Ï Iş dolandyryş we arhiw işi häzirki zamanyň talaplarynyň derejesine çykarylýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Iş dolandyryş we arhiw işi häzirki zamanyň talaplarynyň derejesine çykarylýar

view-icon 2784
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň hünärmenleri tarapyndan çapa taýýarlanan resminamalary düzmek we olary resmileşdirmek, iş dolandyryşyny guramak hem-de arhiw işini alyp barmak boýunça iki kitap neşir edildi.

Olaryň biri “Türkmenistanyň ministrliklerinde, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, guramalarynda iş dolandyryşy guramak boýunça Düzgünnamadyr”. Onda öňdebaryjy tejribäniň, iş dolandyryşyny guramakda kemala gelen däpleriň we täze gazanylanlaryň, “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň talaplarynyň esasynda işlenip düzülen resminama dolanyşygynyň, resminamalary tertibe salmagyň we saklamagyň düzgünleri hem-de kadalary kesgitlenilýär.

Iş dolandyryşy guramak meseleleri ministrliklerde, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda we guramalarda örän wajyp, zähmeti köp talap edýän we dolandyryş işiniň özboluşly görnüşi bolup durýar. Resminamalary düzmek, ýagny olary taýýarlamak, ylalaşmak we resmileşdirmek işlerini, şeýle hem dolandyryş wagtynda olar bilen işlemegi öz içine almak bilen, iş dolandyryş çözgütler kabul edilende we olaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik amala aşyrylanda, meýilnamalaşdyrmakda, hasaba alyşda we hasabatlylykda, işi guramakda we utgaşdyrmakda, hünärmenler bilen işlemekde, edara ediş-hojalyk taýdan hyzmat etmekde we maddy-enjamlaýyn üpjün etmekde, maliýeleşdermekde we beýlekilerde esasy orun eýeleýär.

Täze neşirde resminamalary döretmegiň aýratynlyklaryndan başlap, olary arhiwe tabşyrmaga çenli ähli meselelere iş dolandyryş tapgyrlarynyň bitewüliginde seredilýär. Resminamalary taýýarlamak, resmileşdirmek, ylalaşmak we dolandyryşyň dowamynda ýerine ýetirilişine gözügçiligi ýola goýmak işleriniň kämilleşdirilmeginiň möhüm ähmiýeti nazara alnyp, onda guramaçylyk-buýruk beriji we maglumat-seljeriji gulluk resminamalarynyň many-mazmunyndan, ýazgysyndan, gurluşyndan we bir nusga getirilişinden edilýän esasy talaplar beýan edilýär. Olaryň ýerine ýetirilmegi iş dolandyryşyny düýpgöter kämilleşdirmäge, berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe dolandyryş işiniň medeni esaslaryny we netijeliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer.

“Türkmenistanyň edaralarynyň, guramalarynyň, kärhanalarynyň arhiwleriniň işiniň Esasy kadalary” atly neşirde pudaklaýyn arhiwleriň işleriniň esasy ugurlary toplumlaýyn açylyp görkezilýär, olara Türkmenistanyň Baş arhiw müdirligi we onuň ýolbaşçylygyndaky arhiw edaralary tarapyndan guramaçylyk-usuly taýdan ýolbaşçylyk we gözegçilik etmegiň has möhüm ugurlary salgy berilýär.

Kadalarda edaralaryň, kärhanalaryň arhiwleriniň meseleleri, wezipeleri, hukuklary anyk kesgitlenilýär, olarda saklanylýan resminamalaryň esasy düzümi beýan edilýär, resminamalary seljermegiň, tertipleşdirmegiň, aýawly saklamagyň, toparlara bölünişine, gaznalandyrylyşynyň, işleriň emele getirilmeginiň we işleriň at ýazgysynyň düzülişiniň usullary we tärleri görkezilýär. Milli arhiw gaznasynyň resminamalarynyň üstüni ýetirmek, olary aýawly saklamak we peýdalanmak tärleriniň neşire girizilmegi arhiw işini mundan beýläk-de kämilleşdirmäge ýardam eder.

Neşirleriň ikisi hem ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň, guramalaryň, kärhanalaryň we edaralaryň ýolbaşçylaryna, dolandyryşyň resminamalaýyn üpjünçiligi gulluklarynyň, şol sanda umumy bölümleriň, kanselýariýalaryň, sekretariatlaryň, işgärler bölümleriniň işgärlerine, şeýle hem iş dolandyryşy we arhiw işini ýöredýän hünärmenlere niýetlenendir.

Dolandyryş diwanynyň işiniň hilini we netijeliligini ýokarlandyrmakda, onuň işinde ýerine ýetiriş düzgün-nyzamyny we guramaçylygy pugtalandyrmakda, ýolbaşçylaryň iş usulyny kämilleşdirmekde hem iş dolandyryşynyň dogry guralmagynyň uly ähmiýeti bardyr. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow dolandyryş işgärleriniň guramaçylyk işiniň derejesini ýokarlandyrmak boýunça edýän talaplarynda hem bular barada aýratyn nygtap geçýär.