bu ugurda Türkmenistan BMG-niň Çagalar gaznasy bilen üstünlikli hyzmatdaşlyk edýär. Eneligi we çagalygy goramak boýunça birnäçe bilelikdäki taslamalaryň hem-de maksatnamalaryň üstünlikli ýerine ýetirilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.
Bu ýere ýygnananlar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň iberen Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler. Onda döwlet Baştutanymyz biziň ýurdumyzda Çagalary goramagyň halkara güni döwlet derejesinde giňden we dabaraly bellenilýär diýip aýtdy. Bu baýramçylygyň şanyna paýtagytymyz Aşgabatda we ajaýyp Watanymyzyň ähli künjeklerinde milli öwüşgin çaýylan dabaralar ýaýbaňlandyrylar. Olarda aýdym-saz toparlary özleriniň belent heňdäki eserlerini berkarar döwletimiziň häzirki bagtyýarlyk döwründe biziň halkymyzyň gazanýan üstünliklerine we ýeten derejelerine bagyşladylar. Çagalaryň şadyýan gülküleri, olaryň nurana keşpleri hem-de ýakymly owazlary biziň ýüreklerimizi joşdurýar. Bu bolsa bagtyýarlygyň höküm sürýän abadan künjegi bolan biziň ýurdumyzyň beýik sazlaşygyny dünýä äşgär edýär.
“Geljegimiz bolan çagalarymyzy bagtyýar durmuşda ýaşatmak, kämil edep-terbiýe, bilim bermek berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe jemgyýetimizi we döwletmizi ösdürmegiň ýoludyr. Biz bu ugurda merdana halkymyzyň ruhy hem-de ahlak ölçeglerine laýyklykda kemala getiren berk hem-de kämil maşgala gatnaşyklaryny, Watanyny, il-gününi, halkyny ýüregi bilen söýýän, süňňi sagat, ýokary ahlakly nesilleri terbiýelemekdäki milli ýörelgelerini mynasyp dowam etdirýäris” diýlip, döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynda bellenilýär. Bu sözler dabara gatnaşyjylar tarapyndan şowhunly el çappyşmalar bilen garşylandy.
Gökderedäki täze sagaldyş merkeziniň 114 müň inedördül metr meýdany bolup, ol her çalşykda 1000 sany çagany kabul etmäge ukyplydyr. Täze merkez “Türkmengaz” döwlet konserniniň buýurmasy bilen ýerli gurluşykçylarymyz tarapyndan häzirki döwrüň ösen talaplaryna doly laýyk gelýän derejede bina edildi.
Toplumda 10 sany üç gatly bina bolup, olaryň 4-siniň her biri 106 orunlykdyr. Galan 6-sy bolsa 96 orunlyk bolup, olardan başga-da, merkezi bina bar. Onda çagalaryň paýhasly oýunlara güýmenmekleri we döredijilik bilen meşgullanmaklary üçin ähli şertler döredilipdir. Bu ýerdäki okuw otaglary, internet we wideozallar häzirki zaman kompýuter tehnikalary bilen üpjün edilipdir. Bu ýerdäki elektron ensiklopediýalar çagalaryň boş wagtyny peýdaly geçirmekleri we bilimini artdyrmaklary üçin amatly şertleri özünde jemleýär. Şeýle hem merkezde okuw-metodiki otaglar, kitaphana, saz otaglary, el işleriniň we çeper senetkärçiligiň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak üçin döredilen otaglar, şeýle hem sergi zaly we surat almagyň gizlin syrlaryny öwrenmek üçin ýöriteleşdirilen otaglar körpeleriň hyzmatynda. Bu ýerde gurulýan adaty bolmadyk hem-de juda gyzykly çeperçilik sapaklary çagalaryň döredijilik ukyplaryny ösdürmäge we açmaga mümkinçilik berer.
”Nesil” çagalar sagaldyş merkeziniň ak mermere beslenen binalary ertekilerdäki köşkler mysaly dag dereleriniň gözelligi bilen utgaşýar. Bu ýerde jülgäniň ösümlikleri bilen täze oturdylan bag nahallary ajaýyp sazlaşygy emele getirýär. Çagalar sagaldyş merkeziniň çäginden Altyýap çeşmesiniň suwy akyp geçýär. Akaryň üstünden pyýada we ulag köprüleri gurlupdyr. Bu ýerde Çagalaryň oňaýly dynç almaklary hem-de boş wagtlaryny gyzykly geçirmekleri üçin ýörite yşklar bilen bezelen telärler bar. Merkezdäki heýkel kompozisiýalary we kiçi binagärlik görnüşleri jülgäniň we Köpetdagyň tebigaty bilen utgaşyklylykda sazlaşýar. Şeýle hem merkezde iki ýüzüş howzy, akwopark, amfiteatr, futbol, basketbol ýaly oýunlar üçin sport meýdançalary bar.
