Ï Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

view-icon 681
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda birnäçe möhüm resminamalaryň taslamalaryna, ýurdumyzyň we jemgyýetiň geljekki okgunly ösüşiniň ileri tutulýan wezipelerine, döwletimiziň içerki we daşarky syýasatynyň möhüm meselelerine seredildi.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibini yglan edip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Iş dolandyryjysy H.Muhammedowa söz berdi. Wise-premýer özüniň gözegçilik edýän düzümderinde ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, şeýle hem garamagyndaky desgalarda gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, döwlet dolandyryş edaralarynyň önümçilik guramalaryna işiň häzirki zaman usullarynyň we gurallarynyň işjeň ornaşdyrylmagynyň zerurdygyna ünsi çekdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň garamagyndaky desgalarda talap edilýän hiliň we görkezilen möhletleriň berk berjaý edilmegine gözegçiligi amala aşyrmak barada anyk tabşyryklary berdi.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa milli kanunçylygy mundan beýläk-de kämilleşdirmek, ýurtda döwrebap umumy ykrar edilen halkara hukuk kadalaryna laýyk gelýän kanunçylyk hukuk binýadyny emele getirmek boýunça milli parlamentiň alyp barýan işi barada habar berdi. Şeýle hem hukuk döwletiň we demokratik jemgyýetiň ösüş esaslaryna laýyklykda, ýurduň oňyn özgertmeleriň ýoly bilen yzygiderli öňe gitmegine gönükdirilen täze kanun taslamalary işläp taýýarlamak boýunça ägirt uly çäreleriň işjeň durmuşa geçirilýändigi bellenildi. Şunuň bilen bir hatarda deputatlar ýerlerde bolup, wagyz-nesihat işlerini alyp barýarlar we köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde işjeň çykyş edýärler diýip, Mejlisiň Başlygy aýtdy.

Türkmenistanyň Mejlisiniň kanun çykaryjylyk işleri döwletiň durmuş-ykdysady ösüşiniň meselelerini çözmäge gönükdirilendir diýip bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow parlamentiň we onuň düzümleriniň saýlawçylar, jemgyýetçilik guramalary we gyzyklanma bildirýän pudaklar bilen täze kanun taslamalary taýýarlamakda bolşy ýaly, derwaýys durmuş meselelerini çözmäge ýardam bermekde hem yzygiderli gatnaşykda bolmalydygyny nygtady.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýew maliýe-ykdysady ulgamyň edaralaryndaky işleriň ýagdaýy we ýurdumyzyň welaýatlaryny 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meýilnamalary barada hasabat berdi. Wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada durup geçip, 2013-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan zähmet haklarynyň, pensiýalaryň we kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberini ýokarlandyrmak hakyndaky resminamanyň taýýarlanylyşy barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özgertmeler maksatnamalarynda we ilkinji nobatda, welaýatlary ösdürmek baradaky maksatnamalarda kesgitlenen wezipeleriň ählisiniň bellenen möhletlerde durmuşa geçirilmeginiň möhümdigini nygtap, welaýatlaryň ýolbaşçylary bilen bilelikde meýilnama görkezijilerini üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça toplumlaýyn meýilnamany işläp düzmegi we degişli meseleleri hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz maliýe-ykdysady toplumyň edaralarynyň işine degip geçip, ýurdumyzyň bank edaralarynyň işinde bar bolan kemçilikleri aradan aýyrmak boýunça degişli çäreleri görmegi tabşyrdy.

