Ï Türkmenistanyň gapylary tebigatyň sazlaşygynyň we ösüşiň ählumumy wezipelerini çözmek üçin açykdyr
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň gapylary tebigatyň sazlaşygynyň we ösüşiň ählumumy wezipelerini çözmek üçin açykdyr

view-icon 758
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň durnukly ösüş boýunça “Rio+20” maslahatynda ekologiýa başlangyçlary bilen çykyş etdi

Braziliýa Federatiw Respublikasynda iş saparynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün Birleşen Milletler Guramasynyň durnukly ösüş boýunça “Rio+20” maslahatyna gatnaşdy we onda çykyş etdi.

Ozal habar berlişi ýaly, bütindünýä forumy düýn Rio-de-Žaneýroda “Riosentro” maslahatlar merkezinde açyldy. Şol gün türkmen döwletiniň Baştutany “Rio+20” maslahatyna gatnaşmagynyň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesini geçirdi. 20-nji iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Wengriýa Respublikasynyň Prezidenti Ýanoş Ader we Bolgariýa Respublikasynyň Prezidenti Rosen Plewneliýew bilen duşuşdy.

20-nji iýunda agşam Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Prezidentiniň adyndan BMG-niň “Rio+20” maslahatyna gatnaşýan wekiliýetleriň baştutanlarynyň hormatyna kabul edişlik boldy. Belent mertebeli myhmanlar üçin şeýle hem “Barra Arenada” “Braziliýa bilen tanyşlyk” atly gyzykly sahnalaşdyrylan çäre guraldy.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2009-njy ýylda kabul eden çözgüdi esasynda guralan Rio-de-Žaneýro global forumy döwlet we hökümet baştutanlarynyň 100-den gowragyny, şeýle hem dünýäniň köp ýurtlaryndan döwlet işgärlerini, parlament agzalaryny, işewür toparlarynyň hem-de raýat bileleşiginiň köp sanly wekillerini jemledi. Mälim bolşy ýaly, durnukly ösüş üçin şertleri döretmek maslahatyň gün tertibiniň esasy meselesi hökmünde kesgitlenildi. Daşky gurşawy goramak we ekologiýa howpsuzlygy meseleleri onuň esasy ugurlarynyň biridir. Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Prezidenti Dilma Russeff forumyň Başlygy, BMG-niň Baş sekretarynyň ykdysady we durmuş meseleleri boýunça orunbasary Şa Zukang maslahatyň Baş sekretary bolup durýar.

Duşuşygyň BMG-niň daşky gurşaw we ösüş boýunça 1992-nji ýylda şu ýerde bolan maslahatyndan ýigrimi ýyl geçenden soň geçirilýändigi bellärliklidir we ony Birleşen Milletler Guramasynyň taryhynda örän uly waka diýip atlandyrmak bolar. Rio-de-Žaneýrodaky bu forum abadançylygyň we rowaçlygyň düýpli maksatlaryna laýyk gelýän oňyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmäge ýardam eder.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän we ýurdumyzy hemmetaraplaýyn okgunly ösdürmäge, şeýle hem ählumumy abadançylygyň bähbidine netijeli sebitleýin we halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga gönükdirilen syýasaty şu maksatlara doly laýyk gelýär.

Bu döredijilikli, öňdengörüjilikli strategiýa hem-de türkmen Lideriniň BMG-niň belent münberinden öňe süren başlangyçlary dünýä bileleşiginiň giň goldawyna we ykrarnamasyna mynasyp boldy hem-de häzirki zamanyň derwaýys meseleleriniň çözgütlerini işläp taýýarlamaga netijeli gatnaşýan Türkmenistanyň işjeň orny eýeleýändigine şaýatlyk edýär. Şu jähtden ählumumy durnukly ösüşiň möhüm şerti hökmünde ekologiýa meselesi aýratyn ähmiýete eýe bolýar.

Türkmenistanda bu meselä uly üns berilýär, çünki daşky gurşawy goramak, biologiki köpdürlüligi aýawly saklamak, tebigy serişdeleri rejeli ulanmak, täze “ýaşyl” tehnologiýalary ornaşdyrmak, umuman, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek biziň ýurdumyzda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryna çykaryldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ykdysady we durmuş ulgamynda amala aşyrylýan giň möçberli milli özgertmeler ähli babatda adamlaryň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagynyň möhüm şerti hökmünde ekologiýa ugry bilen berk baglanyşyklydyr.

