Paýtagtymyzy hem-de gadymy türkmen topragynyň beýleki şäherlerini bezän ajaýyp binagärlik toplumlary, ähli ýerlerde peýda bolan häzirki zaman zawodlar we fabrikler, saglygy goraýyş, medeni we sport merkezleri, ýokary we orta okuw mekdepleriniň täze binalary soňky ýyllarda batly depginler bilen öňe barýan we ösüşiň täze belentliklerine tarap ugur alan biziň döwletimiziň artýan ykdysady kuwwatynyň aýdyň beýanyna öwrüldi.
Tutuş ýurdumyz ykdysady, durmuş, şähergurluşyk innowasiýalarynyň synag meýdançasyna öwrüldi. Eziz Watanymyzyň paýtagty şol okgunly özgertmeleriň kerwenbaşysydyr.
Degişli ugurda innowasion tehnologiýalaryň, ylmy-tehniki ösüşiň öňdebaryjy gazananlarynyň we iň gowy dünýä tejribesiniň giňden ornaşdyrylmagy milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan, Aşgabat şäherinde ýaýbaňlandyrylan giň gerimli şähergurluşyk maksatnamasynyň esasy çelgisi bolup durýar. Bularyň hemmesi adamlaryň durmuşynyň ýokary ülňülerini, türkmenistanlylaryň döredijilikli zähmet çekmegi, amatly ýaşamagy we dynç almagy üçin oňaýly şertleri üpjün etmelidir. Ýokary amatlykly ýaşaýyş jaýlarynyň, medeni dynç alyş merkezleriniň, seýilgähleriň we sport toplumlarynyň gurulmagy munuň aýdyň mysalydyr. Durmuş maksatly desgalaryň gurluşygyny ýokary depginlerde alyp barmak bilen Türkmenistan bu ulgamy ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen milli strategiýanyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwürdi. Döwletiň öz raýatlarynyň öňündäki borjy hökmünde häsiýetlendirilýän bu möhüm wezipäni amala aşyrmaga ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň hemmesi diýen ýaly işjeň gatnaşýar. Olaryň buýurmalary boýunça belli gurluşyk kompaniýalary ýokary amatlykly ýaşaýyş jaýlaryny gurýarlar.
Dünýäniň iň gözel we ajaýyp şäherleriniň birine öwrülen ak mermerli Aşgabat ýylsaýyn öz çäklerini täze ýaşaýyş jaýlarynyň, senagat we seýilgäh zolaklarynyň hasabyna giňeldýär. Soňky ýyllaryň taslamalarynyň amala aşyrylmagy türkmen paýtagtynyň keşbini düýpgöter özgertdi. Biziň gözümiziň alnynda şäheriň täze keşbi kemala gelýär, onuň täze taryhy ýazylýar. Häzirki wagtda Aşgabat täze ähmiýetli taslamalary amala aşyrmaga girişýär. Şol taslamalaryň arasynda şäheriň ýaşaýyş jaýlaryny gurmagyň 12-nji nobatdakysynyň taslamasy aýratyn üns berilmegine mynasypdyr. Bu taslama geçen hepdede şähergurluşyk meselelerine aýratyn üns berýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna hödürlendi.
Ozal habar berşimiz ýaly, A.Nyýazow şaýolunyň ugry boýunça ýaýbaňlandyryljak gurluşygyň umumy meýdany 420 müňden gowrak inedördül metre deň bolar. Ýokary amatlykly 12 gatly ýaşaýyş jaýlary täze binagärlik toplumynyň esasyny düzer. Olar häzirki zaman düzümleri bilen birlikde, ýurdumyzyň birnäçe ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň buýurmalary boýunça bina ediler. Milli Liderimiziň tabşyrygyna laýyklykda, olara ýeňillikli karzlar bölünip berler. Şäheriň bu künjeginde şeýle hem her biri 160 orunlyk çagalar baglarynyň ikisi hem-de her biri 600 orunlyk umumybilim berýän orta mekdepleriň ikisi gurlar. Şäheri ösdürmegiň 12-nji nobatdakysynyň meýilnamasy şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet ösüş bankynyň täze edara binasynyň gurulmagyny öz içine alýar.
Döwlet Baştutanymyz taslama bilen jikme-jik tanşyp, ýolbaşçylaryň ünsüni şähergurluşyk maksatnamasynyň ileri tutulýan durmuş ugurlaryna çekdi hem-de adamlaryň zähmet çekmegi we amatly dynç almagy üçin aňrybaş oňaýly şertleriň döredilmegi maksatnamanyň esasy ölçegi bolup durýar diýip belledi.
