Şu gün Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutynda aýallaryň hukuklary baradaky halkara hem-de hukuk resminamalarynyň we Türkmenistanyň kanunçylyk namalarynyň ýygyndysynyň tanyşdyrylyş çäresi boldy.
Bu çäräni Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli instituty BMG-niň ilat gaznasy (UNFRA), Ýewropa Bileleşiginiň taslamasy, BMG-niň Ösüş maksatnamasy we BMG-niň adam hukuklary boýunça Ýokary komissarynyň müdirligi bilen bilelikde gurady.
Tanyşdyrylyş çäresine Türkmenistanyň dürli minsitrlikleriniň we pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik hem-de biziň ýurdumyzda resmi taýdan bellenen halkara guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Halkara bilermeni hökmünde UNFRA-dan hünärmen hanym Pramilli Patten çagyryldy.
Ýygyndy UNFRA-nyň ýardam etmeginde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli instituty, şeýle hem “Adam hukuklaryny goramak we hemýat etmek boýunça Türkmenistanyň milli mümkinçiliklerini pugtalandyrmak” atly ÝB/BMGÖM/AHÝKM tarapyndan amala aşyrylýan bilelikdkäi taslama tarapyndan taýýarlanyldy.
Tanyşdyrylyş çäresine gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, adam, onuň hukuklary we azatlyklary hakyndaky alada biziň ýurdumyzyň demokratik ösüşiniň möhüm şertleridir, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda hem-de başlangyjy bilen ýöredilýän we dünýä bileleşiginde giňden ykrar edilmäge hem-de abraýa eýe bolan döwlet syýasatynyň esasy we düýpli ileri tutulýan ugurlarydyr. Şu mynasybetli biziň ýurdumyzda gender deňligi meselelerine hem-de aýallaryň hukuklaryny we azatlyklaryny goramaga aýratyn üns berilýär.
Dünýä bileleşiginiň işjeň agzasy bolmak bilen, Türkmenistan Garaşsyzlyk ýyllary içinde adam hukuklary babatda halkara konwensiýalarynyň, şertnamalarynyň we ylalaşyklarynyň köpüsine goşuldy.
Türkmenistan abraýly halkara guramalarynyň, şol sanda BMG-niň we ÝB-niň tassyklanan resminamalaryna laýyklykda öz borçnamalaryna eýerip, adam hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmäge degişli umumylykda ykrar edilen halkara hukuk kadalaryny we düzgünlerini milli kanunçylygyna hem-de iş tejribesine yzygiderli ornaşdyrýar.
“Biz zenanlarymyzyň ruhy-ahlak, paýhas we zähmet mümkinçiliklerine ýokary baha berýäris. Zenanlaryň kanuny bähbitlerini we hukuklaryny goramak, olary döwlet tarapyndan ýeňillikler bilen üpjün etmek türkmen jemgyýetini durnukly ösdürmegiň möhüm şertleriniň biri bolup durýar. Bu ugurda zenanlarymyzyň erkana ýaşamagy we işlemegi, bilim almagy, hünär öwrenmegi, perzentlerini döwrebap terbiýelemegi üçin döwlet tarapyndan ähli şertler döredilýär” diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýdan sözleri täze neşire sözbaşy hökmünde alyndy. Şol sözler biziň ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda amala aşyrylýan Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlaryny örän takyk kesgitledi.
Täze neşir diňe bir aýallaryň hukuklaryny goramak babatda Türkmenistanyň ulanylýan milli kanunçylygynyň kadalaryny däl, eýsem, bu ulgamdaky köp sanly halkara – hukuk resminamalaryny özünde jemlemek bilen, ilatyň hukuk taýdan habardar edilmegi üçin iş ýüzünde ulanylýan gollanma bolup hyzmat eder, şeýle hem biziň ýurdumyzda demokratik özgertmeleri mundan beýläk-de üstünlikli çuňlaşdyrmak hem-de giňeltmek üçin hukuk ulgamynda aýallaryň işjeňligine ýardam eder.
Türkmen we rus dillerinde çap edilen täze hukuk ýygyndysy, bu ýere ýygnananlaryň pikiriçe, okyjylaryň giň toparyny milli kanunçylyk binýady bilen, şeýle hem gender deňligi we aýallaryň hukuklaryny goramak babatda biziň ýurdumyz tarapyndan kabul edilen halkara resminamalary bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berer.