Ï Waksina sançmasy – infeksiýalara garşy göreşdir
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Waksina sançmasy – infeksiýalara garşy göreşdir

view-icon 1427
Waksinalary sançmak – infeksiýa keselleriniň üstünlikli öňüniň alynmagynyň girewidir. Türkmenistan immunizasiýa etmekde Orta Aziýa ýurtlarynyň arasynda iň ýokary netije gazanýan ýurtlaryň biridir. Hususanda, waksinalaryň kömegi arkaly dolandyrylýan esasy infeksiýalara garşy immunizasiýa etmekde 98-99 göterim boldy. Türkmenistan ýeterlik derjede immunizasiýa etmeklige eýe bolmak bilen, deňlik we dogruçyllyk esasynda saglygy gowulandyrmak we saglygy goraýyş ulgamynyň zerurlyklaryny anyk hasaba almak bilen özüniň Milli senenamasyny yzygiderli kämilleşdirýär.

Eger-de öňler tuberkulýoz, bürmek keseli, täjihoraz, gökbogma, gyzamyk ýaly esasy infeksiýalara garşy immunizasiýa geçirilen bolsa, indi ýurtlaryň arasynda medeni, durmuş-ykdysady we beýleki gatnaşyklaryň giňelmegi sebäpli hem-de infeksiýa keselleri boýunça durnuksyz ýagdaýlaryň döremegini nazara almak bilen, dünýäde has täze, kämil we kombinirlenen waksinalar döredilýär. Olar saglygy goraýyş ulgamyny infeksiýalaryň serhet üsti ýaýramagynyň öňüni almaga mümkinçilikleri artdyrýar.

Biziň ýurdumyzda immunizasiýa etmekde hil barlagyndan geçirilen we halkara talaplaryna laýyk gelýän waksina sançmalary ulanylýar. Waksina önümçiliginiň, daşamagyň, saklamagyň we peýdalanmagyň ähli tapgyrlarynda temperatura talaplary we kadalary berjaý edilýär. Bu bolsa waksinalaryň gowy hilli saklanylmagyny üpjün edýär. Immunizasiýa etmek üçin ulanylýan waksinalar ýokary netijelidir we howpsuzdyr. Islendik sanjym keselläniňe garanyňda ýüz esse howpsuzdyr, ol kesellerden goraýr. Sanjymlary geçirmek işlerine ýörite taýýarlyklary geçen lukmanlara rugsat berilýär.

Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi sanitariýa-epidemologiýa gullugynyň maddy-tehniki binýadyny yzygiderli kämilleşdirýär we ýokarlandyrýar. Bütin ýurt boýunça wahsinalary saklamak üçin ýörite ammarlaryň 68-si işleýär.Türkmenistanyň Döwlet sanitariýa-epidemologiýa gullugy halkara talaplaryna laýyk gelýän howpsuz immunoprofilaktiki kömegi bermek maksady bilen, ilkinji zwenonyň işgärleini ýokary derejede taýýarlamak boýunça okuw maslahatlaryny yzygiderli geçirýär.

Türkmenistanda gyzamygyň we gyzylja keseliniň ýok etmek işinde üstünligiň gazanylandygyna Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa gullugynyň ýolbaşçysy Žužanna Ýakobyň iberen haty şaýatlyk edýär. Onda 2008-nji ýyldan bäri Türkmenistanda gyzamyk we gyzylja bilen kesel bir gezek hem hasaba alynmady diýlip aýdylýar. Halkara bilermenleriniň pikirine görä, bu immunizasiýa etmek boýunça milli maksatnamany amala aşyrmakda gazanylan uly üstünlik bolup durýar.

Düşündiriş işlerini geçirmek boýunça uly göwrümli işler alnyp barylýar. Bu çaganyň saglygyny goramak üçin Immunizasiýa etmegiň milli maksatnamasyna laýyklykda sanjym etmekligiň hökmany bolup durýandygyny ýurdyň ilatyna düşüdirmek maksady bilen geçirilýär. Özi hem çagalaryň sanjym etmegiň ähli tapgyrlaryny geçmekleri möhüm ähmiýete eýedir. Eger şeýle edilmese sanjymyň netijeliligi bolmaýar, ýagny çagada infeksiýa kesellerine garşy immunitet döremeýär. Eger-de sanjymlar bellenilen wagtlarynda ýa-da oňa golaý wagtlarda geçirilse has hem netijelidir. Sanjym alan çagalar howply kesellerden goraglydyr. Çagalaryň ählisi şeýle goraga hukuklydyr.