Milletiň Lideri zähmet haklarynyň, pensiýalarynyň we kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberini ýokarlandyrmak meselesi barada durup geçip, şunuň bilen bagly degişli resminamany işläp taýýarlamak barada görkezme berdi. Döwlet Baştutanymyz bu resminama gol çekilmeginiň döwletiň ägirt uly ykdysady kuwwata eýediginiň, bu resminamanyň türkmen halkynyň abadançylygyny, bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilendiginiň aýdyň subutnamasydygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyzyň bu çözgüdi Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisine gatnaşyjylar tarapyndan ruhubelentlik we şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow edien işler barada hasabat bermegiň barşynda Owganystana degişli meseleler boýunça daşary işler ministrleriniň derejesinde geçirilen halkara maslahatyna gatnaşmak maksady bilen,

14-nji iýunda Kabul şäherine biziň ýurdumyzyň wekiliýetiniň iş saparynyň netijeleri barada aýtdy. Tutuşlygyna alnanda şol wekilçilikli foruma dünýäniň 30 ýurdunyň wekiliýetleri, şeýle hem halkara we sebitleýin guramalaryň 13-si, şol sanda ÝB-niň, BMG-niň Owganystana ýardam bermek boýunça missiýasynyň (UNAMA), SPEKA-nyň, NATO-nyň, YHG-nyň, EHHG-nyň, Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň, Yslam hyzmatdaşlyk guramasynyň we beýlekileriň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatyň jemleri boýunça Kabul jarnamasy kabul edildi.

Bellenilişi ýaly, owgan topragynda parahatçylygy we durnuklylygy berkitmek boýunça biziň ýurdumyzyň garaýyşlary tassyklandy. Şunuň bilen baglylykda wise-premýere DIM-niň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidentiniň BMG-niň Baş Assambleýasynyň belent münberinden Owganystan boýunça öňe süren netijeli başlangyçlaryna we beýleki halkara maslahatlarynyň geçirilmegine ýokary baha berip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň owgan meselesi boýunça oýlanyşykly çözgütleriň işlenip taýýarlanmagyna işjeň çemeleşýändigi hem-de şu ugurda anyk çäreleri görýändigi üçin maslahata gatnaşyjylaryň hoşallyk sözlerini milli Liderimize ýetirdi.

Şeýle hem türkmen wekiliýetiniň saparynyň çäklerinde ikitaraplaýyn gepleşikler, hususan-da, ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň birinji orunbsary Uilýam Berns, Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça ýörite wekili Pýer Morel, Owganystan Yslam Respublikasynyň Ýokary parahatçylyk geňeşiniň başlygy Salaheddin Rabbani bilen duşuşyklar geçirildi.

Wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy türkmen döwleniň Baştutanynyň tabşyrygy boýunça işlenip taýýarlanan hem-de yzygiderli ählumumy ösüşde möhüm ähmiýetli ýagdaý hökmünde ekologiýanyň abadançylygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen “Howanyň üýtgemegi boýunça Türkmenistanyň Milli strategiýasyny tassyklamak hakyndaky” Kararyň taslamasy barada hasabat berdi. Şu resminama taýýarlananda BMG-nyň Ösuş Maksatnamasy, şeýle hem Türkmenistanyň degişli mnistrlikleri we pudaklaýyn edaralary bilen ýygjam işiň alnyp barlandygy bellenildi.

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 66-njy mejlisinde çykyş edip, howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleri çözmek boýunça ýöriteleşdirilen düzümi – BMG-niň Sebitdäki merkezini döretmek baradaky teklibi öňe sürdi hem-de ýurdumyzyň bu düzümiň işi üçin Aşgabatda ähli zerur şertleriň döredilmegine taýýardygyny aýtdy. Bu başlangyç Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ösüş boýunça indiki hepdede Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Rio-de-Žaneýro şäherinde geçiriljek “Rio+20” atly ýokary derejeli halkara maslahatynda ýurdumyzyň öňe sürjek garaýyşlarynda öz beýanyny tapar. Şeýlelikde, ýurdumyz ekologik häsiýetli derwaýys meseleleriň çözülmegine öňden görüjilikli we jogapkärli çemeleşýändigini görkezip, dünýä bileleşiginiň bu wajyp ugurdaky tagallalaryna anyk goşandy goşar.

Ýokarda ady agzalan strategiýa howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly milli derejedäki mesleleri çözmek boýunça toplumlaýyn çäreleri öz içine alýar we ol Türkmenistanyň durnukly ösüşini üpjün etmäge gönükdirilendir. Bu bolsa öz gezeginde biziň ýurdumyzyň geljekki durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösüşini şertlendirer. Şunlukda ekologiýa pudagynda halkara hyzmatdaşlygyny berkitmäge we giňeltmäge möhüm orun degişlidir. Hut şonuň üçinem “Rio+20” Maslahatynyň işiniň başlamagynyň öňüsyrasynda bu resminamanyň kabul edilmeginiň aýratyn ähmiýeti bardyr. Şeýlelikde biziň ýurdumyz ekologiýa häsiýetli möhüm meseleleriň çözülmegine öňden görüjilikli we örän joagpkärli çemeleşýär we dünýä bileleşiginiň bu ugurdaky tagallalaryna mynasyp goşandyny goşýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Owganystana degişli mesele barada durup geçdi hem-de Türkmenistanyň goňşy ýurtdaky ýagdaýyň diňe parahatçylykly, diplomatik serişdeler we usullar, gepleşikleri geçirmek arkaly çözülmegine eýerýändigini ýene-de bir gezek tassyklady.Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň oňyn bitaraplygyň, parahatçylygy söýüjiligiň we giň, netijeli hyzmatdaşlygyň ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy ugruny gyşarnyksyz amala aşyrmak arkaly geljekde-de Owganystana hemmetaraplaýyn goldaw berjekdigini hem-de durmuş-ykdysady desgalaryň düzüminiň dikeldilmegie we ösdürilmegine, owgan meselesi boýunça netijeli halkara gepleşiginiň işjeňeşdirilmegine ýardam berjekdigini aýtdy.

Döwlet Baştutany “Howanyň üýtgemegi boýunça Türkmenistanyň Milli strategiýasyny tassyklamak hakyndaky” Karara gol çekip, bu resminamanyň Türkmenistanyň häzirki we geljekki nesilleriniň abadançylykly geljegi üçin möhüm ähmiýetlidigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow daşky gurşuwa goramagyň we ekologiýanyň howpsuzlygynyň üpjün edilmeginiň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan wezipeleriniň biri bolandygyny we şeýle bolmagynda galýandygyny aýdyp, ýurdumyzyň ilkinji nobatda, BMG-niň howandarlyk etmeginde, geljekde-de yzygiderli ösüşe we rowaçlyga degişli umumy maksatlara laýyk gelýän halkara hyzmatdaşlygyna gös-göni gatnaşmagy maksat edinýändigini tassyklady.

Milletiň Lideri häzirki wagtda ekologiýa degişli meseläniň, hususan-da, onuň howanyň üýtgemegi ýaly jähediniň halkara hyzmatdaşlygynyň möhüm ähmiýetli ugrularynyň hatarynda durýandygyny aýdyp, sebit we ählumumy derejede şu ugurdaky tagallalary mundan beýläk-de jebisleşdrmegiň zerurdygyny nygtady. Türkmenistan şol meseleleriň çözülmegine işjeň gatnaşyp, döredijilikli başlangyçlary, şol sanda BMG-niň Sebitdäki merkezini döretmek, şeýle hem Hazaryň ekologik maslahatyny guramak boýunça başlangyçlary öňe sürýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň BMG-niň “Rio+20” atly maslahatyna gatnaşmagynyň şol işjeň ýörelgä eýerilýändigini görkezýän subutnama öwrüljekdigini, şonda ýurdumyzyň anyk teklipleriniň birnäçesiniň beýan ediljekdigini aýdyp, wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna şuňa degişli tabşyryklary berdi.



Soňra Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary

B.Nurmyradowa özüniň gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy we şu ýylyň 25-27-nji iýunynda ýurdumyzda Türkiýe Respublikasynyň Medeniýet günleriniň geçirilmegine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Türkiýäniň Türkmenistanda Medeniýet günleriniň çäklerinde birnäçe çäreler, şol sanda döredijilik duşuşyklary, sergiler, kinofilmleriň görkezilişi, şeýle hem dostlukly ýurduň artistleriniň we ýurdumyzyň döredijilik toparlarynyň gatnaşmagynda aýdym-sazly çykyşlar guralar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ählumumy parahatçylygyň we ruhy gymmatlyklaryň esasyndaky agzybirligiň, ýurdumyzyň medeniýetini we sungatyny giňden wagyz etmegiň hem-de ony baýlaşdyrmagyň hatyrasyna gumanitar gatnaşyklary ösdürmek babatynda aýdanyňda halkara döredijilik hyzmatdaşlygynyň möhüm ähmiýetiniň bardygyny belledi. Türkmenistan Türkiýe Respublikasy bilen ähli ugurlar boýunça gatnaşyklaryň giňeldilmeginiň tarapdarydyr diýip bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz doganlyk halklaryň baý taryhy we medeni mirasy şunuň ýaly hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmegiň baş şertidigini aýtdy. Şeýle hem milli Liderimiz umumy taryhy we medeniýeti bolan iki doganlyk ýurduň gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de belent derejelere göterilmeginde medeni hyzmatdaşlygyň möhüm ähmiýetiniň bardygyny belledi. Şu nukdaý nazardan hormatly Prezidentimiz Türkiýäniň Türkmenistanda Medeniýet günleriniň ähmiýetli wakadygyny belläp, bu çäräniň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigini, onda dost-doganlygyň hoşniýetli gatnaşyklarynyň öz beýanyny tapmalydygyny, şeýle hem geljekde şunuň ýaly gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilip, onuň netijeli häsiýete eýe bolmalydygyny tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, şeýle hem 2011-nji ýylyň hasylyndan öndürilen bugdaýy daşarky bazarlara ýerlemek bilen baglanyşykly alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Hususan-da, wise-premýer Türkmenistanda galla oragynyň ýokary depginlerde alnyp barylýandygyny, orakda agrosenagat toplumy üçin döwletimiz tarapyndan satyn alnan döwrebap tehnikalaryň netijeli ulanylýandygy, şeýle hem gowaçalara ideg etmek işiniň utgaşyklylykda ýerine ýetirilýändigi hakynda aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, galla oragynyň ýokary guramaçylyk derjesiniň üpjün edilmegi we onuň ýokary hilli geçirilmegi, galla oragynda işleýän ähli düzümleriň bökdençsiz işi üçin zerur şertleriň döredilmegi, şeýle hem gallaçylaryň, mehanizatorlaryň we sürüjileriň medeni maksatnamany goşmak bilen, öndürijilikli zähmet çekmekleri hem-de göwnejaý dynç almaklary üçin ähli şertleriň döredilmegi babatda anyk tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň käbir etraplarynda galla oragynyň pes depginlerde alnyp barylýandygyny aýdyp, işleriň guramaçylyk derejesini ýokarlandyrmagy talap etdi. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz kabul ediş bölümlerine gelip gowuşýan gallanyň saklanylyşy bilen baglanyşykly meseleleri hemişe gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny belledi we gowaçalara agrotehniki kadalara laýyklykda ideg etmek işiniň hem ünsden düşürilmeli däldigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz “2011-nji ýylyň hasylyndan öndürilen bugdaýy daşarky bazarlara ýerlemek hakyndaky” karara gol çekdi we degişli ýolbaşçylara bu işi göwnejaý guramagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýegeleýew özüniň gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy we döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň ykdysadyýeti üçin gurluşyk senagatynyň möhüm ähmiýete eýedigini bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki döwürde ýurdumyzyň ähli ýerlerinde senagat, durmuş we ýaşaýyş ähmiýetli täze desgalaryň gurluşygynyň giň möçberli maksatnamasynyň durmuşa geçirilýändigini aýtdy. Bu maksatnamanyň durmuşa geçirilmegine daşary ýurt kompaniýalary bilen mynasyp bäsleşýän ýurdumyzyň kärhanalary barha işjeň gatnaşýarlar, olar häzirki zaman, ýokary netijeli tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak arkaly işiň ýokary hil derejesini üpjün etmelidirler, şunlukda, desgalaryň ýokary hilli we bellenilen möhletde ulanmaga tabşyrylmagyny üpjün etmek potratçylara bildirilýän esasy talapdyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Şeýle hem milli Liderimiz raýatlaryň, şäherleriň we obalaryň ilatynyň isleglerini üpjün etmegiň möhümdigini belläp, biziň durmuşa geçirýän ähli özgertmelerimiziň baş maksady türkmenistanlylaryň abadançylygyny yzygiderli üpjün etmekden, olaryň durmuş derejesini ýokarlandyrmakdan ybaratdyr diýip aýtdy.

