Ï Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýa Federatiw Respublikasyna iş sapary bilen ugrady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýa Federatiw Respublikasyna iş sapary bilen ugrady

view-icon 707
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň durnukly ösüş boýunça “Rio+20” maslahatyna gatnaşmak üçin, iş sapary bilen Braziliýa Federatiw Respublikasyna ugrady.

Döwlet Baştutanymyzy Aşgabadyň howa menzilinde ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.

Köp sagatlyk uçuşdan soň, hormatly Prezidentimiziň uçary Rio-de-Žaneýronyň Galean halkara howa menzilinde gondy. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy kabul edýän tarapyň resmi wekilleri, Türkmenistanyň BMG-däki missiýasynyň jogapkär işgärleri mähirli garşyladylar.

Hormatly Prezidentimiz howa menzilinden sapar mahaly özi üçin bellenen kabulhanasyna tarap ugrady.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Braziliýa saparynyň maksatnamasy dürli çärelere baýdyr. Maslahata gatnaşmak bilen bir hatarda maksatnamada köp sanly möhüm ikitaraplaýyn duşuşyklar göz öňünde tutulýar.

Maslahata gatnaşyjylaryň garamagyna durnukly ösüş ulgamynda täze ählumumy syýasy borçnamalary işläp taýýarlamak ýaly halkara gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlaryna degişli meseleleriň giň toplumy hödürlendi. Önümçiligiň ekologiýa taýdan döwrebaplaşdyrylmagy, täzeden dikeldilýän energetikanyň ösdürilmegi, paýlaýjy ykdysadyýetiň ösüşi we onuň netijeliligini ýokarlandyrmak, şeýle hem ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine döwlet dolandyryşyny kämilleşdirmek ýaly meseleler gepleşikleriň möhüm ugurlaryna öwrüler.

Mundan başga-da, soňky ýyllarda ekologiýa ulgamynda täze iş ýerlerini döretmek, şäherleriň durnukly ösüşi, azyk howpsuzlygy, suw serişdelerini netijeli dolandyrmak, şeýle hem tebigy betbagtçylyklara garşy durmaga taýýarlyk ýaly dünýä bileleşiginiň öňünde durýan möhüm meseleleriň çözgüdini işläp taýýarlamak ýaly meselelere maslahata gatnaşyjylaryň ünsi çekiler.

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 66-njy mejlisinde eden çykyşynda Hazar sebitinde daşky gurşawy goramak bilen baglanyşykly meselelere seretmek we degişli teklipleri işläp taýýarlamak üçin hemişelik ýagdaýda hereket edýän Hazar Ekologiýa Forumyny döretmek, şeýle hem howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleleri çözmek boýunça ýörite düzüm bolan BMG-niň Sebitleýin merkezini döretmek hakyndaky teklibi öňe sürdi we Aşgabatda ähli zerur bolan düzümiň döredilmegine Türkmenistanyň taýýardygyny mälim etdi. Bu teklip “BMG-niň durnukly ösüş boýunça “Rio+20” maslahatynda Türkmenistanyň eýeleýän orny” atly maksatnamada öz beýanyny tapdy.

Döwlet Baştutanymyz özüniň maslahatda etjek çykyşynda Bitarap Türkmenistanyň häzirki zamanyň derwaýys meseleleriniň çözgüdine bolan çemeleşmelerini we biziň ýurdumyzyň ekologiýa howpsuzlygynyň pugtalandyrylmagyna, ählumumy ösüş üçin amatly şertleriň döredilmegine gönükdirilen halkara başlangyçlaryny beýan etmegi meýilleşdirýär.

Bu başlangyçlar türkmen tarapynyň tutuş adamzadyň abadançylygynyň we BMG-niň yglan eden Müňýyllygyň Maksatlarynyň bähbidine jogap bolup durýan görnüşdäki netijeli hyzmatdaşlygyň hemmetaraplaýyn çuňlaşdyrylmagyna hem-de ösdürilmegine taýýardygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüler.