Ï Türkmenistanyň Prezidenti paýtagtymyzyň täze durmuş maksatly desgalar toplumynyň taslamasy bilen tanyşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti paýtagtymyzyň täze durmuş maksatly desgalar toplumynyň taslamasy bilen tanyşdy

view-icon 681
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda ýaşaýyş jaý toplumyny gurmagyň 12-nji nobatdakysynyň taslamasy bilen tanyşdy. Onda paýtagtymyzda durmuş maksatly täze desgalaryň iri toplumynyň gurulmagy göz öňünde tutulýar.

Ir bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow A.Nyýazow şaýolunyň ugrundaky ýörite bellenilen ýere geldi, şol ýerde gurluşyk ulgamynda biziň ýurdumyzyň hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýan “Renaissance” meşhur türk kompaniýasynyň hünärmenleri tarapyndan taýýarlanylan paýtagtymyzy ösdürmegiň 12-nji nobatdakysynyň taslamasynyň tanyşdyrylyş çäresi guraldy. Paýtagtymyzyň bu künjeginde ýoluň iki tarapynda durmuş maksatly beýleki möhüm desgalary, toplumda täze häzirki zaman belent ýaşaýyş jaýlarynyň birnäçesini gurmak bellendi.

Bu ýerde milletiň Liderini Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň birnäçesiniň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi, şeýle hem “Renaissance” kompaniýasynyň ýolbaşçylary mähirli garşyladylar. Şol ýerde ýörite gurnalan çadyrda ýakyn geljekde şäheriň bu böleginiň nähili keşbe eýe boljakdygy barada aýdyň düşünje almaga mümkinçilik berýän taslamalar bilen planşetler we maketler ýerleşdirilipdir.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýegeleýew Aşgabat şäherinde ýaşaýyş jaý toplumlaryny gurmagyň 12-nji nobatdakysynyň umumy maksatnamasy bilen tanyşdyrdy. Bu tapgyrda gurluşygyň umumy meýdany 420 müň 309 inedördül metre, gurluşyk zolagynyň umumy meýdany bolsa 35,5 gektara barabar bolar. Bu ýerde ähli amatlyklary bolan täze 12 gatly ýaşaýyş jaý toplumy peýda bolar. Şol jaýlar ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň birnäçesiniň buýurmasy boýunça gurlar.

Ýaşaýjylar üçin amatly bolar ýaly her bir öýüň birinji gatynda köp ugurly dükanlar, ýerzemin gatynda bolsa fitnes-zallar, beýleki kömekçi jaýlar ýerleşer. Taslamada şeýle hem ýerasty awtoduralgalar göz öňünde tutulýar, ýanaşyk ýerlerde çagalar we sport meýdançalary, dynç alynýan telärler ýerleşdiriler, köpçülikleýin çäreleri geçirmek üçin bassyrmalar gurlar. Şäheriň şu böleginde şeýle hem her biri 160 orunlyk iki sany çagalar bagy hem-de her biri 600 orunlyk iki sany umumybilim berýän orta mekdep bina ediler. Gurluşygyň 12-nji tapgyrynyň meýilnamasynda Türkmenistanyň Döwlet ösüş bankynyň täze edara binasynyň gurluşygy göz öňünde tutulýar.

Häzirki ýaşaýan ýerleri täze ýaşaýyş jaý toplumynyň çägine düşýän adamlar barada hem içgin alada edilmelidigine ünsi çekip, döwlet Baştutanymyz bu ýerde ýaşaýanlaryň hemmesiniň ähli amatlyklary bolan täze gurulýan ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün edilmelidigini, eger-de oturymly ýurtlaryndan aýrylmak islemeýän käbir adamlar bar bolsa, onda olary gurluşyk tamamlanandan soň şu ýerdäki täze jaýlar bilen üpjün etmek barada degişli ýolbaşçylara berk tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hödürlenen taslamalar bilen jikme-jik tanşyp, bu ýere gelen Mejlisiň, ykdysady we bank ulgamynyň, Daşary işler ministrliginiň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, gurluşyk, dokma we nebitgaz toplumlarynyň, bilim, ylym we saglygy goraýyş, medeniýet ulgamynyň, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň, ulag we aragatnaşyk, söwda we hyzmatlar ulgamlarynyň, oba hojalyk pudagynyň, şeýle hem Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylaryna anyk tabşyryklary berdi.

Hususan-da, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy H.Muhammedowa mekdepleriň we çagalar baglarynyň gurluşygyny berk gözegçilikde saklamak tabşyryldy. Döwlet Baştutanymyz wise-premýer B.Nurmyradowa ýanaşyk ýerleriň çeperçilik bezegi bilen baglanyşykly tabşyryklary berdi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz bu ýerde ýerasty geçelgeleri gurmagyň göz öňünde tutulmalydygyny, munuň esasan hem bu ýerde ýaşaýan çagalaryň mekdebe baryp- gelmegi üçin örän zerurdygyny aýratyn nygtady. Milli Liderimiz taslamalar bilen tanyşlygynyň barşynda ýollary, seýilgähleri we beýleki ýerleri yşyklandyrmakda gün, ýel energiýasyndan peýdalanmagyň ýola goýulmagynyň hem maksadalaýyk boljakdygyny belledi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz bu ýerde guruljak jaýlaryň her bir otagynyň özüne mahsus bezeginiň bolmalydygyny aýtdy. Her bir otag niýetlenilişine görä, özboluşly milli bezegler bilen üpjün edilmelidir. Her bir otag gözel tebigatymyzyň, milli baýlyklarymyzyň suratlary bilen bezelmelidir. Eýýämden maşgalalar her otaga mahsus özboluşly gelşik berjek halylary buýurýarlar. Bu bolsa halyçy gelin-gyzlarymyzyň iş bilen üpjünçiligine oňaýly täsirini ýetirer. Hormatly Prezidentimiz täze guruljak jaýlardaky aşhanalaryň döwrüň iň soňky gazanan tehnologiýalary arkaly döwrebap enjamlar bilen üpjün edilmelidigine aýratyn üns berdi. Her bir otag ýokary hilli hem-de bezeg taýdan nepisligi bilen tapawutlanmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Tanyşdyrylyş dabarasynyň barşynda hormatly Prezidentimiz täze desgalaryň timarlaýyş işlerinde, olaryň daşky we içki bezeglerinde ulanyljak bezeg materiallarynyň, alýuminiden ýasalan bezeg panelleriniň, keramiki plitalaryň we beýlekileriň nusgalaryna üns berdi. Milletiň Lideri olar bilen jikme-jik tanşyp, paýtagtymyzda gurulýan täze binalaryň ählisinde iň ýokary talaplara laýyk gelýän ýokary hilli häzirki zaman materiallarynyň ulanylmalydygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz binalaryň içki we daşky bezeg işleri, milli öwüşginler bilen baglanyşykly meselelere täze döredijilikli çemeleşmeleriň zerurdygyna degişli ýolbaşçylaryň ünsüni çekdi. Milletiň Lideri bu babatda her bir tapgyryň, binanyň her bir künjeginiň bezeginde häzirki zaman ülňüleriniň milli däpler bilen berk sazlaşmalydygyny we olaryň paýtagtymyzyň gün-günden gözelleşýän binagärlik keşbi bilen utgaşmalydygyny nygtady. Binalaryň daşky keşbi hem häzirki zamanyň binagärlik meýilleri milli senetkärçiligiň iň gowy däpleri bilen utgaşyp, her bir binanyň keşbine özboluşly we türkmen topragyna mahsus gaýtalanmajak öwüşgin çaýmalydyr. Bu babatda döwlet Baştutanymyz heýkeltaraşlaryň we suratkeşleriň şu pursatdan başlap, işe girişmeklerini degişli ýolbaşçylara tabşyrdy.

Mälim bolşy ýaly, paýtagtymyzy ösdürmegiň we abadanlaşdyrmagyň, şäher düzümlerini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmagyň meseleleri türkmen döwletiniň Baştutanynyň düýpli üns berýän meselesidir. Innowasion tehnologiýalary, ylmy-tehniki ösüşiň öňdebaryjy gazananlaryny we bu babatda dünýäniň iň oňat tejribesini işjeň ornaşdyrmak milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan hem-de Aşgabatda giň gerimde ýaýbaňlandyrylan uly möçberli şähergurluşyk maksatnamasynyň esasy çelgisi bolup durýar. Şunda häzirki wagtda şol ölçegleriň ýurdumyzyň ähli welaýatlaryny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyna esas edilip alnandygyny aýratyn belläp geçmek gerek. Adamlaryň durmuşynyň ýokary ülňülerini, türkmenistanlylaryň döredijilikli zähmet çekmegi, oňat durmuşy we dynç almagy üçin göwnejaý şertleri üpjün etjek dürli maksatly desgalaryň gurluşygynyň Aşgabatda, şeýle hem Türkmenistanyň ähli şäherlerinde we obalarynda ýaýbaňlandyrylmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti bu ýerde iş maslahatyny geçirdi, şonda ilkinji nobatdaky wezipeleri orta atdy we Aşgabat şäherini ösdürmegiň 12-nji nobatdakysynyň taslamasyny işläp taýýarlamaga hem-de iş ýüzünde durmuşa geçirmäge bildirilýän esasy talaplary belledi.