Milli Liderimiz taslamanyň her bir bölegine hut şu nukdaýnazardan seredip, gurluşyk materiallarynyň hilinden we arassalygyndan başlap, öýleriň içerki üpjünçiligine hem-de adamlaryň ýaşaýyş-durmuş babatda aňrybaş oňaýlyklary üçin ähli şertleriň döredilmegine, şeýle hem pyýadalaryň we ilkinji nobatda geljekki ýaşaýyş toplumyň körpe ýaşaýjylarynyň howpsuzlygynyň üpjün edilmegine çenli aýratyn üns berdi.
Döwlet Baştutanymyz, hususan-da, ýaşaýyş jaýlarynyň birinji gatlarynda azyk önümleriniň we senagat harytlarynyň dükanlaryny, restoranlary we kafeleri, çagalar iýmiti taýýarlanylýan aşhanalary, lukmançylyk otaglaryny we dermanhanalary, gözellik salonlaryny we dellekhanalary, egin-eşikleri himiki usulda arassalaýan nokatlary, durmuşda ulanylýan tehnikalary abatlaýan ussahanalary ýerleşdirmegiň maksadalaýyk boljakdygy barada aýtdy. Şeýle hem häkimlikleriň we içeri işler edaralary, kepillendiriş edaralary, ýangyna garşy göreş bölümleri we beýlekiler üçin gulluk otaglaryny göz öňünde tutmak möhümdir diýip, milli Liderimiz bu toplumda ýerasty geçelgelerini gurmagyň hem gerekdigini ýatlatdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem ähli desgalarda milli binagärligiň däplerini şähergurluşygynda birmeňzeşlikden gaça durmaga hem-de täze döwrüň ruhuny aýdyň görkezmäge mümkinçilik berýän öňdebaryjy çözgütler bilen utgaşdyrylmalydygyna taslamaçylaryň ünüsni çekdi.
Çünki ýaşaýan şäherimiziň gaýtalanmajak keşbi biziň keýpiçaglygymyza we dünýägaraýşymyza belli bir derejede öz täsirini ýetirýär. Şonuň üçin hem döwlet Baştutanynyň pikirine görä, şäheriň häzirki zaman keşbini döretmekde diňe ýaşaýyş-durmuş gurşawynyň aýratynlyklary däl-de, eýsem, oňa ruhy, estetiki çelgileriň girizilmegi möhümdir.
Bularyň hemmesi yzygiderlilik ýörelgesinden başlap, binagärlik-meýilnamalaşdyryş düzümine ösen alamatlary girizmäge, ösüşiň we beýleki köp häsiýetnamalaryň geljeginiň nazara alynmagyna çenli paýtagtymyzy ösdürmegiň baş meýilnamasynda göz öňünde tutulandyr.
Şäheriň gatnaw hereketiniň hilini gowulandyrmaly ulag düzümini ösdürmek we kämilleşdirmek şol meseleleriň toplumyna girýär. Olaryň arasynda şeýle hem köp şäherleriň çäklerini: ýaşaýyş we jemgyýetçilik, önümçilik we tebigy, taryhy merkezleri giň gerimde özgertmek meselesi bar. Bulardan başga-da, syýahatçylygy ösdürmek, medeni we dynç alyş ulgamyny guramak, tebigy-landşaft toplumyny döretmek boýunça işjeň çäreler durmuşa geçirilýär. Biziň paýtagtymyzyň gurşawyny estetiki we ekologik taýdan abadanlaşdyrmak, onuň çägini bagy-bossanlyga büremek meselelerine uly üns berildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçirýän ähli özgertmeleri binagärlik “ölçege” eýe bolup, olar ähli ulgamlarda, goý, ol ykdysadyýet bolsun ýa-da bilim, medeniýet, syýahatçylyk ýa-da sport, tapawudy ýok, olaryň hemmesinde oňyn özgertmeleri özünde jemleýär.
Bu, megerem, häzirki günüň esasy we kesgitleýji meýilleriniň biri – wezipeleri çözmäge toplumlaýyn çemeleşme bolsa gerek. Şu çemeleşme esasy desgalardan başga, ähli durmuş düzümini öz içine alýan binagärlik taslamalarda öz beýanyny tapýar. Paýtagtymyzyň günorta böleginiň bezegine öwrülen ajaýyp binagärlik toplumy – Medeniýet şäherjigi munuň aýdyň mysallarynyň biridir.
