Ï Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi

view-icon 535
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi. Mejlis Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Baş raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirliginiň binasynda geçirildi.

Nobatdaky mejlisiň çäklerinde şu ýylyň ilkinji bäş aýynda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň alyp baran işleriniň jemlerine, şeýle hem maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak bilen bagly meseleleriň birnäçesine garaldy.

Mejlisiň barşynda milletiň Lideri Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň hasabatlaryny diňledi. Olar özlerine ynanylan iş ýerinde işleriň ýagdaýy we döwlet Baştutanynyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdiler.

Ilki bilen Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, milli howpsuzlyk ministri Ý.Berdiýewe söz berildi. Ol hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan giň gerimli harby özgertmelerini ilerletmegiň barşy, şeýle hem häzirki zaman türkmen jemgyýetinde durmuş-jemgyýetçilik durnuklylygyny üpjün etmek maksady bilen Milli howpsuzlyk ministrligi tarapyndan görülýän anyk çäreler hakynda habar berdi. Döwlet Baştutanynyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat bermek bilen, ministr ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da döwrebaplaşdyrmak we olaryň düzümini kämilleşdirmek boýunça geçirilýän işler hakynda hem aýtdy.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, özygtyýarly Türkmenistan dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen hem-de häzirki zamanyň şertlerinde sebitde parahatçylygy we durnuklylygy saklamagyň möhüm şerti bolup durýan bitaraplyk derejesine hemişe ygrarly boljakdygyny, hut şu nukdaýnazardan biziň daşary syýasy starategiýamyz dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we ählumymy bähbitlere laýyk gelýän giň halkara hyzmatdaşlygyna daýanýandygyny aýtdy. Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň alyp barýan işleri hem hut şol maksatlara gulluk edýär, bu edaranyň üstüne ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň, mähriban halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagynyň hökmany şerti bolup durýan oňaýly jemgyýetçilik syýasy ýagdaýy üpjün etmäge takyk gözegçilik etmek wezipesi ýüklenendir.

Soňra çykyş eden Döwlet serhet gullugynyň başlygy M.Yslamow şu ýylyň bäş aýynda özüniň ýolbaşçylyk edýän düzüminiň işleriniň jemleri hem-de eziz Watanymyzyň serhetlerini ygtybarly goramak boýunça geçirilýän çäreler hakynda hasabat berdi.

Milletiň Lideri Serhet gullugynyň üstüne ýüklenen wezipäniň möhümdigi barada aýtmak bilen, türkmen serhetçileri Watanymyzyň we halkymyzyň öňünde öz mukaddes borçlaryny ýerine ýetirmek bilen dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk serhedi diýlip ykrar edilen biziň Döwlet serhedimizde asudalygy we durnuklylygy üpjün etmekde ygtyarly galkan bolmaga hemişe taýýar bolmalydyrlar diýip belledi.

Goranmak ministri B.Gündogdyýew möhüm ugurlaryň birnäçesini, ilkinji nobatda ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagyny we kämilleşdirilmegini öz içine alýan harby özgertmäni amala aşyrmagyň barşy, hünärli harby işgärleri taýýarlamak, şeýle hem harby gullukçylar üçin durmuş we gulluk şertlerini döretmek boýunça alnyp barylýan işler hakynda habar berdi.

Milli goşunymyzy hemmetaraplaýyn berkitmegiň, ony häzirki zaman harby tehnikasy bilen üpjün etmegiň zerurdygy barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýaş harbylary taýýarlamak, olaryň watançylyk terbiýesini ýokarlandyrmak ýaly möhüm meselelere ünsi çekdi.

Soňra şu ýylyň başyndan bäri geçen döwürde prokuratura edaralarynyň alyp baran işleriniň jemleri we döwlet Baştutanynyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada Türkmenistanyň Baş prokurory Ý.Ýazmyradow hasabat berdi.

Döwlet Baştutany prokuratura edaralarynyň işgärleriniň üstüne ýüklenen jogapkärçiligiň ägirt uludygyny belläp, işgärleri seçip almagy ykjam geçirmegi we kanunçylygyň gyşarnyksyz berjaý edilmegine yzygiderli gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Soňra Türkmenistanyň Neşelere garşy göreşmek baradaky döwlet gullugynyň başlygy A.Garaýew çykyş etdi. Ol neşe serişdelerini sarp etmegiň we olaryň bikanun dolanyşygynyň öňüni almak maksady bilen özüniň ýolbaşçylyk edýän düzümi tarapyndan görülýän çäreler, şeýle hem bu babatda halkara guramalary bilen özara peýdaly gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegi hakynda hasabat berdi. Biziň ýurdumyz olar bilen häzirki döwrüň ählumumy howplaryna we wehimlerine garşy durmak boýunça tagallalary birleşdirmek meselelerinde hyzmatdaşlygy ösdürýär.

