Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistanyň hökümet wekiliýeti Hytaý Halk Respublikasyna ugraýar, şol ýerde HHR-iň Başlygy Hu Szintaonyň çagyrmagy boýunça Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň agzalygy bolup durýan döwletleriň baştutanlarynyň Geňeşiniň 12-nji mejlisine gatnaşar.
Türkmenistanyň Baştutanyna Pekinde açylýan wekilçilikli foruma gatnaşmak baradaky resmi çakylyk hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2011-nji ýylyň noýabrynda Hytaýa bolan döwlet saparynyň barşynda beýan edilipdi. Şondan soňra dostlukly ýurduň baştutany türkmen Lideriniň adyna ýörite hat iberip, özüniň çakylygyny ýene bir gezek tassyklady. Şol hatda Hytaýyň baştutany 6-7-nji iýunda Hytaýyň paýtagtynda geçiriljek duşuşygyň uly taryhy ähmiýetli möhüm maslahat görnüşinde boljakdygyny, duşuşygyň barşynda guramanyň agzalyr bolan ýurtlaryň, şeýle hem olaryň sebitdäki hyzmatdaşlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň täze ugurlarynyň işlenip taýýarlanyljakdygyny nazara almak bilen, häzirki zamanyň howplaryna we wehimlerine garşy bilelikde göreşmegiň ýollarynyň kesgitleniljekdigini, şeýle hem häzirki taryhy şertlerde emele gelen oňyn döwletara gatnaşyklaryny guramaga täze çemeleşmeleriň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny nygtady.
Garaşylyşy ýaly, bu abraýly sebit guramasynyň agzalaryndan- Hytaý Halk Respublikasyndan, Russiýa Federasiýasyndan, Gyrgyz Respublikasyndan, Gazagystan Respublikasyndan, Özbegistan Respublikasyndan we Täjigistan Respublikasyndan başga-da, bu mejlise ŞHG-niň synçy döwletlerinden Pakistan Yslam Respublikasynyň, Mongoliýanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentleri, şeýle hem Hindistan Respublikasynyň daşary işler ministri gatnaşar.
Mälim bolşy ýaly, iri halkara we sebitleýin düzümler bilen hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmek häzirki wagtda abraýly halkara guramalarynyň 40-dan gowragyny doly hukukly agzasy bolan Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolupdy we şeýle bolmagynda galýar. Biziň döwletimiz dünýäniň syýasy we ykdysady giňişligine üstünlikli goşulyşmaga uly gyzyklanma bildirmek bilen, agzasy bolup durmaýan ýokary derejedäki aýry-aýry halkara guramalarynyň mejlislerine hem işjeň gatnaşýar.
Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasy olaryň arasynda aýratyn orun eýeleýär. Bu guramanyň esasy wezipeleriniň biri hem ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça tagallalary birleşdirmekden, ykdysady hyzmatdaşlygy, giň ylmy we medeni gatnaşyklary ösdürmekden ybaratdyr. Bu wezipeler Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlaryna laýyk gelýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň özara gyzyklanma bildirilýän meseleler boýunça halkara, hususan-da, sebitleýin gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini aýdyp, hökümetiň golaýda bolan mejlisinde türkmen tarapynyň ýokary derejedäki şeýle duşuşyklara yzygiderli gatnaşmagynyň Türkmenistanyň iri halkara guramalary, şeýle hem olara gatnaşýan aýry-aýry döwletler bilen oňyn gatnaşyklaryny giňeltmäge hyzmat edýändigini belledi.
Bu ýerde gürrüň, ilkinji nobatda, häzirki wagtda Türkmenistanyň strategiki hyzmatdaşy hökmünde çykyş edýän Hytaý bilen hyzmatdaşlyk barada barýar. Biziň ýurdumyzy Hytaý bilen diňe bir gadymy kökleri Beýik Ýüpek ýoly döwrüne uzalyp gidýän köp asyrlyk dostluk gatnaşyklary däl, eýsem yzygiderli durmuşa geçirilýän milli we sebit ähmiýetli ägirt uly bilelikdäki taslamalar baglanyşdyrýar.
Köpýyllyk bilelikdäki netijeli işiň tejribesiniň esasynda üstünlikli ösdürilýän türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy milli ykdysadyýetleriň ägirt uly kuwwatynyň iki dostlukly ýurda köp ugurlarda, şol sanda söwda-ykdysady, ulag, aragatnaşyk ulgamlarynda, dokma, himiýa senagatynda, gurluşykda gatnaşyklary ösdürmäge mümkinçilik berýändigini görkezdi. Gumanitar ulgam hem döwletara gatnaşyklaryň möhüm ugry hökmünde ykrar edildi. Şunuň bilen baglylykda, soňky ýyllarda bilim, ylym we medeniýet ulgamlarynda ysnyşykly gatnaşyklar ýola goýuldy.
Garaşylyşy ýaly, Pekine saparyň barşynda ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirmek hem meýilleşdirilýär. Olarda Türkmenistanyň we Hytaýyň liderleri iki doganlyk halkyň abadançylygynyň bähbidine däbe öwrülen gatnaşyklaryň we netijeli hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we olary mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşarlar.