Ï Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi

view-icon 981
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň gündelik we möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem käbir möhüm resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýewe söz berdi. Ol özüniň gözegçilik edýän ulgamynda işleriň ýagdaýy hakynda hasabat berdi. Wise-premýer şeýle hem milli Liderimize zähmet haklaryny we pensiýalary ýokarlandyrmak bilen bagly geçirilýän işler barada habar berdi. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň beren görkezmelerinden ugur alyp, ykdysady toplumyň edara - kärhanalary degişli resminamany işläp taýýarlaýarlar. Şol resminama laýyklykda 2013-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan zähmet haklaryny 10 göterim, pensiýalary 15 göterim ýokarlandyrmak göz öňünde tutulýar.

Hökümetiň Başlygynyň orunbasary hasabatynyň çäklerinde “Gündogar-Günbatar” gaz geçirijisiniň we onuň ýerüsti kömekçi ulgamlarynyň taslamalaryny düzmek we olary gurmak işlerini maliýeleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, halkyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak türkmen döwletiniň durmuş syýasatynyň möhüm wezipesi bolup durýar diýip belledi. Milli ykdysadyýetiň durnukly häsiýeti ýurdumyzda zähmet haklarynyň we döwlet kömek pullarynyň möçberlerini ýokarlandyrmak üçin oňat binýadyň bardygyna şaýatlyk edýär diýip, milletiň Lideri şu mesele boýunça birnäçe belliklerini aýtdy we degişli resminamany taýýarlamagy tabşyrdy.

“Gündogar-Günbatar” gaz geçirijisini gurmagyň taslamasyny maliýeleşdirmek meselesi barada durup geçmek bilen, hormatly Prezidentimiz wise-premýere degişli düzümleriň ýolbaşçylary bilen bilelikde bu meseläni jikme-jik öwrenmegi hem-de bu babatda anyk teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Nurmyradowa döwlet Baştutanymyza medeniýet ulgamynyň garamagyndaky düzümleriň işleri, olaryň ýakyn wagtda geçirmegi meýilleşdirýän iri çäreleri we ýurdumyzyň habar beriş serişdelerini ösdürmek boýunça görülýän çäreler hakynda habar berdi. Wise-premýer şeýle hem habar beriş işiniň guramaçylyk esaslaryny kadalaşdyrmak, hususan-da, gepleşikleri bermegiň häzirki zaman dünýä tejribesine laýyk gelýän radioýaýlymlary öz ugurdaş teleýaýlymlarynyň ses ýodasynyň gapdaly bilen ýaýlyma çykarmak boýunça alnyp barylýan işler baradaky mesele hakynda jikme-jik hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp hem-de teklibi makullap, öňdebaryjy daşary ýurt tejribesini öwrenmek geljekde hem ýurdumyzyň teleradioaýlymlarynyň işini kämilleşdirmäge, dünýä ulgamyna birleşen giň habarlar ulgamyny döretmäge gönükdirilen anyk işlerde öz beýanyny tapmalydyr diýip nygtady. Häzirki zaman tehnologiýalary medeni ulgamyň edaralarynyň işine giňden ornaşdyrmagyň möhümdigini belläp, milli Liderimiz bu ulgamyň işgärleriniň başlangyçlaryny we hünär kämilligine isleglerini höweslendirmek bilen olaryň döredijilik mümkinçiliklerini ýokarlandyrmagyň ähmiýetiniň uludygyny aýtdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow pudaklaýyn ösüş maksatnamasynyň we nebitgaz pudagynda hem-de himiýa senagatynda iri maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçirilişiniň barşy barada hasabat berdi. Hususan-da, wise-premýer Mary welaýatynyň çäginde ýerleşýän “Galkynyş” gaz känini özleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler hakynda habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň baý uglewodorod serişdeleriniň netijeli özleşdirilmeginiň, şol sanda ulanyş ulgamyna täze geljegi uly ýataklaryň goşulmagyny tizleşdirmegiň hasabyna netijeli özleşdirilmeginiň zerurdygyny belledi we munuň ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli durmuş-ykdysady maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde möhüm ähmiýete eýedigini aýtdy. Şu jähetden döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda ýangyç-energetika toplumynyň ýolbaşçylaryndan özüniň serişde gorlary boýunça dünýäniň iri ýataklarynyň hataryna girýän “Galkynyş” gaz käninde önümçilik düzüminiň desgalarynyň gurluşygyna degişli gözegçiligi üpjün etmegi talap etdi.