Mundan başga-da döwlet Baştuanymyz gurluşyk ulgamynda giňden sarp edilýän ýokary hilli gurluşyk materiallarynyň önümçiligi boýunça kuwwatlyklary artdyrmagyň möhümdigini belledi. Milli Liderimiz dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýalaryny ulanmak esasynda ekologiýa taýdan arassa gurluşyk materiallary öndürilende önümiň ahyrky netijesiniň hil kadalaryna we ýerli howa şertlerine doly laýyk gelmeginiň hökmandygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz öz gözegçilik edýän pudaklarynyň işinde ýurdumyzyň paýtagtynda gurulýan desgalarda işleriň döwrüň ýokary talaplarynyň derejesinde guralmagyny üpjün etmekde zerur guramaçylyk çärelerini görmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow ýurdumyzyň nebitgaz, himiýa we balyk hojalygy pudaklarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy hakynda hasabat berdi. Hususan-da, wise-premýer “Türkmennebit” döwlet konserniniň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça meýilleşdirilýän çäreler we birnäçe iri maýa goýum taslamalarynyň ýerine ýetirilişi barada aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki döwürde ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň düzümleriniň öňünde ägirt uly wezipeler, şol sanda nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak, toplumyň senagat we ulag düzümini ösdürmek, onuň çig mal binýadyny we eksport kuwwatyny berkitmek, içerki bazarda bolşy ýaly, daşarky bazarda giňden sarp edilýän ýokary hilli nebit önümleriniň öndürilişiniň möçberlerini artdyrmak boýunça derwaýys meseleler durýar diýip belledi. Nebitgaz çykaryş we nebithimiý pudaklarynda ýokary netijeli häzirki zaman tehnologiýalaryny we enjamlaryny işjeň ulanmagyň hasabyna önümçilik görkezijileri mundan beýläk-de yzygiderli artdyrylmalydyr diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz “Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda” we ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, şeýle hem “Türkmennebit” döwlet konserniniň işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, “Türkmennebit” döwlet konserni hakyndaky Düzgünnamany tassyklap, wise-premýere onuň ýerine ýetirilişine zerur bolan gözegçiligi üpjün etmegi tabşyrdy.

Himiýa senagatynyň we balyk hojalygynyň kuwwatlyklaryny artdyrmagyň zerurdygy hakynda aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz ýurduň baý tebigy serişdeleriniň bu pudaklaryň kärhanalarynda öndürilýän önümleriň görnüşlerini has-da artdyrmak üçin giň mümkinçilikleri açýandygyny belledi.