Gullugyň hukuk goraýjy edaralary, bilim we saglygy goraýyş edaralary, ýurdumyzyň giň jemgyýetçiligi, şeýle hem abraýly daşary ýurtly guramalary, ozaly bilen Birleşen Milletler Guramasynyň degişli düzümleri bilen ýakyn hyzmatdaşlykda geçirýän çärelerine oňyn baha bermek bilen, milletiň Lideri tutuş adamzada uly howp salýan ýaramaz endikleri ýok etmek boýunça anyk netijeleri diňe tagallalary birleşdirip gazanyp boljakdygyny belledi.

IIM-niň işleriniň jemleri we ýurdumyzda jemgyýetçilik düzgün-tertibini saklamak we kanun bozmalaryň öňüni almak maksady bilen görülýän anyk çäreler hakynda içeri işler ministri I.Mulikow öz çykyşynda hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz döwleti ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli çözülmegine gös-göni täsir edýän ýurdumyzda jemgyýetçilik durnuklylygyny we düzgün-tertibini üpjün etmek işinde Içeri işler ministrliginiň möhüm orun eýeleýändigini belläp, düzgün bozmalaryň öňüni almak boýunça alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolmalydygyny nygtady.

Soňra Ýokary kazyýetiň başlygy A.Hallyýewe söz berildi. Ol kazyýet edaralarynyň hasabat döwri üçin işleriniň jemleri hem-de milli kazyýet ulgamyny has-da kämilleşdirmek maksady bilen görlen anyk çäreler hakynda hasabat berdi.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, döwlet syýasatynyň esasy maksatlaryna gabat gelýän hukuk özgertmeleriniň möhüm ähmiýetini belledi. Adamlaryň bagtyýarlygy we abadançylygy şol syýasatyň ileri tutulýan ugry bolmagynda galýar.

Milletiň Lideriniň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hem-de garamagyndaky edaralaryň işleriniň jemleri hakynda adalat ministri M.Garryýew hasabat berdi.

Milletiň Lideri ministrligiň geçirýän işleriniň möhümdigi barada aýtmak bilen, milli kanunçylyk binýadyny has-da kämilleşdirmegiň, ony halkara hukugynyň kadalaryna hem-de berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň talaplaryna gabat getirmegiň zerurdygyny belledi.

Soňra Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy A.Hojamgulyýewiň ýolbaşçylyk edýän düzüminiň şu ýylyň ýanwar-maý aýlarynda ýerine ýetiren işleri barada hasabaty diňlenildi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gullugyň ýolbaşçylaryna ozal berlen tabşyryklaryň takyk ýerine ýetirilmeginiň, gümrük nokatlarynda işleri kämilleşdirmegiň möhümdigini aýtdy.

Soňra Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy D.Baýramow şu ýylyň başyndan bäri geçirilen işler barada hasabat berdi we döwlet Baştutanynyň garamagyna “Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň işini kämilleşdirmek hakyndaky” Kararyň taslamasyny hödürledi.

Milli Liderimiz degişli resminamany makullap, gullugyň öňünde durýan gaýragoýulmasyz wezipeleri kesgitledi. Olaryň çözgüdi dünýäniň hojalyk gatnaşyklary ulgamynda Türkmenistanyň eýeleýän ornuny has-da giňeltmäge we abraýyny artdyrmaga, dünýäniň ähli halklary we ýurtlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy we dostlukly gatnaşyklary giňeltmäge ýardam etmelidir.

Döwletiň milli bähbitleriniň, türkmen jemgyýetiniň parahatçylygynyň we asudalygynyň goragynda duran harby-hukuk goraýjy edaralarynyň işleriniň jemlerine kanagatlanma bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow biz döwletimiziň parahatsöýüjilige pugta eýerýän syýasatyndan ugur alyp, goranmak häsiýetli Harby doktrinamyza laýyklykda hukuk goraýjy we harby edaralarymyzyň maddy-enjamlaýyn binýadyny hemişe pugtalandyrýarys diýip belledi. Harby gullukçylarymyz we

olaryň maşgala agzalary barada yzygiderli alada edýäris. Olaryň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak, ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, yhlasly zähmet çekip, üstünlik gazanmaklary, döwrebap dynç almaklary üçin ähli mümkinçilikleri döretmek boýunça zerur işleri amala aşyrýarys diýip, milletiň Lideri harby gullukçylarymyz baradaky aladanyň hemişe döwletimiziň üns merkezinde boljakdygyny aýratyn nygtady.

Howpsuzlyk geňeşiniň şu günki mejlisini tamamlamak bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow oňa gatnaşyjylaryň hemmesine berk jan saglyk, rowaçlyk, halkymyzyň asuda, bolelin we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri hem-de maşgala abadançylygyny arzuw etdi.