Soňra garamagyndaky düzümleriň işleri baradaky hasabat bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary R.Seýitkulyýew çykyş etdi. Döwlet Baştutanynyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat bermek bilen, wise-premýer Türkmenistanyň demir ýol ulaglary pudagyny 2012-2016-njy ýyllar aralygynda ösdürmegiň Baş meýilnamasyny amala aşyrmagyň çäklerinde geçirilýän toplumlaýyn çäreler hakynda habar berdi. Bellenilişi ýaly, göz öňünde tutulan işleri, hususan-da, “Aşgabat - Bereket - Türkmenbaşy” demir ýolunyň aragatnaşyk ulgamlaryna bolan talaplary üpjün edip biljek ýokary hilli döwrebap aragatnaşyk ulgamlaryny gurmak üçin Hytaý Halk Respublikasynyň “Jiangsu Guotai Litian Enterprises Co., Ltd.” kompaniýasy bilen şertnamany baglaşmak göz öňünde tutulýar.

Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmagyň döwlet syýasatynyň esasy ugry bolup durýandygyny belläp, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hödürlenen teklipleri umuman makullady. “Aşgabat - Bereket - Türkmenbaşy” demir ýolunyň ýokary hilli döwrebap aragatnaşyk ulgamlaryny gurmak hakynda” Karara gol çekip, hormatly Prezidentimiz wise-premýere birnäçe görkezmeleri berdi we degişli resminamanyň ähli düzgünleriniň ýerine ýetirilişine berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy A. Hojamgulyýewiň hasabatyny diňledi. Ol Türkmenistanyň serhedinden geçýän, şol sanda üstaşyr geçýän ulag serişdeleriniň akymyna gözegçiligi üpjün etmek maksady bilen, ýolbaşçylyk edýän düzüminiň alyp barýan işleri barada hasabat berdi.

Gümrük gullugynyň işini yzygiderli kämilleşdirmegiň möhümdigini bellemek bilen, milli Liderimiz gümrük gullugynyň işgärleri serhetden geçýän ähli ýükleri düýpli barlamak bilen bir hatarda, daşary ýurtly myhmanlara türkmen halkynyň myhmansöýerlik ýaly asylly däplerine eýermek arkaly hoşniýetli gatnaşygy üpjün etmelidiklerini aýtdy. Myhmanlaryň köpüsiniň biziň ýurdumyza uzak möhletleýin işewür gatnaşyklary ýola goýmak maksady bilen gelýändigini ýatdan çykarmaly däldir diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Soňra hasabat bermek üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýewe söz berildi. Wise-premýer özüniň gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby-lukmançylyk bölümlerini we harby bejeriş-öňüni alyş edaralaryny ýörite taýýarlykly lukmanlar bilen üpjün etmek maksadynda Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde harby lukmançylyk fakultetini döretmek bilen bagly meseleler hakynda hasabat berdi. Bu fakultetiň düzüminde harby kafedra, harby meýdan hirurgiýa kafedrasy, harby meýdan terapiýasy kafedrasy hem-de harby gigiýena, epidemiologiýa we toksikologiýa kafedrasy bolar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, biziň ýurdumyzda bilim ulgamyny hemmetaraplaýyn ösdürmek maksady bilen, birnäçe düýpli özgertmeler durmuşa geçirilýär, olaryň çäklerinde täze okuw jaýlary döredilýär, ýokary okuw mekdeplerinde täze fakultetler açylýar diýip belledi. Şunda dürli ugurlar boýunça ýokary hünärli işgärleri, ýokary bilim derejelerine eýe bolan hünärmenleri taýýarlamak meselesine aýratyn üns berilýär. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, döwletimiz mundan beýläk-de bilim ulgamynyň ösdürilmegine, ýaşlarymyzyň halkara ülňülerine laýyk gelýän derejede döwrebap bilim almaklary üçin ähli zerur şertleriň döredilmegine yzygiderli üns berer, bu bolsa halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň ýokary derejeli hünärmenler bilen üpjün edilmegini şertlendirer.

Ýurdumyzyň goranmak ministri B.Gündogdyýew döwlet Baştutanymyza harby gullukçylar we olaryň maşgala agzalary barada yzygiderli alada edýändigine sagbolsun aýdyp, ýurdumyzyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdebinde täze fakultetiň döredilmegi harby gullukçylaryň netijeli işi üçin döredilýän şertleriň aýdyň subutnamasydyr diýip nygtady we harby gullukçylaryň harby kasama, ata Watanymyzyň we mähriban halkymyzyň öňündäki mukaddes borja wepaly bolup, milli gymmatlyklaryň Garaşsyzlygymyzyň beýik gazananlarynyň goragynda berk durjakdyklaryna ynandyrdy.