Ýurdumyzda her bir milli baýramçylygy durmuş we medeni ähmiýetli täze desgalaryň, önümçilik toplumlarynyň we beýleki iri binalaryň ulanmaga berilmegi bilen garşylamak asylly däbe öwrüldi. Her bir täze bina ýurdumyzyň durmuşynda bolup geçýän ol ýa-da beýleki şanly wakany alamatlandyrýar. Türkmenistanyň Gagarşsyzlygynyň 20 ýyllygyna gabatlanyp täze desgalaryň tutuş toplumynyň ulanmaga berilmegi Aşgabady ösdürmek boýunça şähergurluşyk maksatnamasynyň amala aşyrylmagynda möhüm sepgit boldy, baýramçylyk günleri ulanmaga berlen täze “Türkmenistan” teleradioýaýlymlar merkeziniň, Maslahat köşgüniň, “Bagt köşgüniň”, “Aşgabat” myhmanhanasynyň we 20 müň orunlyk “Aşgabat” stadionynyň, Halkara atçylyk sport toplumynyň, sportuň gyşky görnüşleri boýunça toplumyň, “Çagalar dünýäsi” söwda-dynç alyş merkeziniň açylyş dabaralaryna Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy. Bular geçen ýyl Aşgabatda gurlan binalaryň diňe bir bölegidir.
Paýtagtymyzda emele gelýän seýilgähler toplumynyň altyn halkasynyň ajaýyp durdäneleriniň biri hem Aşgabadyň taryhy merkezinde ýerleşýän “Ylham” çeper-seýilgäh toplumydyr. Häzirki wagtda bu ýeri paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň iň gelim-gidimli künjegine öwrüldi. Bu seýilgäh toplumynda dürli baýramçylyk çärelerini we dabaralary geçirmek hem däbe öwrüldi.
Täzelenen we barha gözelleşýän Aşgabat bu gün özüniň binagärlik bezegi, dabaraly keşbi we rahatlygy, häzirki zamanyň we Gündogaryň binagärlik äheňlerini özünde jemleýän özboluşly sazlaşygy bilen haýran galdyrýar. Söýgüli şäherimiz barha ösýär, onda belent binalar emele gelýär, täze ajaýyp künjekleri döredilýär. Ýaňy-ýakynda bolsa “Älem” medeni-dynç alyş merkezi öz gapylaryny giňden açdy. Bu merkeziň açylyş dabarasyna milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy. Bu merkez açylan ilkinji pursatlaryndan başlap ulularyň we çagalaryň öz wagtalryny şadyýan we peýdaly geçirmekleri, merkezde oturdylan enjamlar arkaly dürli nesilleriň wekilleriniň öz aň-düşünjelerini artdyrmaklary üçin özüne çekiji meşhur ýere öwrüldi. Şeýle hem “Älem” medeni-dynç alyş merkezi şäheriň syýahatçylyk ugurlarynyň biri boldy.
Bu dynç alyş merkeziniň Ginnesiň täsinlikler kitabyna girizilendigni hem ýatladýarys. Şanly waka mynasybetli Aşgabada gelen onuň wekili Türkmenistanda gurulýan ähli desgalaryň ilatyň ýaşaýyş derejesini gowulandyrmaga gönükdirilendigini aýratyn belledi.
Şol bir wagtyň özünde “Älem” medeni-dynç alyş merkezi diňe bir adamlaryň wagtyny hoş geçirmek bilen çäklenmän, eýsem, ol giň medeni-aň-bilim beriş we terbiýeçilik işlerini geçirmäge hem niýetlenendir. Bu köpugurly toplumyň adynyň özi hem merkezde döredilen giňişligi dürli täsin açyşlardan, şatlyklardan we başdan geçirmelerden ybarat bolan özboluşly dünýäni emele getirmegi aňladýar. Bu babatda täze “Älem” medeni-dynç alyş merkezi milletiň Lideriniň ösüp gelýän ýaş nesil hakynda, olaryň döredijilik we intellektual taýdan ösmekleri üçin ähli amatly şertleri döredýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Umuman aýdanyňda, paýtagtymyzyň günortasynda, şertli Aşgabat-siti adyny alan häzirki zaman etrabyň emele gelmegi XXI asyrda Aşgabat binagärligindäki täze meýilleriň aýdyň nyşanydyr. Häzirki döwrüň has ösen talaplaryna laýyk gelýän, şäheriň beýleki şaýollary bilen kesişýän ýerlerinde iki derejeli çatryklary bolan köp kilometrlik Arçabil şaýolunyň ugrunda dürli ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň binalary kemala geldi. Häzirki wagtda bu ýerde dag etegindäki ajaýyp görnüşi özgerdýän binagärlik äheňleri esasynda gurluşyk işleri işjeň alnyp barylýar.