Soňra ýurdumyzyň ulag toplumunda we aragatnaşyk ulgamynda ýerine ýetirilýän işler hakynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary R.Seýitkulyýew hasabat berdi. Wise-premýer ulag we demir ýollar ulgamynyň, howa hem-de deňiz gatnawlarynyň ösdürilmegini, aragatnaşyk ulgamynyň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegini şertlendirýän birnäçe möhüm taslamalaryň durmuşa geçirilişi barada hem aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistany 2011-2030-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda bellenilen uly möçberli wezipeleri üstünlikli berjaý etmekde ulag we aragatnaşyk ulgamynyň ähmiýetiniň has-da artýandygyny belläp, bu ulgamyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň hem-de işleri ýokary hilli alyp barmak boýunça talap edilýän derejä ýetirmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow pudaklaýyn kärhanalary tehnologik taýdan täzelemegiň ulag ulgamyny ösdürmegiň ileri tutulýan wezipeleriň biri bolup durýandygyny aýdyp, wise-premýere ulaglara tehniki taýdan oňat hilli hyzmat etmek hem-de olaryň bar bolan ähli görnüşleriniň tehniki parkyny netijeli ulanmak boýunça işleriň guramaçylykly we sazlaşykly alnyp barylmagyny üpjün etmek üçin ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň öz çäginde we ulaglaryň gatnaýan halkara ugurlaryny sazlaşykly ösdürmek bilen baglylykda, deňiz we derýa arkaly gatnawlara aýratyn ähmiýet berilýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, milletiň Lideri suw arkaly gatnaýan ulaglaryň düzüminiň mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrylmagyny we bu pudaga degişli kärhanalaryň takyk işlemegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Hususan-da, döwlet durmuş syýasatynyň hem-de ylymy, bilimi, saglygy goraýşy, sporty we syýahatçylygy ösdürmek boýunça milli maksatnamalaryň durmuşa geçirilişi boýunça alnyp barylýan işleriň barşy barada habar berildi. Wise-premýer şeýle hem ýurdumyzda täze sport we syýahatçylyk gazet-žurnallaryny döretmek babatda döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berip, milletiň Lideriniň garamagyna degişli Kararyň taslamasyny hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk ýaly ulgamlaryň ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýete eýedigini, şol pudaklaryň öňünde goýlan wezipeleriň üstünlikli çözülmeginiň bolsa Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine ýardam etjekdigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz bular barada aýdyp, şu ileri tutulýan ugurlarda milli maksatnamalaryň durmuşa geçirilişi bilen bagly meseleleriň ählisini berk gözegçilikde saklamagy talap etdi.

Milletiň Lideri täze döwürleýin neşirleri döretmek meselesi barada durup geçip, ýurdumyzda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeler jähetinden bu işiň örän möhümdigini nygtady. Hormatly Prezidentimiz “Täze sport we syýahatçylyk gazet-žurnallaryny döretmek hakyndaky” Karara gol çekip, täze neşirlerde ýurdumyzda sportuň we syýahatçylygyň ösüşini mynasyp şöhlelendirip biljek ökde žurnalistleriň işlemelidigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda ýurdumyzda sporty ösdürmäge, sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmaga, ýaşlary sporta giňden çekmäge uly ähmiýet berilýändigini aýdyp, şu maksatlar bilen ähli ýerde täze iň häzirki zaman sport desgalarynyň gurulýandygyny we ulanmaga berilýändigini belledi. Döwletimiz şeýle hem ýurdumyzyň durmuşynda möhüm orun eýeleýän syýahatçylygy ösdürmek üçin hem ähli zerur şertleri döredýär diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi. Ýurdumyzyň geografik taýdan amatly ýerleşmegi, ösen ulag we aragatnaşyk ulgamynyň, täsin tebigy we taryhy ýadygärlikleriň bolmagy biziň ýurdumyzda syýahatçylygy mundan beýläk-de üstünlikli ösdürmek üçin amatly şertleri döredýär diýip, milletiň Lideri aýtdy. Bularyň ählisi täze neşirlerde öz beýanyny tapmalydyr. Şeýle etmek bilen olar sport we syýahatçylyk ulgamynyň ösdürilmegine mynasyp goşant goşarlar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew gözegçilik edýän söwda ulgamynda we dokma senagatynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, bu pudaklaryň önümçilik we maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, şeýle hem Türkmenistanyň daşary ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi. Wise-premýer şeýle hem 19-21-nji iýunda Aşgabat şäherinde Türkiýe Respublikasynyň gurluşyk materiallary senagatyna bagyşlanan sergini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp we bu serginiň dostlukly türkmen-türk gatnaşyklaryny ösdürmekde nobatdaky möhüm ädim boljakdygyny nygtap, soňky ýyllarda türk kompaniýalarynyň gatnaşmagynda ýurdumyzda dürli maksatly desgalaryň onlarçasynyň gurlandygyny we häzirki wagtda örän ähmiýetli taslamalaryň ençemesiniň durmuşa geçirilýändigini belledi. Örän wajyp şähergurluşyk maksatnamasyny giňden ýaýbaňlandyran Türkmenistan hem, öz nobatynda, gurluşyk senagatyna öňdebaryjy tehnologiýalary, innowasiýalary we nou-haulary, daşary ýurtlaryň iň gowy tejribesini çekmäge gyzyklanma bildirýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu babatda öňümizdäki serginiň netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek we oňyn tejribe alyşmak üçin oňat mümkinçilikleri döretjekdigini belledi.

Milletiň Lideri özara gatnaşyklaryň dürli görnüşleri esasynda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek barada aýdyp, geçirilýän halkara işewürlik forumlarynyň, pudaklaýyn sergileriň işjeň maksatnamasynyň milli ykdysadyýetiň derwaýys wezipelerine laýyk gelmelidigini nygtady.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýyl ýurdumyzda pile öndürmek boýunça tabşyrygyň ýerine ýetirilmeginiň üpjün edilmändigine nägilelik bildirip, N.Atagulyýewe berk käýinç yglan etdi.

Ýurdumyzda ýüpekçiligi mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, döwlet Baştutanymyz bu meseläni içgin öwrenmegi we oňa toplumlaýyn çemeleşmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň direktory Ý.Kakaýew “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynyň” nebitgaz pudagy boýunça durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi.

Häzirki wagtda bu wezipeleri iş ýüzünde durmuşa geçirmek üçin uglewodorod çig malynyň çykarylyşyny artdyrmak bilen bagly birnäçe taslamalar durmuşa geçirilýär. Şunda önümi paýlaşmak baradaky ylalaşyklar esasynda CNPC, Petronas, Mitro International Limited ýaly esasy daşary ýurt kompaniýalary bilen bilelikde amala aşyrylýan taslamalara uly ähmiýet berilýär. Häzirki wagtda daşary ýurt göni maýa goýumlaryny çekmek arkaly 8 sany taslama hereket edip, 3 taslama boýunça geologiýa-gözleg işleri geçirilýär we 5 taslama boýunça uglewodorod çig malyny çykarmak işleri alnyp barylýar.

Hökümet Baştutanynyň orunbasary şeýle hem gazy gaýtadan işleýän zawodlaryň işi, olaryň önümçilik kuwwatyny artdyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, energiýa serişdeleriniň eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmaga gönükdirilen döwlet strategiýasynyň esasy meselelerini üstünlikli çözmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öňde goýlan wezipeleriň ählisiniň öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Milletiň Lideri şeýle hem nebitgaz ulgamynda işleýän daşary ýurt kompaniýalarynyň we konsernleriniň gatnaşmagynda amala aşyrylýan taslamalary durmuşa geçirmek babatdaky ýagdaýy seljermek we degişli maglumaty taýýarlamak barada görkezme berdi.

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere seredildi. Olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi, şeýle hem ýurdumyzyň möhüm ileri tutulýan ugry bolan durmuş-ykdysady ösüşini üpjün etmek boýunça anyk çäreler kesgitlendi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi tamamlap, oňa gatnaşyjylara berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe alyp barýan jogapkärli işlerinde we öňde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmekde üstünlikler arzuw etdi hem-de olar bilen hoşlaşdy.