Ï Türkmenistanyň Prezidenti Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

view-icon 655
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde, Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hamid Karzaý bilen duşuşdy. Duşuşyk Türkmenistanyň we Owganystanyň döwlet Baştutanlarynyň hormatly myhmanlary hökmünde gatnaşan Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň sammiti tamamlanandan soň geçirildi.

Iki goňşy ýurduň Baştutanlary birek-birege hoşniýetli arzuwlary aýdyp, türkmen-owgan hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary, şeýle hem özara gyzyklanma döredýän sebitleýin we halkara syýasatynyň derwaýys meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Owganystanyň Baştutany hormatly Prezidentimize dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk syýasaty, parahatçylykly durmuşy gurmakda owgan halkyna berýän netijeli kömegi we goldawy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Şu jähetden owgan lideri Türkmenistanyň Prezidentiniň BMG-niň Baş Assambleýasynyň belent münberinden owgan meseleleriniň oňyn çözgüdini işläp taýýarlamaga degişli öňe süren we Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Pekinde geçirilen şu gezekki Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň sammitinde eden çykyşynda öz beýanyny tapan başlangyçlarynyň uly ähmiýete eýedigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň owgan halkynyň parahatçylyga we abadançylyga bolan meýillerini hemmetaraplaýyn oňlaýandygyny belläp, mundan beýläk-de doganlyk Owganystana ýurduň durmuş-ykdysady düzüminiň dikeldilmegine goldaw berjekdigini tassyklady we biziň ýurdumyzyň owgan meseleleri boýunça halkara tagallalaryna has-da işjeň gatnaşmaga taýýardygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz bu barada aýtmak bilen, Türkmenistanyň goňşy ýurtdaky ýagdaýlaryň diplomatik serişdeler arkaly kadalaşdyrylmagy babatda ähli zerur tagallalary etmäge taýýardygyny belledi.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistan—Owganystan—Pakistan –Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilişi hakynda gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy. Şunlukda, Türkmenistan tarapyndan teklip edilen bu iri taslamanyň durmuşa geçirilmegi diňe bir Owganystanyň durmuş-ykdysady taýdan galkynmagyny ýa-da oňa gatnaşyjy ýurtlaryň abadançylygyny şertlendirmek bilen çäklenmän, eýsem Aziýa sebitinde özara peýdaly hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna hyzmat eder diýlip, duşuşykda bellenildi.

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Hamid Karzaý hoşlaşanlarynda däp bolan dostlukly türkmen-owgan gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna we ähli ugurlar boýunça ösdüriljekdigine ynam bildirdiler hem-de Türkmenistanyň we Owganystanyň halklaryna hoşniýetli arzuwlaryny aýtdylar.