Ï Türkmenistanyň Prezidenti Hytaýyň CNPC nebitgaz korporasiýasynyň baştutanyny kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaýyň CNPC nebitgaz korporasiýasynyň baştutanyny kabul etdi

view-icon 714
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynda iş saparynda bolmagynyň çäklerinde Hytaýyň milli (CNPC) nebitgaz korporasiýasynyň direktorlar Geňeşiniň başlygy jenap Szýan Szemini kabul etdi.

Jenap Szýan Szemin ýüzbe-ýüz duşuşyk üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, türkmen Lideriniň bu gezekki saparynyň we HHR-iň Başlygy Hu Szintao bilen bolan gepleşikleriniň däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklarynyň sazlaşykly ösdürilmegine täze itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Hytaýyň işewür toparlarynyň Türkmenistan bilen ýola goýulýan özara peýdaly gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna bolan uly gyzyklanmasyny belläp, jenap Szýan Szemin CNPC-niň geljegi uly türkmen bazaryndaky ornuny giňeltmäge bolan meýillerini tassyklady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem Türkmenistanyň uzakmöhletleýin strategik hyzmatdaş bolan Hytaý bilen köp ugurly döwletara gatnaşyklaryna üýtgewsiz ygrarlydygyny tassyklap, bu hyzmatdaşlyk diňe bir iki dostlukly ýurduň halklarynyň bähbitlerine laýyk gelmek bilen çäklenmän, eýsem sebitleýin we ählumumy möçberde parahatçylygyň, durnuklylygyň we sazlaşykly ösüşiň pugtalandyrylmagynyň möhüm ugry bolup durýar diýip belledi.

Duşuşygyň barşynda birnäçe iri bilelikdäki taslamalaryň, şol sanda XXI asyryň ägirt uly taslamasy Ýewraziýa yklymynda iň uzyn gaz geçiriji bolan Türkmenistan –Hytaý gaz geçirijisiniň gurluşygy ýaly işlerde oňyn tejribe toplanan ýangyç-energetika pudagyndaky özara peýdaly hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegi hem-de mümkinçiligi hakynda netijeli pikir alyşmalar boldy.

Gadymy döwürde yklymyň halklaryny baglanyşdyran Beýik Ýüpek ýolunyň häzirki günlerde täzeden dikeldilýändigini alamatlandyrýan bu transmilli gaz ugry ykdysady, geosyýasy we durmuş ulgamy, şol sanda ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge degişli meseleleri çözmek nukdaýnazaryndan ägirt uly ähmiýete eýedir.

Şu jähetden “Türkmengaz” döwlet konserni bilen Hytaýyň CNPC milli nebitgaz korporasiýasynyň arasynda Türkmenistandan Hytaýa tebigy gazyň goşmaça möçberlerini ugratmak boýunça hyzmatdaşlyk hakyndaky Çarçuwaly ylalaşyga gol çekilmeginiň wajyp ähmiýete eýedigini bellenildi. Nygtalyşy ýaly, şu resminama laýyklykda, HHR-e her ýylda ugradylýan türkmen tebigy gazynyň möçberi 65 milliard kub metre ýetiriler.

Duşuşygyň barşynda Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa “mawy ýangyjy” çykarmak we türkmen tarapy bilen önümi paýlaşmak hakyndaky ozal baglaşylan Şertnamanyň çäklerinde Amyderýanyň sag kenaryndaky gaz ýataklarynda zerur bolan önümçilik düzümini döretmek boýunça Türkmenistanda alnyp barylýan işler hakynda hasabat berdi.

Hususan-da, CNPC-niň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyza “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn çäkde Türkmenistan –Hytaý gaz geçirijisine “mawy ýangyjyň” goşmaça möçberleriniň ugradylyşyny üpjün etmek maksady bilen, ikinji gazy gaýtadan işleýän zawodyň gurluşygynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy hakynda habar berdi.

Jenap Szýan Szeminiň belleýşi ýaly, bu taslamany durmuşa geçirmek boýunça işler bellenilen meýilnama esasynda alnyp barylýar we gazy gaýtadan işleýän toplumyň ilkinji nobatdaky desgalary öz wagtynda ulanmaga berler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu habary kanagatlanma bilen diňläp, Amyderýanyň kenarynda jemlenen baý uglewodorod serişdelerini doly möçberde özleşdirmegiň derwaýysdygyny belledi we şu jähetden milli ýangyç-energetika toplumynyň ösüşiniň diwersifikasiýa edilmeginiň, türkmen energogöterijileriniň dünýä bazarlaryna çykarylmagynyň, şeýle hem Türkmenistanyň Hytaý bilen gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýändigini nazara almak arkaly däp bolan türkmen-hytaý dostlugynyň dowam etdirilmeginiň hem-de ösdürilmeginiň möhümdigini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň gaz pudagynda öz üstüne alan ähli borçnamalaryna gürrüňsiz ygrarlydygyny tassyklap, HHR-e tebigy gazy ugratmak hakyndaky täze ylalaşygyň üstünlikli ýerine ýetirilmegine ýurduň ägirt uly energetika kuwwatlyklarynyň mümkinçilik berýändigini belledi.

Duşuşygyň ahyrynda jenap Szýan Szimin ýene bir ýola hormatly Prezidentimize hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ýüzbe-ýüz duşuşykda ara alnyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçiliklere tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi we CNPC korporasiýasynyň netijeli özara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda ähli tagallasyny gaýgyrmajakdygyna milli Liderimizi ynandyrdy.