Täze edara binalary, senagat kärhanalary, zawodlar, banklar, söwda merkezleri, häzirki zaman myhmanhanalary halkara derejesinde ýurdumyzyň işjeňliginiň artýandygyny we abraýynyň barha ýokarlanýandygynyň alamatlarydyr. Ýokary okuw mekdepleri, kitaphanalar, ylmy institutlar we merkezler, medeniýet edaralary paýtagtymyzyň intellektual-ruhy derejesini görkezýär. Aşgabadyň iri sport merkezine öwrülmegi üçin uly mümkinçilikler açylýar. Paýtagtymyzda eýýäm häzirki zaman stadionlaryň birnäçesi, Buzly köşk, Suw toplumy, sportuň gyşky görnüşleri köşgi we beýleki sport desgalary guruldy. Ýurdumyzyň baş şäherinde Olimpiýa şäherjigini gurmagyň taslamasy Diýarymyzyň dünýä derejesinde ýokary sport netijelerini gazanmagy ugur edinýändigine şaýatlyk edýär. Belkem, türkmen paýtagtynyň uzak bolmadyk geljekde dünýä Olimpiadasynyň geçirilýän ýerine öwrülmegi hem mümkindir. Munuň üçin ähli şertler döredilýär. Türkmenistanda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň we ýokary netijeli sportuň ösdürilmegi häzirki wagtda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Häzirlikçe bolsa Aşgabat 2017-nji ýylda geçiriljek ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlaryna ýokary derejede taýýarlyk görýär.
Şäheriň esasy şaýollarynyň ugrunda ýaşaýjylar üçin ähli amatly şertler döredilen, ýerasty ulag duralgalary bolan, ösen jemagat düzümli we durmuş hyzmatlary ulgamly, enjamlaşdyrylan sport we çagalar üçin oýun meýdançalary bolan häzirki zaman belent ýaşaýyş jaýlarynyň tutuş toplumy kemala geldi. Ak mermere bürenen köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň ýüzlerçesindäki ähli amatlyklar döredilen öýler indi döwlet tarapyndan berilýän ýeňillikli karzlaryň netijesinde orta derejeli girdejisi bolan raýatlar üçin hem elýeterlidir. Köp gatly belent binalar bilen birlikde 40 öýli 4 gatly ýaşaýyş jaý toplumlarynyň hem gurluşygy alnyp barylýar, köp çagaly maşgalalar üçin ýörite taslamalar boýunça iki gatly kottejler hem gurulýar. Paýtagtymyzyň köp gatnawly esasy ýollarynyň durky täzelenýär, giň halkalaýyn ýollar gurulýar, ýol aýrytlary çekilýär we ýerasty ulag duralgalary ulanmaga berilýär, köp hatarly giň gara ýollaryň gurluşygy dowam etdirilýär.
Ak mermerli Aşgabadyň gözelligi, ýaşyl begrese bürenen seýilgähleri, häzirki zaman gara ýollary, ýurdumyzyň taryhynyň gahrymanlarynyň ruhubelentlige ýugrulan heýkelleri paýtagtymyzyň ilatynyň buýsanjydyr. Her gün şäheriň keşbinde täze-täze alamatlar peýda bolýar. Ýöne Aşgabat şonda-da juwanlygyna galýar. Şäherler hem edil adamlar ýaly, eger ösmegini togtatsalar garraýarlar. Emma olaryň keşbi täzelense, öňe tarap okgunly hereket etseler, baky juwanlygyna galýarlar.
Şäheriň ertirki gününi alamatlandyrýan gurluşyk kranlarynyň gije-gündizki togtamaýan hereketleri paýtagtymyzyň keşbiniň aýrylmaz bölegidir.
Türkmen paýtagtynyň depginli ösüşi onuň geljeginiň ajaýyp boljakdygyny görkezýär. Çünki şäheri ösdürmegiň baş meýilnamasy esasynda alnyp barylýan gurluşyk maksatnamasyna laýyklykda iri möçberli täze çäkleri özleşdirmek göz öňünde tutulýar.
Soňky ýyllarda Türkmenistanyň paýtagty sebitiň iri işewürlik we medeni hem-de halkara hyzmatdaşlygynyň ykrar edilen merkezine öwrülmek bilen batly depginde ösýän häzirki zaman şäheriniň – geljegiň şäheriniň nusgasyny özünde jemleýär. Paýtagtymyzda owadanlyk we rahatlyk öňdebaryjy binagärlik we inžener-tehniki pikirleriň gazananlary hem-de milli binagärligiň gadymy däpleri özboluşly sazlaşýar. Paýtagtymyz özüniň binagärlik keşbinde akyl-paýhasyň we sazlaşygyň kanunlary esasynda gurulýan we ösýän döwletiň we jemgyýetiň taglymyny emele getirýär. Aşgabat döredijiligiň we öňegidişligiň filosofiýasyny aňlatmak bilen berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň ajaýyp nyşanyna öwrüldi.