Türkmenistan ekologiýa meselesi ýaly örän derwaýys ugurda halkara gatnaşyklaryna işjeň gatnaşmak bilen, BMG-niň çäklerinde oňyn hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak we giňeltmek, beýleki iri guramalar we düzümler bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda çykyş edip, bütin adamzadyň geljegi üçin örän wajyp meseleler boýunça özara gatnaşyklary ilerletmäge ýardam etmäge çalyşýar. Şunuň bilen baglylykda, täze taryhy eýýamda däbe öwrülen Türkmenistanyň we Birleşen Milletler Guramasynyň hyzmatdaşlygynyň hil taýdan täze derejä çykandygyny bellemelidiris. Munuň özi hyzmatdaşlygyň strategiki häsiýete eýedigini we onuň anyk netijelere gönükdirilendigini tassyklaýar.

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow geçen ýylyň sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 66-njy mejlisinde eden çykyşynda Türkmenistanyň “Rio+20” Bütindünýä maslahatynyň işine gatnaşjakdygyny we onuň garamagyna anyk teklipleriň birnäçesini girizjekdigini tassyklady. Şu ýylyň martynda ählumumy forumyň internet saýtynda, biziň ýurdumyzyň ýörite sahypasynda resminama hökmünde milletiň Lideriniň başlangyjy boýunça we ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanylan Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň “Rio+20” maslahatyndaky garaýyşlary çap edildi.

Bularyň ählisi, şol sanda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň degişli Karary bilen Rio-de-Žaneýrodaky bütindünýä maslahatynyň öňüsyrasynda tassyklanan Howanyň üýtgemegi boýunça milli strategiýa türkmen döwletiniň ekologiýa adabançylygyny üpjün etmek wezipelerini çözmäge we dünýä bileleşiginiň öňünde öz üstüne alan borçnamalaryny ýerine ýetirmäge örän jogapkärli çemeleşýändigine şaýatlyk edýär.

Şu gün ýerli wagt bilen irden Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Riosentro” maslahatlar merkezine geldi, şol ýerde BMG-niň “Rio+20” maslahaty öz işini dowam etdirdi. Bu taryhy duşuşyga gatnaşyjylaryň hatarynda döwlet we hökümet baştutanlarynyň, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň, BMG-niň iri düzümleriniň ýolbaşçylarynyň we umuman, dünýäniň 190-dan gowrak ýurduna wekilçilik edýän 40 müňe golaý wekiliň bolmagy bu forumyň, onuň garamagyna hödürlenen meseleleriň örän wajypdygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Bu ýerde, “Riosentroda” Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Dmitriý Medwedew bilen duşuşygy boldy.

Soňra türkmen döwletiniň Baştutany BMG-niň ählumumy Sammitiniň işine gatnaşdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bütindünýä forumynyň münberinden çykyş edip, dünýä möçberinde rowaçlygyň we ösüşiň bähbidine umumy tagallalary birleşdirmäge we özara peýdaly tejribe alyşmaga ýardam etmäge, adamzadyň bagtly geljegini üpjün etmäge gönükdirilen Türkmenistanyň anyk teliplerini beýan etdi.

Milletiň Lideri Türkmenistanyň wekiliýetiniň adyndan myhmansöýerlik we netijeli işlemäge döredilen şertler üçin maslahaty guraýjylara, Braziliýanyň ýolbaşçylaryna minnetdarlyk bildirip, şeýle derejedäki öňki duşuşykdan bäri geçen ýigrimi ýyl ýerine ýetirilen işleriň netijelerine baha bermek üçin ýeterlik möhletdir diýip belledi. Türkmen döwletiniň Baştutanynyň nygtaýşy ýaly, şol işleriň netijeleri bolsa uludyr we täsirlidir, olar kabul edilen strategik maksatlaryň hem-de alnan ugurlaryň, umuman, dogrudygyny görkezdi. Ýöne wagt bir ýerde duranok. Dünýä bileleşiginiň öňünde ähli zady öz içine alýan şertler, häzirki günüň ýagdaýy we ösüşiň uzakmöhletleýin geljegi bilen şertlendirilen täze wezipeler ýüze çykýar.

Şu jähtden durnukly ösüşiň maksatlaryny durmuşa geçirmegiň dünýä, sebitleýin we milli gurallarynyň sazlaşygy hem-de olaryň biri-biriniň üstüni ýetirip durmagy häzirki wagtda ileri tutulýan ugur bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi. Öz nobatynda, munuň özi umumy abadançylygyň bähbidine hyzmatdaşlyk etmäge taýýarlyk babatda berk syýasy erki talap edýär. Halklaryň, döwletleriň, sebitleriň we yklymlaryň ählisiniň hukugynyň we gymmatlyklarynyň aýrylmazlygy hökmünde ösüş ählumumy häsiýete eýe bolmasa, ol hakykat ýüzünde durnukly we uzakmöhletleýin bolup bilmez. Türkmenistan şu maslahatyň giňişleýin gün tertibine çemeleşmelerinde hut şundan ugur alýar diýip, milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Döwlet Baştutanmyzyň belleýşi ýaly, biziň ýurdumyz milli ösüş meýilnamalaryny ýerine ýetirmäge jogapkärli çemeleşip, olary ykdysady, durmuş we ekologiki ugurlarda Müňýyllygyň Maksatlaryna laýyk getirýär. Bu babatda daşky gurşaw üçin ýaramaz täsirleri azaltmaga mümkinçilik berýän önümçiligiň, senagat we durmuş düzüminiň gurluşygynyň häzirki zaman ulgamlaryny we usullaryny ornaşdyrmak ileri tutulýan wezipe bolup durýar. Türkmenistan bug gazlarynyň howa aralaşmagynyň derejesini peseltmek boýunça halkara bileleşiginiň tagallalaryny goldamak bilen, senagatda, esasan hem nebitgaz, energetika we ulag pudaklarynda ekologiýa taýdan arassa hem-de serişdeleri tygşytlaýan häzirki zaman tehnologiýalaryny ulanmaga girişýär.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýaňy-ýakynda kanunçylyk esasynda kabul edilen Howanyň üýtgemegi boýunça Milli strategiýanyň döwletiň önümçilik işiniň ähli esasy ulgamlarynyň ekologiýa howpsuzlygynyň görkezijilerine tapgyrlaýyn geçýändigini aňladýandygyny aýtdy. Biziň ýurdumyz bu resminamany umumy işimize goşant hökmünde BMG-niň degişli düzümlerine hödürlemäge taýýardyr diýip, türkmen Lideri belledi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan energetika ulgamynyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berip, ýangyç serişdelerini köp möçberde öndürýän we daşary ýurtlara iberýän döwlet hökmünde ýurdumyzyň üstüne düşýän jogapkärçiligi örän berk duýýar. “Şoňa görä-de, ekologiýa howpsuzlygy meselesi biziň üçin esasy mesele bolup durýar. Bize energetika düzüminiň ösdürilmeginiň ekologiýa zyýan ýetirmeli däldigine ynanýarys” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Bu çemeleşme biziň ýurdumyzyň garaýşyny kesgitleýär. Şol garaýyş bolsa energetika howpsuzlygy meselelerinde halkara ylalaşygyny gözlemek zerurlygyndan ybaratdyr. Şu jähtden türkmen Lideri täze guraly--BMG-niň howandarlygynda Sebitara energetika dialogyny döretmek baradaky teklibi beýan etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşyny dowam edip, Hazar deňziniň ekologiýasynyň sebitiň çäklerinden çykýan möhüm wezipe bolup durýandygyny aýtdy. Hazar deňzi täsin tebigy toplum bolmak bilen, bütin adamzadyň gymmatlygydyr we şoňa görä-de, halkara bileleşiginiň aýratyn üns bermegini talap edýär diýip, türkmen döwletiniň Baştutany nygtady. Şunuň bilen birlikde, Hazar deňziniň sebiti ýangyç serişdelerini çykarmak we ugratmak babatda dünýäniň iri merkezleriniň birine öwrülýär. Biziň umumy wezipämiz ykdysady bähbitleri, energetika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygynyň anyk ýagdaýyny Hazaryň biologik köpdürlüligini aýawly saklamagyň zerurlygy bilen utgaşdyrmakdan, ekologiýa deňagramlylygynyň bozulmagyna ýol bermezlikden ybaratdyr. Bu babatda biz Birleşen Milletler Guramasynyň goldawyna bil baglaýarys. Häzirki wagtda diňe tassyklamalar däl-de, bilermenleriň düýpli bahasy, ýagdaýyň yzygiderli seljerilmegi zerurdyr. Olar sazlaşykly çözgütleri, şol sanda syýasy-hukuk häsiýetli çözgütleri işläp taýýarlamak üçin esas bolup hyzmat edip bilerdi diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Ýene-de bir çylşyrymly mesele Araly halas etmek bilen baglanyşyklydyr, bu meseläni çözmezden, Orta Aziýada durnukly ösüş wezipelerini ýerine ýetirmek barada gürrüň etmek kyndyr diýip, milletiň Lideri nygtady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu meselede toplumlaýyn halkara çemeleşmesiniň, Birleşen Milletler Guramasynyň işjeň we yzygiderli gatnaşmagynyň möhümdigini belläp, Türkmenistanyň degişli çäreleri işläp taýýarlamaga girişmek baradaky teklibini beýan etdi. Şol çäreleri BMG-niň işiniň aýratyn ugry görnüşinde amala aşyrmak maksadalaýyk bolardy. Ony BMG-niň Aral üçin Ýörite Maksatnamasy diýip atlandyrmagy teklip edýäris. Onda ýagdaýy durnuklaşdyrmak we gowulandyrmak boýunça anyk meýilnamalar öz beýanyny tapmalydyr diýip, milletiň Lideri aýtdy.

Umuman, Orta Aziýada we Hazar deňzi sebitinde, hususan-da, howanyň üýtgemegi jähtinden ekologiýa meseleleriniň çäginiň giňdigini nazara almak bilen, köptaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmegi we bu ulgamda netijeli gurallary döretmäge girişmegi möhüm hasaplaýarys. Munuň üçin Türkmenistan BMG bilen hyzmatdaşlykda ýöriteleşdirilen düzümi –howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleleri çözmek boýunça Sebitara merkezi döretmegi teklip edýär diýip, türkmen döwletiniň Baştutany belledi.

Milletiň Lideri Türkmenistanda amala aşyrylýan özgertmeleriň strategiýasynyň, onuň daşary syýasatynyň ýörelgeleriniň, kuwwatly durmuş ulgamyna esaslanýan döwletiň içerki we jemgyýetçilik gurluşynyň dünýägaraýşynyň durnukly ösüşiň Maksatlaryna doly laýyk gelýändigini nygtap, biziň ýurdumyzyň dürli ulgamlarda ekologiýa häsiýetli giň möçberli çäreleri geçirmek babatda dünýä bileleşigi boýunça hyzmatdaşlarymyz bilen oňyn tejribäni paýlaşmaga taýýardygyny tassyklady. Öz nobatynda, biz Birleşen Milletler Guramasynyň, onuň ýöriteleşdirilen gulluklarynyň Türkmenistanda, biziň sebitimizde durnukly ösüş maksatnamalaryny we meýilnamalaryny ilerletmäge gatnaşmagyna şatdyrys we goldaýarys, muňa hemmetaraplaýyn kömek we ýardam bermäge taýýardyrys diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Milletiň Lideri çykyşyny tamamlap, Türkmenistanyň şu maslahata durnukly ösüşi ilerletmek boýunça ählumumy tagallalarda tapgyrlaýyn waka hökmünde garaýandygyny belledi. Häzirki zaman ösüşiniň keşbini we many-mazmunyny kesgitlejek ýagdaýlaryň häsiýeti we ugry köp babatda onuň netijelerine bagly bolar. Şoňa görä-de, biziň ýurdumyz maslahatyň barşynda dünýä bileleşiginiň hereketlerini netijeli birleşdirmäge, bellenen meýilnamalary üstünlikli ýerine ýetirmek, biziň planetamyzyň täsinligini häzirki we geljekki nesillerimiz üçin aýawly saklamak üçin onuň syýasy-diplomatik, maliýe-ykdysady, guramaçylyk we tehniki serişdelerini herekete getirmäge gönükdirilen jogapkärli we örän anyk çözgütleriň kabul edilmegi ugrunda çykyş edýär diýip, türkmen döwletiniň Baştutany aýtdy.

Türkmen Lideriniň çykyşy uly gyzyklanma bildirilip, üns bilen diňlenildi we foruma gatnaşyjylaryň el çarpyşmalar bilen garşylandy.

Şol gün “Rio+20” maslahatynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretary Swen Alkalaý we BMG-niň Ykdysady we durmuş meselelri boýunça Baş sekretarynyň orunbasary, şu maslahatyň Baş sekretary Şa Zukang bilen duşuşdy.

Duşuşyklaryň barşynda türkmen Lideriniň bütindünýä forumynda beýan eden halkara başlangyçlaryna, umuman, gün tertibiniň möhüm meseleleriniň çözgütlerini işläp taýýarlamak boýunça dünýä bileleşiginiň tagallalaryna saldamly goşant goşýan Türkmenistanyň oňyn syýasatyna ýokary baha berildi. Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň esasy düzümleriniň we biziň ýurdumyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigi nygtaldy. Birleşen Milletler Guramasy Türkmenistany ygtybarly we örän jogapkärli hyzmatdaş hasaplaýar.

Hut şu ýerde, “Riosentrodan” Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kuba Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň we Ministrler Geňeşiniň Başlygy Raul Kastro bilen duşuşygy boldy.

Türkmen döwletiniň Baştutany BMG-niň durnukly ösüşi boýunça “Rio+20” maslahatyna gatnaşmak maksady bilen, Braziliýa Federatiw Respublikasyna amala aşyrylan iş saparynyň maksatnamasyny tamamlap, Rio-de-Žaneýro şäheriniň halkara howa menziline bardy we şol ýerden Watanymyza ugrady.