Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Halk-azat ediş goşunynyň baş ştabynyň başlygy Çen Bindeniň ýolbaşçylygynda türkmen paýtagtyna gelen hytaý wekiliýetiniň wekillerini kabul etdi.
Jenap Çen Binde duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin döwlet Baştutanyna hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa we ähli türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny ýollan HHR-iň Başlygy Hu Szintaonyň mähirli gutlag sözlerini ýetirdi. Bellenip geçilişi ýaly, Hytaýda giň halkara hyzmatdaşlygyny maksat edinýän oňyn daşary syýasat strategiýasyny ýöredýän türkmen döwleti bilen köptaraply hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär.
Milletiň Lideri myhmanlary mähirli mübärekläp, öz nobatynda Hytaýyň ýokary ýolbaşçylaryna parahatçylyk we abadançylyk baradaky arzuwlaryny aýtmak bilen, häzirki wagtda öz köklerini Beýik Ýüpek ýolundan alyp gaýdýan, däp bolan dostlukly türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň täze mazmuna we oňyn depgine eýe bolmak bilen üstünlikli ösdürilýändigini nygtady. Yzygiderli durmuşa geçirilýän ägirt uly bilelikdäki taslamalar munuň subutnamasydyr.
Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti we myhman döwletara gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna köp babatda iki dostlukly ýurduň ählumumy durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, häzirki döwrüň ählumumy howplaryna we wehimlerine garşy durmak boýunça möhüm wezipeleri çözmekde netijeli gatnaşyklara çemeleşmeleriň gabat gelýändigi ýardam edýär diýip kanagatlanmak bilen bellediler.
Hytaý wekiliýetiniň baştutanynyň nygtaýşy ýaly, özara peýdaly, deňhukukly hem-de uzakmöhletleýin häsiýetdäki ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň iki halkyň abadançylygyna ýardam etmek bilen bir hatarda, Merkezi Aziýa we Aziýa – Ýuwaş umman sebitleriniň ýurtlarynyň durnukly ösüşi üçin hem möhüm ähmiýeti bardyr. Bu babatda Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesiniň aýratyn orny we türkmen Lideri tarapyndan öňe sürülýän döredijilikli başlangyçlaryň möhümdigi bellenip geçildi.
Biziň Bitarap döwletimiziň aýratyn goranyş häsiýetli Harby doktrinasyndan ugur almak bilen we Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň maddy –enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak bilen baglylykda duşuşygyň barşynda harby gullukçylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak hem-de harby we hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleriniň tejribe alyşmagy babatda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Milletiň Lideri gyzyklanýan taraplaryň ählisi, şol sanda Hytaý Halk Respublikasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmek ugruna türkmen döwletiniň ygrarlydygyny tassyklap, Bitarap Türkmenistanyň geljekde-de durnukly sebitleýin we global ösüşe, ählumumy abadançylygyň hatyrasyna halkara hyzmatdaşlygynyň netijeli görnüşlerini we usullaryny kemala getirmäge doly derejede ýardam etjekdigini aýtdy.
Duşuşygyň ahyrynda myhmanlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa geçirilen düýpli söhbetdeşlik üçin hoşallyk bildirip, iki dostlukly ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň yzygiderli ýagdaýda täze mazmuna eýe bolmak bilen, geljekde-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.