Ï Halkara maslahatyň gün tertibinde – gender deňligi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Halkara maslahatyň gün tertibinde – gender deňligi

view-icon 600
Şu gün paýtagtymyzyň “Oguzkent” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda “Gender deňliginiň meseleleriniň döwlet tarapyndan dolandyrylmagynyň nusgasy we tejribesi” atly iki günlük halkara maslahaty öz işine başlady. Forumy Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türmken milli instituty BMG-niň Ilat gaznasy (UNFPA) bilen bilelikde gurady.

Aşgabatda wekilçilikli maslahatyň geçirilmegi türkmen jemgyýetiniň durmuşynda möhüm wakadyr we ýurdumyzda amala aşyrylýan, jemgyýetde gender deňligini gazanmaga gönükdirilen oňyn işlere halkara jemgyýetçiligi tarapyndan ýokary baha berilýändiginiň subutnamasydyr. Munuň esasy maksady gender deňliginiň döwlet tarapyndan kadalaşdyrylmagyna çemeleşmeler boýunça tejribe alyşmakdan ybaratdyr.

Forumyň işine BMG-niň esasy gulluklarynyň ýerli edaralarynyň -- UNFPA-nyň Sebitleýin býurosynyň, BMG-niň Bosgunlaryň işleri boýunça Ýokary Komissarynyň müdiriýetiniň, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, BMG-niň adam hukuklary baradaky Ýokary Komissarynyň müdiriýetiniň ýolbaşçylary we wekilleri, Horwatiýadan, Azerbaýjandan, Türkiýeden, Moldowadan, Çehiýadan we Ermenistandan gelen gender hukugy ulgamyndaky halkara bilermenleri, şeýle hem Orta Aziýa döwletlerinden parlament agzalary, biziň ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalarynyň wekilleri, türkmen tarapyndan bolsa Türkmenistanyň Mejlisiniň, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň birnäçesiniň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary gatnaşýarlar.

Maslahatyň barşynda ählumumy we sebitleýin maksatlar, gazanylan netijeler we öňde duran wezipeler, adam hukugyny berjaý etmekde halkara konwensiýalarynyň orny, milli kanunçylyga gender ýörelgelerini ornaşdyrmak we olary ýerine ýetirmegiň gurallary, erkekleriň we aýallaryň deňligi baradaky ýörelgäni ilerletmekde habar beriş serişdeleriniň orny hakyndaky mowzuklaýyn çykyşlaryň birnäçesi diňlenildi.

Gender deňligi meselesiniň Müňýyllygyň Ösüş maksatlarynyň we UNFPA-nyň işiniň möhüm ugurlarynyň biridigi nygtalyp bellenildi. Gender deňhukuklylygy meseleleri milli derejede hem, ählumumy derejede hem durnukly we yzygiderli ösüş üçin uly ähmiýete eýedir. Çykyş edenler BMG-niň zenanlar babatda kemsidilmeleriň ähli görnüşlerini aradan aýyrmak hakyndaky konwensiýasynyň adam hukuklary ulgamynda möhüm halkara ylalaşygy bolmak bilen, ol durmuşyň ähli ulgamlarynda erkekler we aýallar üçin deň mümkinçilikler ýörelgesini iş ýüzünde durmuşa geçirmäge ýardam edýär diýip bellediler. Hut şol ýörelge jemgyýeti demokratiýalaşdyrmagyň we ony üstünlikli ösdürmegiň esasy şertleriniň biridir.

Öz nobatynda, türkmen hünärmenleri gender deňligi ulgamynda Türkmenistanyň kanunçylygyna synlary, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň dürli ulgamlaryna gender deňligi meselelerini ornaşdyrmak boýunça çykyşlary hödürlediler. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň Esasy Kanunyna we umumy ykrar edilen halkara kadalaryna laýyklykda, deň hukuklar we azatlyklar, erkekler we aýallar üçin deň mümkinçilikleri döretmek ýörelgesi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi. 1996-njy ýylda BMG-niň zenanlar babatda kemsidilmeleriň ähli görnüşlerini aradan aýyrmak hakyndaky konwensiýa we 2009-njy ýylda onuň Fakultatiw protokolyna goşulyp, Türkmenistan öz üstüne alan halkara borçnamalaryny yzygiderli we gyşarnyksyz ýerine ýetirýär. Bu möhüm resminama tassyklanandan soň, ýurdumyzda BMG-niň degişli komitetiniň maslahatlaryny durmuşa geçirmäge, şol sanda bu meseleleriň ýurdumyzyň kanunçylygyna girizilmegine, Hereketleriň milli meýilnamasyny işläp taýýarlamaga uly üns berilýär. Konwensiýanyň esasy düzgünleri Maşgala kodeksinde, Durmuş üpjünçiligi hakyndaky kodeksde, Türkmenistanyň Jenaýat –iş ýörediş kodeksinde we beýleki kanunçylyk namalarynda öz beýanyny tapdy.

Saldamly hukuk binýady, kazyýet we hukuk goraýjy edaralaryň ulgamy şahsyýetiň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini hemmetaraplaýyn goramak maksatlarynyň ýerine ýetirilmegine ýardam edýär, degişli jemgyýetçilik guramalary hereket edýär. Daşary ýurtly hyzmatdaşlar, ilkinji nobatda, BMG we beýleki esasy halkara düzümleri bilen oňyn gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär.

Şu maslahatyň netijeleri sebitde gender syýasatyny durmuşa geçirmegiň geljekki strategiýasyny işläp taýýarlamaga, şeýle hem bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge, milli kanunçylygy mundan beýläk-de kämilleşdirmäge we şunuň netijesinde zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmäge, olaryň bähbitlerini hemmetaraplaýyn üpjün etmäge ýardam eder.

Ertir halkara maslahaty öz işini dowam eder.