Ï Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistanyň Prezidenti bilen duşuşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistanyň Prezidenti bilen duşuşdy

view-icon 745
BMG-niň durnukly ösüş boýunça maslahatyna gatnaşmak üçin Braziliýada iş saparynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen duşuşdy.

Iki ýurduň Liderleri mähirli görşüp, döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejesini kanagatlanmak bilen bellediler. Şol gatnaşyklar Türkmenistanyň we Täjigistanyň halklarynyň arasynda gadymdan gelýän dostluk, özara düşünişmek we ynanyşmak däplerine daýanmak bilen bu gün täze sepgitlere eýe boldy.

Duşuşygyň barşynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Emomali Rahmon türkmen-täjik gatnaşyklarynyň ileri tutulýan meselelerini, ozaly bilen ýokary derejede gazanylan ylalaşyklary, şeýle hem özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin açylýan giň mümkinçilikleri amala aşyrmak bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Uzakmöhletleýin esasda guralýan söwda-ykdysady gatnaşyklaryny has-da giňeltmek barada aýtmak bilen, söhbetdeşler bu işde bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň möhüm orun eýeleýändigini bellediler. Bu toparyň işi soňky döwürde işjeňleşdi. Iki döwletiň geografik ýerleşişini we üstaşyr-ulag mümkinçiliklerini nazara almak bilen energetika we ulag-aragatnaşyk ulgamlarynda özara gatnaşyklaryň ugurlary hem gyzyklanma bilen ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şunuň bilen baglylykda, Täjigistan Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklaryň berkidilmegine we giňeldilmegine uly ähmiýet berýär diýip, Prezident Emomali Rahmon türkmen Lideriniň halkara başlangyçlaryny goldaýandygyny aýtdy. Şol başlangyçlar BMG-niň belent münberinden beýan edildi we ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmäge, sebitleýin hem-de dünýä möçberinde durnukly ösüş we oňyn hyzmatdaşlyk üçin oňaýly şertleri döretmäge gönükdirilendir.

Duşuşygyň barşynda gumanitar ulgamynda özara gatnaşyklary döwletara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde görkezmek bilen, söhbetdeşler bu ugurda özara peýdaly gatnaşyklary has-da giňeltmek ugrunda öz pikirlerini aýtdylar. Munuň özi iki doganlyk halkyň taryhy emele gelen medeni-ruhy gatnaşyklary, olaryň köpasyrlyk däpleriniň umumylygy bilen şertlendirilendir.

Türkmenistanda we Täjigistanda iki döwletiň Medeniýet günleriniň geçirilmegi, şeýle hem türkmen we täjik alymlarynyň, medeniýet we sungat işgärleriniň ýurtlaryň ikisinde hem guralýan ylmy we döredijilik duşuşyklaryna gatnaşmagynyň gumanitar gatnaşyklary ösdürmegiň maksatlaryna gös-göni ýardam berýändigi hem bellenildi.

Türkmenistanyň we Täjigistan Respublikasynyň Liderleri şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän sebitleýin we halkara syýasatynyň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmony özi üçin amatly pursatda Türkmenistana gelip görmäge çagyrdy. Çakylyk hoşallyk bilen kabul edildi.

Duşuşygyň ahyrynda iki döwletiň Liderleri Türkmenistanyň we Täjigistanyň dostluk, doganlyk we netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna üýtgewsiz ygrarlydygyny tassyklap, türkmen we täjik halklaryna parahatçylyk, bagtyýarlyk we abadançylyk arzuw etdiler.