Merkezde dürli medeni çäreleri, aýdym-sazly bäsleşikleri, dabaraly festiwallary, sport bäsleşiklerini yzygiderli geçirmek asylly däbe öwrüler. Olarda ýurdumyzyň dürli künjeklerinden gelen köp sanly zehinli çagalar güýç synanyşarlar. Çagalar bu ýerde öz söýgüli hünärini dowam ederler, käbirleri bolsa öz göwnüne ýaran ugry bilen meşgullanar. Bu bolsa olar üçin peýdaly hem-de gyzykly bolar. Bu ýerde döredilen şertler çagalaryň sport bilen meşgullanmaklaryna, şadyýan bäsleşiklere gatnaşmaga, geçirilýän çylşyrymly bäsleşiklerde öz dünýägaraýyşlaryny hem-de döredijilik ukyplaryny giňeltmäge itergi berer. Bir söz bilen aýdylanda, bu künjek bagtyýar çagalygyň ajaýyp dünýäsine öwrüler. Bu ýerde ene-atalaryň öz çagalary bilen duşuşmaklary üçin hem ähli zerur şertleriň döredilendigini bellemeli. Merkezde maşgala bolup dynç alýanlar üçin bina edilen 84 orunlyk üç gatly myhmanhana, tennis kortlary, Altyýap derýajygynyň üstünden gurlan haşamly köprüjikler we dag eteginde gezelenç etmek üçin guralan ýodalar tebigy gözellik bilen sazlaşygy emele getirýär.
Şeýle hem merkeziň çäginde birnäçe ugurdaş desgalar bina edilipdir. Işgärler üçin kottej jaýlary, lukmançylyk merkezi we 1000 orunlyk naharhana hem-de toplumyň durmuş üpjünçiligi ulgamynyň binasy bar. Çagalar sagaldyş merkeziniň ulag duraglasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň merkeziň açylyş dabarasy mynasybetli sowgat beren oňaýly awtobusynyň bardygyny hem bellemeli.
Türkmen topragynyň dag ösümlikleriniň we tämiz howanyň utgaşmagyndan doly derejeli dynç alyş hem-de saglygyňy berkitmek üçin amatly howa ýagdaýyny emele getirýän bu ajaýyp künjeginde çagalar sagaldyş merkezleriniň sany ýyl-ýyldan artýar. Diňe bir ýurdumyzyň däl, eýsem, bu ýerde geçirilen halkara festiwallaryna we olimpiadalaryna gatnaşan beýleki birnäçe döwletleriň çagalary hem Gökderedäki merkezlerde döredilen şertler bilen tanyşdylar. Diňe bir Gökderede däl, eýsem, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda döwrebap täze sagaldyş merkezleriniň şu ýyl gapylaryny giňden açandyklaryny bellemeli.
Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda häzirki zaman mekdepleri we çagalar baglary bilen bir hatarda çagalar sagaldyş merkezleriniň, dynç alyş öýleriniň gurluşyklary ýokary depginde alnyp barylýar. Ýeri gelende aýtsak, gurulýan mekdepleriň hemmesi iň öňdebaryjy tilsimatlar bilen üpjün edilýär. Häzirki döwürde Türkmenistanyň ähli künjeklerindäki ýaşlar multimediýa we kompýuter tehnikasyna çuňňur aralaşýarlar. Bularyň hemmesi ýaş nesillerimiziň dünýä derejesinde bilim almagyna, öz dünýägaraýşyny giňeltmegine, ylmyň täze gazananlary bilen işjeň tanyşmagyna gönükdirilendir. Mundan başga-da, tutuş ýurdumyzda “Ene mähri” enäniň we çaganyň saglygyny goraýan lukmançylyk merkezleri, sport toplumlary, stadionlar, medeniýet merkezleri guruldy we gurluşygy dowam edýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan ýadawsyz tagallasy çagalaryň abadan we mynasyp durmuş derejesini üpjün etmäge, ýaş nesilleriň zehin mümkinçiligini doly derejede durmuşa geçirmekleri üçin ähli zerur şertleri döretmäge gönükdirilendir. Munuň özi döwlet Baştutanymyzyň mähriban Watanymyzyň mundan beýläk-de rowaçlanmagy, ýurdumyzyň bagtyýar geljegi ugrunda edýän aladasynyň bir ülşüdir.
Häzirki döwrüň talaplaryna doly laýyk gelýän derejede guralýan çagalar sagaldyş merkezleri çagalaryň sazlaşykly ösmeginde, ýaşajyk körpeleriň şahsyýet hökmünde kemala gelmeginde möhüm orny eýeleýärler. Tomusky dynç alyş möwsüminiň çagalaryň hakydasynda nurana, ýatdan çykmajak waka we hakyky baýramçylyk hökmünde saklanjakdygy gürrüňsizdir.