Ýurdumyzyň mundan beýläk-de atalarymyzyň şöhratly däplerini berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mynasyp dowam etdirýän gaýduwsyz türkmen esgerleri hakynda yzygiderli alada etjekdigini belläp, Türkmenstanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy harby gullukçylaryň we olaryň maşgalalarynyň mynasyp gulluk we durmuş şertlerini üpjün etmek milli goşunymyzyň kuwwatyny pugtalandyrmaga gönükdirilen harby özgertmeleriň has möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar diýip nygtady.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işler, şeýle hem “EKSPO-2012” atly Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň Milli gününe bagyşlanan dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyzyň wekiliýetini 27-nji iýun-1-nji iýul aralygynda Koreýa Respublikasynyň Ýosu şäherine gulluk iş saparyna ibermek hakyndaky buýrugyň taslamasy barada hasabat berdi. Şol wekiliýetiň agzalary Milli günüň dabaraly çärelerine, tanyşdyrylyş dabaralaryna, işewür we medeni maksatnamasyna gatnaşarlar. Bütindünýä serginiň çäklerinde 12-nji maýda açylan türkmen pawilonynyň esasy mowzugy “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň taslamasy bolup, ol sergä gelýänlerde, Koreýanyň we beýleki ýurtlaryň işewür toparlarynyň wekillerinde uly gyzyklanma döretdi. Öňde boljak çäre bu üstünligi berkidip, hyzmatdaşlaryň ünsüni Türkmenistan bilen ykdysadyýet, syýahatçylyk, şeýle hem ekologiýa, tebigy serişdeleri özleşdirmek we dolandyrmak babatda özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerine çeker.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň eksport we maýa goýum kuwwatyny ýokarlandyrmak, ileri tutulýan ugurlarda dürli ýurtlar we halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin halkara gatnaşyklaryny giňeltmegiň ähmiýetiniň uludygyny belledi. Ägirt uly çig mal serişdelerine eýe bolan we dünýäniň energetika bazarynda möhüm orun eýeleýän Türkmenistan bu gün köp asyrlyk tebigaty goramak däpleri, häzirki zaman netijeli ekologik syýasaty bilen çykyş edip, möhüm meseleleri çözmäge jogapkärli çemeleşýändigini görkezýär.

“EKSPO-2012” Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň ekspozisiýasy iri taslamalary, şol sanda Hazaryň ekologiýa taýdan arassa kenarynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyny döretmek boýunça taslamany amala aşyrmakda biziň gazanan üstünliklerimizi wagyz etmekde möhüm orun eýeläp, biziň beýleki ulgamlarda gazanan üstünliklerimizi görkezmelidir, öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalary we kärhanalary bilen ýakyn gatnaşyklary ýola goýmalydyr diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.

Meýilleşdirilen çäreleriň maglumatlara we mazmuna baýdygy, olaryň medeni we döredijilik esaslary biziň ýurdumyzyň şu güni barada doly we aýdyň düşünje bermelidir, türkmen halkynyň dünýäniň halklary bilen dostlukly gatnaşyklaryny has-da giňeltmäge hyzmat etmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz hödürlenen resminama gol çekip, wise-premýere “EKSPO-2012”-de Türkmenistanyň Milli gününi geçirmegiň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek barada görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň direktory Ý.Kakaýew Hazar deňzinde taslamalary amala aşyrmak boýunça alnyp barylýan işler, hususan-da, nebitgaz ulgamynda işleýän daşary ýurt kompaniýalaryň we konsernleriň gatnaşmagynda amala aşyrylýan işler, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Hazar deňziniň baý uglewodorod serişdeleriniň özleşdirilmegi Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň strategik ugry bolup durýar diýip belledi. Hut şu ýerde, deňiz ýalpaklygynda hem-de kenarýaka zolakda ýakyn ýyllaryň dowamynda “gara altynyň” uly akymy alnar. Şunuň bilen baglylykda döwlet Baştutany nebitgaz kompaniýalarynyň alyp barýan işlerine, aýratyn-da daşky gurşawy goramak boýunça talaplaryň ýerine ýetirilişine hemişe gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Soňra ýurdumyzyň Döwlet serhet gullugynyň başlygy—Serhet goşunlarynyň serkerdebaşysy M.Yslamowa söz berildi. Ol ýurdumyzyň serhet gullugy üçin binalar toplumynyň gurluşygynyň taslamasynyň taýýarlanylyşy barada hasabat berdi. Hususan-da, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň merkezi edara binasynyň, Türkmenistanyň Serhet institutynyň, 4 sany 5 gatly ýaşaýyş jaýynyň we Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň üpjünçilik batalonynyň desgalarynyň, jemi 17 gektar meýdany eýelejek toplumyň taslamalary Belent Serkerdebaşymyzyň garamagyna hödürlendi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow görkezilen taslamalary umuman oňlap, täze binalaryň daşky bezeg işleri hem-de olaryň binagärlik aýratynlyklary bilen bir hatarda desgalarda mähriban Watanymyzyň mukaddes çäkleriniň ygtybarly goragyny alyp barmak ýaly aýratyn jogapkärli wezipäni, diýmek, türkmen halkynyň parahatçylygyny, abadançylygyny we asudalygyny üpjün edýän gullugyň işgärleri üçin ähli zerur şertleriň döredilmegi göz öňünde tutulmalydyr diýip belledi. Döwlet Baştutanymyz sözüni dowam edip, ýurtda gurulýan ähli binalarda bolşy ýaly, bu ýerde gurulýan desgalaryň ýokary hiliniň üpjün edilmegi hem-de olaryň öz wagtynda tabşyrylmagy esasy talap bolup durýar diýip aýratyn nygtady.

