Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmen-amerikan işewür geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory jenap Erik Stýuarty we belli “Şewron” amerikan kompaniýasynyň wise-prezidenti jenap Jeý Praýory kabul etdi.
Duşuşmaga hem-de özara söhbetdeşlikde köp ugurly hyzmatdaşlygyň has möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildiren myhmanlar, soňky ýyllarda has işjeňleşen türkmen-amerikan işewür hyzmatdaşlygynyň ýokary derejesini kanagatlanmak bilen bellediler. Bar bolan özara gyzyklanma we uly mümkinçilikler netijesinde şol hyzmatdaşlygyň öňünde uly gelejek açylýar.
Döwlet Baştutany amerikan işewürleriniň wekillerini Aşgabatda görýändigine şatdygyny belläp, Türkmenistanyň ABŞ-nyň iri kompaniýalary bilen özara bähbitli gatnaşyklary hemmetaraplaýyn berkitmäge ygrarlydygyny belledi. Olar bilen üstünlikli hyzmatdaşlyk iki dostlukly ýurduň milli ykdysadyýetleriniň ösmegine oňyn täsirini ýetirýär.
Köp ýyllyk gatnaşyklary has-da giňeltmegiň ýollary ara alnyp maslahatlaşylan duşuşygyň barşynda, milletiň Lideri we myhmanlar Türkmen-amerikan işewür geňeşi bilen bilelikde her ýyl guralýan işewür duşuşyklaryny, däbe öwrülen işewürlik maslahatlaryny hem-de amerikan kompaniýalarynyň önümleriniň sergilerini yzygiderli geçirmegiň möhümdigini aýratyn bellediler.
Döwlet Baştutanynyň nygtaýşy ýaly, iň gowy dünýä tejribesini işjeň çekmegiň hasabyna öz ykdysadyýetini doly döwrebaplaşdyrmaga tarap ugur alan Türkmenistan türkmen-amerikan gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn ösdürmäge aýratyn üns berýär. Şol gatnaşyklar Türkmenistanyň we ABŞ-nyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygyň we öňden gelýän dostluk däpleriniň köp ýyllyk tejribesine daýanýar.
Amerikan işewürleriniň geljegi uly türkmen bazarynda eýeleýän ornuny has-da berkitmäge uly gyzyklanma bildirýändigini belläp, amerikan tarapynyň wekilleri bu gyzyklanmanyň ykdysady ösüşinde okgunly depginleri gazanýan Türkmenistanyň ägirt uly kuwwaty bilen bilelikde özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek hem-de dürli ugurlarda, ozaly bilen söwda-ykdysady we ýangyç-energetika ulgamlarynda, maglumatlar tehnologiýalary, telekommunikasiýalar pudaklarynda, oba hojalygynda hem-de hyzmatdaş ýurtlaryň möhüm ähmiýet berýän beýleki birnäçe ugurlarynda täze bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak üçin örän oňaýly şert döretjekdigine ynam bildirdiler.
Duşuşygyň barşynda gaz ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň täze mümkinçiliklerine üns berildi, häzirki wagtda amala aşyrylýan bilelikdäki taslamalar ara alnyp maslahatlaşyldy. Geçen aýda kompaniýalaryň 100-den gowragynyň gatnaşmagynda Aşgabatda geçirilen ABŞ-nyň kompaniýalarynyň sergisi we türkmen-amerikan işewürler maslahaty köp taraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge uly itergi berdi.
Döwlet Baştutany we myhmanlar hoşlaşanlarynda, toplanan oňyn tejribäniň uzakmöhletleýin, özara bähbitli esasda guralýan dostluk gatnaşyklaryny we oňyn hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn berkitmek we ösdürmek işine hyzmat etjekdigine ynam bildirdiler.