Adamlaryň durmuşynyň has oňaýly şertlerini üpjün etmek üçin ähli zatlary, şol sanda zerur inžener-tehniki düzümleri we hususan-da, energiýa üpjünçiliginiň ygtybarly ulgamyny, döwrebap hyzmatlar ulgamynyň döredilmegini gazanmak, şeýle hem bellenilen arassaçylyk kadalarynyň gyşarnyksyz berjaý edilişini berk gözegçilikde saklamak zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Mekdepleriň we çagalar baglarynyň gurluşygy Aşgabady ösdürmegiň 12-nji nobatdakysynyň möhüm ugry bolup durýar diýip,döwlet Baştutanymyz belledi. Täze ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy barada aýdylanda bolsa, olaryň birinji gatlarynda azyk önümleriniň we senagat harytlarynyň dükanlaryny, şeýle hem beýleki ýaşaýyş-durmuş maksatly desgalary-restoranlary we kafeleri, çagalar iýmiti taýýarlanylýan aşhanalary, lukmançylyk otaglaryny, gözellik salonlaryny we dellekhanalary, egin-eşikleri himiki usulda arassalaýan nokatlary, durmuşda ulanylýan tehnikalary abatlaýan ussahanalary ýerleşdirmek maksadalaýyk bolar diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Şeýle hem häkimlikleriň we içeri işler edaralary, kepillendiriş edaralary, ýangyna garşy göreş bölümleri we beýlekiler üçin gulluk otaglaryny göz öňünde tutmak möhümdir. Munuň özi ýaşaýjylar üçin amatly şertleri döretmäge, adamlara durmuş meselelerini çözmekde wagtyny tygşytlamaga mümkinçilik berer.

Milletiň Lideri bular barada aýdyp, hyzmatlar ulgamy üçin niýetlenen jaýlaryň gurluşygy tamamlanandan soň, olary telekeçilere bäsleşik arkaly ýerlemek bolar diýip belledi.

Aşgabady ösdürmegiň 12-nji nobatdakysynyň desgalarynyň gurluşygyny amala aşyrmak maksady bilen hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň Merkezi bankynyň başlygy T.Japarowa býujetden maliýeleşdirilýän ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ählisine banklaryň üsti bilen ýeňillikli karzlary bölüp bermegi tabşyrdy. Hojalyk hasaplaşygynda işleýän ministrlikler we pudak edaralary bolsa desgalaryň gurluşygyny öz serişdeleriniň hasabyna amala aşyrmalydyr.

Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýegeleýewe we Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewe ýaşaýyş jaý toplumlaryny abadanlaşdyrmak, olary bagy-bossanlyga öwürmek we bezemek babatda anyk tabşyryklary berdi.

Milletiň Lideri degişli ýolbaşçylaryň ählisine gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini we olaryň öz wagtynda tamamlanmagyny üpjün etmek babatda berk gözegçiligi amala aşyrmagy tabşyrdy. Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz wise-premýer A.Ýegeleýewe ýaşaýyş jaýlarynyň 12-nji tapgyrynyň gurluşygy hakyndaky Karara gol çekmek üçin zerur bolan resminamalaryň ählisini taýýarlamagy we Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hödürlemegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow adamlaryň ýaşaýyş-durmuşy üçin iň amatly şertleri döretmegiň täze taryhy eýýamda ýurdumyzda amala aşyrylýan toplumlaýyn şähergurluşyk maksatnamasynyň esasy şerti bolup durýandygyny ýene-de bir gezek nygtap, tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşýan ýolbaşçylara işlerinde üstünlikler arzuw edip, olar bilen hoşlaşdy we bu ýerden ugrady.