Ï Däp-dessurlar we öňdebaryjy tehnologiýalar – bir probirkada
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Däp-dessurlar we öňdebaryjy tehnologiýalar – bir probirkada

view-icon 798
Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde talyplaryň ilkinji ylmy-teoretiki maslahaty geçirildi. Onda immunomodulýasiýa ulgamynda geçirilen gözleg işleriniň netijeleri görkezildi.


Immunomodulýasiýa – immun ulgamynyň funksional işjeňligini dolandyrmak – biologiýa we lukmançylyk ulgamynda iň bir gelejegi uly bolan we möhüm ugurlaryň biri bolup durýar. Türkmen alymlary Türkmenistanyň baý tabigat dermanlyk ösümliklerini saýlap aldylar.

Ylmy gözlegleriň maksatnamasy lukmançylyk ylmynyň öňdebaryjy düýpli we tejribeçilik ugurlaryny öz içine alýar. Bu bolsa ýurduň ilkinji immunostimulýatoryny döretmekdir we transplantologiýa ulgamynda geçirilen örän netijeli gözlegleriň ilkinjisidir.


Lukmançylyk uniwersitetiniň ylmy –gözleg merkezinde esasy keselleriň immunologiýa öňüni alyş ajaýyp usullary işlenilip taýýarlanyldy. Häzirki wagtda işlenilip taýýarlanylan usuly bejeriş edaralarynda bar bolan enjamalara geçirmek işleri işjeň alnyp barylýar. Bu bolsa, her bir şäher ýa-da oba saglyk öýlerinde irki bejergä çenli öňüni alyş usullaryny ornaşdyrmaga şert döreder.