Ï Resmi habarlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Resmi habarlar

view-icon 829
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe dünýä ylmynyň iň täze gazananlaryny durmuşa ornaşdyrmagy çaltlandyrmak, ylmy-tehniki ösüşiň döwlet maksatnamalaryny hemmetaraplaýyn işläp düzmek, olary yzygiderli we netijeli durmuşa geçirmek, ýurdumyzda ylmy-barlag işlerini döwrebaplaşdyrmak hem-de Aşgabat şäheriniň binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasyna Aşgabat şäheriniň 2072-nji (Bekrewe) köçesiniň günorta tarapynda häzirki zaman tehnologiýalary we enjamlary bilen üpjün edilen Tehnologiýalar merkeziniň binasynyň taslamasyny düzmek hem-de ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada “Polimeks Inşaat Taahhüt ve Sanaýi Ticaret A.Ş.” türk kompaniýasy bilen şertnamany baglaşmaga ygtyýar berildi. Işlere 2012-nji ýylyň iýun aýynda başlamak we binany 2014-nji ýylyň iýun aýynda ulanmaga tabşyrmak bellenildi.

* * *

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Watanymyzyň ylmy kuwwatyny has-da artdyrmak, ylmyň iň täze gazananlaryny önümçilige giňden ornaşdyrmak, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” ylmy ösdürmek barada kesgitlenen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin taslamalary we çäreleri durmuşa geçirmek, şeýle hem Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we onuň garamagyndaky ylmy-barlag institutlarynyň, edara-kärhanalaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak, ylmy işgärleri ýokary derejede taýýarlamak boýunça döwlet tarapyndan giňden goldaw bermek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Türkmenistanyň Merkezi bankyna Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasyna Türkmenistanyň döwlet serişdeleriniň hasabyna 10 million amerikan dollary möçberde serişdäni bölüp bermäge ygtyýar berildi.

* * *

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” bellenen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek, milli ykdysadyýetimiziň innowasion ösüşini üpjün etmek we ylmy-döredijilik zähmetini höweslendirmek, ylmy işgärleriň erkin ylmy döredijiliginiň kepilliklerini we durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek, ylmy işiň hilini we ähmiýetini ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda ylmy edaralarda, kärhanalarda, guramalarda we ýokary okuw mekdeplerinde işgärler sanawyna girýän wezipelerde işleýän ylmy işgärleriň, şeýle hem beýleki edaralaryň, kärhanalaryň we guramalaryň işgärleriniň ylmy işi amala aşyran ýagdaýynda, olaryň alymlyk derejeleri we alymlyk atlary üçin aýlyk zähmet hakyna goşmaça tölegleriň möçberleri, şeýle hem Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Türkmenistanda hemişelik ýaşaýan hakyky agzalaryna (akademiklerine) we habarçy agzalaryna, şol sanda akademiki atlary bolan pensionerlere bellenýän aýlyk haklarynyň möçberleri tassyklanyldy.