Ï Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary başlandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary başlandy

view-icon 675
Şu gün irden Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň agzalary bolup durýan döwletleriň baştutanlarynyň Geňeşiniň 12-nji mejlisne hormatly myhman hökmünde gatnaşmak üçin Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary bilen ugrady. Aşgabadyň halkara howa menzilinde döwlet Baştutanyny ýurdumyzyň Mejlisiniň başlygy, hökümetiň agzalary, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary ugratdylar.

Mälim bolşy ýaly, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlyk etmeginde parahatçylygy, howpsuzlygy, durnuklylygy pugtalandyrmak, ykdysady we durmuş taýdan yzygiderli ýagdaýda ösüş gazanmak ugrunda ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn görnüşde, şol sanda esasy halkara we sebitlerdäki guramalaryň çäklerinde dünýäniň ähli ýurtlary bilen giň we netijeli hyzmatdaşlyga esaslanýan strategiýany işjeň ýagdaýda amala aşyrýar.

Söwda-ykdysady, energetika, ulag-kommunikasion we gumanitar ulgamlar özara bähbitlilige we oýlanyşykly işlenmegine esaslanýan ýörelgelere görä guralýan daşary syýasy ugruň esasy jähetleri boldy we şeýle bolmagynda galýar, soňky ýyllarda şu ulgamlarda Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň agzalary bolup durýan döwletler bilen hem bilelikde üstünlikli işlemek arkaly baý tejribe toplandy.

Ýeri gelende aýtsak, türkmen döwletiniň Baştutany hormatly myhman hökmünde Şanhaý hyzmatdaşyk guramasynyň, hususan-da, 2007-nji ýylda Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkekde we 2010-njy ýylda Özbegistan Respublikasynyň paýtagty Daşkentde geçirilen sammitlerine gatnaşdy. Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň agzalary bolup durýan döwletleriň Baştutanlarynyň şu gezekki duşuşygy 2011-2012-nji ýyllarda Hytaý Halk Respublikasynyň şu guramada başlyklyk etmegi bilen baglylykda, Hytaýyň paýtagtynda geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň agzalary bolup durýan döwletleriň baştutanlarynyň şu gezekki 12-nji mejlisine gatnaşmagy türkmen döwletiniň parahatçylyk dörediji ugra ygrarlydygyny hem-de ýurdumyzyň dünýä derejesindäki at-abraýynyň barha artýandygyny aýdyň görkezýän nobatdaky subutnama öwrüldi, bu mejlisde şu guramanyň işiniň ileri tutulýan we esasy ugurlary kesgitlener, şeýle hem halkara syýasatyna degişli has möhüm ähmiýetli meselelere garalar.

Köp sagatlyk uçuşy amala aşyryp, Prezidentiň uçary Pekiniň Halkara aeroportunda gondy, bu ýerdäki flagştoklarda Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň döwlet baýdaklary ýokary galdyryldy.

Howa menzilinde Türkmenistanyň Baştutanyny kabul edýän tarapyň adyndan we tabşyrygy boýunça Hytaý Halk Respublikasynyň resmi adamlary garşyladylar. Şu ýerde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar. Türkmen döwletiniň Baştutanyna gül desseleri gowşuryldy.

Türkmenistanyň Prezidenti ýygnananlar bilen mähirli görşüp, haly düşelen ýoda bilen ýöreýär, bu ýerde hormat garawuly nyzama düzülipdip, hormatly Prezidentimiz awtoulaga münýär. Howa menzilinden türkmen Lideri Pekiniň günbatar bölegindäki gözel künjekde ýerleşýän “Dýaoýuýtaý” döwlet kabulhanasyna tarap ugraýar.

Ertir Türkmenistanyň Baştutanynyň Hytaýa iş saparynyň çäklerinde Halk ýygnaklarynyň geçirilýän öýünde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Hu Szintaonyň duşuşygy geçiriler. Göz öňünde tutulmagyna görä, gepleşikleriň barşynda dostlukly iki ýurduň Liderleri döwletara gatnaşyklarynyň dürli jähetlerini, söwda-ykdysady we medeni-gumanitar gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşarlar hem-de dünýä derejesindäki syýasatyň derwaýys meseleleri, häzirki döwürde parahaçylygy, durnuklylygy we ählumumy howpsuzlygy pugtalandyrmak boýunça global meseleler barada pikir alşarlar. Ýokary derejedäki nobatdaky duşuşyk ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň yzygiderli ýagdaýda ösdürilýän döwründe wajyp ähmiýetli tapgyra öwrülip, şol gatnaşyklaryň has sazlaşykly we netijeli häsiýetde bolmagyna ýardam berer.

Türkmen Lideriniň HHR-e iş saparynyň maksatnamasy boýunça döwlet Baştutany Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasynyň (СNPС) merkezi edara binasyna barar, bu korporasiýa ýangyç-energetika toplumynda strategiki ähmiýetli türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy boýunça öňden bäri has uly hyzmatdaş diýlip hasaplanýar. Şu ýerde “Türkmengaz” Döwlet konserniniň we Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasynyň arasynda Çarçuwaly ylalaşyga gol çekmek dabarasynyň geçirilmegine garaşylýar.

Umuman alanyňda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu sapary Türkmenistanyň we Hytaýyň birek-birege strategiki ähmiýetli hem-de dostlukly iki döwletiň Beýik Ýüpek ýolunyň döwründen gözbaş alyp gaýdýan köp asyrlyk medeni gatnaşyklara hem-de ykdysady taýdan uly kuwwata esaslanýan köp ugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmegi maksat edinýän hyzmatdaş hökmünde garaýandygyny görkezýän subutnama bolup durýar.

* * *

Şu gün Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň düýn Pekine gelen agzalary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça hytaýly kärdeşleri bilen duşuşyklaryň we gepleşikleriň tapgyryny geçirdiler. Husüsan-da, türkmen hökümetiniň agzalary hem-de birnäçe ministrlikleriň we pudak edaralaryň ýolbaşçylary Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministrliginde, Hytaýyň Bank of Сhina we Bank of Kunlun atly esasy banklarynda, şeýle hem СNPС, Huawei, Lenovo Jum-Şuý kompaniýalarynyň merkezi edara binalarynda kabul edildi.

Duşuşyklaryň barşynda soňky ýyllarda sazlaşykly ösdürilýän we täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýaýn türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-den giňeltmegiň meseleleri boýunça pikir alşyldy. Duşuşyga gatnaşyjylar netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin örän uly mümkinçilikleriň bardygyny kanagatlanma bilen belläp, milli bähbitlere hem-de dostlukly iki döwletiň ösüşinde ileri tutulýan ugurlara laýyk gelýän hyzmatdaşlygyň yzygiderli ýagdaýda giňeldilmelidigini aýtdylar.