Soňra Türkmenistanyň Prezidengtiniň ýanyndaky Hukuk goraýjy edaralaryň işiniň meseleleri boýunça raýatlaryň ýüztutmalaryna garamak baradaky döwlet toparynyň alyp barýan işleri baradaky hasabat bilen ýurdumyzyň Ýokary kazyýetiniň başlygy A.Hallyýew çykyş etdi.

Döwletimiziň demokratik esaslarynyň okgunly ösüşinde, ýurdumyzyň Baş Kanunynda ykrar edilen raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny goramakda degişli düzümiň möhüm orun eýeleýändigini belläp, milli Liderimiz toparyň adyna gelip gowuşýan arzalaryň jikme-jik öwrenilmeginiň hem-de olar boýunça degişli çäreleriň görülmeginiň zerurdygyny aýtdy.

Soňra Türkmenistanyň Neşelere garşy göreşmek baradaky döwlet gullugynyň başlygy A.Garaýew ýurdumyzda neşe serişdeleriniň ýaýradylmagynyň öňüni almak boýunça, durmuşa geçirilýän wajyp işler hakynda hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz gullugyň durmuşa geçirýän çäreleriniň möhümdigini aýtmak bilen, häzirki döwürde hukuk goraýjy edaralar bilen bir hatarda, bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň we abraýly halkara guramalarynyň alyp barýan işleri bilen sazlaşykly hem-de utgaşykly çäreleri durmuşa geçirmek maksady bilen umumy tagallalaryň utgaşdyrylmagynyň zerurdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz ilatyň arasynda häzirki döwürde tutuş adamzada wehim salýan neşe serişdelerini ulanmagyň zyýany barada giňden wagyz-nesihat işlerini geçirmek arkaly öňüni alyş çäreleriniň amala aşyrylmagyna aýratyn ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiz, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisiniň barşynda wise-premýerlere hem-de käbir ministrleriň we edaralaryň ýolbaşçylaryna anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutany A.Ýegeleýewden ýurdumyzyň ähli künjeklerinde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň depginini düýpli güýçlendirmegi we hilini mydama berk gözegçilikde saklamagy, A.Ýazmyradowdan galla oragynyň bellenilen möhletinde tamamlanmagyny hem-de taýýarlanylan dänäniň zaýasyz saklanylmagyny üpjün etmegi talap etdi.

Döwlet Baştutany Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy H.Muhammedowa öz garamagyndaky düzümlerde işleri talabalaýyk guramagy tabşyrdy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäherinde Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen bilelikde Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň nobatdaky 14-nji Merkezi Aziýa maslahatynyny guramaçylykly geçirmek barada aýdyp, hökümetiň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredowa ony ýokary derejede guramak barada görkezme berdi.

Türkmenistanyň içeri işler ministri I.Mulikowa ministrligiň buýurmasy esasynda gurulýan ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyna berk gözegçilik etmek barada anyk tabşyryklar berildi.

Milli parlamentarileriň öňünde durýan möhüm wezipeler barada aýdyp, döwlet Baştutany Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewanyň ünsüni deputatlaryň öz saýlawçylarynyň sargytlarynyň ýerlerde berjaý edilişi bilen yzygiderli gyzyklanyp durmagynyň zerurdygyna çekdi.

Mejlise gatnaşyjylar öz nobatynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Rio-de-Žaneýroda geçiriljek BMG-niň durnukly ösüş boýunça Rio+20 maslahatyna gatnaşmagy türkmen Lideriniň halkara arenasynda uly abraýynyň bardygyny aýdyň tassyklaýar diýip bellediler. Türkmenistanyň Baştutanynyň çykyşynyň, hususan-da, gün tertibiniň ählumumy meselelerini çözmäge gönükdirilen oňyn başlangyçlarynyň dünýä bileleşiginiň giň goldawyna eýe boljakdygyny nygtap, bu ýere ýygnananlar milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Braziliýa sag-aman gidip gelmegi dileg edip, ak ýol arzuw etdiler.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisiniň barşynda döwlet durmuşynyň beýleki birnäçe meselelerine garady we olar boýunça degişli çözgütleri kabul edip, mejlisi tamamlady we oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, abadançylyk we eziz Watanymyzyň gülläp ösmeginiň hatyrasyna alyp barýan işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdi.