Şu gün paýtagtymyzyň “Prezident” myhmanhanasynda “Milli ösüş üçin intellektual eýeçilligiň orny” atly iki günlük milli okuw maslahaty öz işini tamamlady. Maslahat intellektual eýeçiligiň Bütindünýä guramasy (IEBG) hem-de Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrligi tarapyndan bilelikde guraldy.
Maslahata Türkmenistanyň pudaklaýyn ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, hususy telekeçiligiň, jemgyýetçilik guramalarynyň, habar beriş serişdeleriniň hem-de beýlekileriň wekilleri çagyryldy. IEBG-den halkara ekspertleri hökmünde maslahatyň işine jenap Mihal Swantner we hanym Saule Tlewlessowa gatnaşdylar.
Intellektual eýeçiligiň Bütindünýä guramasy BMG-niň edarasy bolup, intellektual eýeçiligi (patentler, awtorlyk hukugy, haryt nyşanlary, nusgalar we ş.m.) innowasiýalary we döredijiligi höweslendirmegiň serişdesi hökmünde peýdalanmak meseleleri bilen meşgullanýar.
Çykyş edenleriň belleýişi ýaly, Türkmenistanda durmuş-ykdysady özgerişlikleriň ýokary depginleri ýurdy mundan beýläk-de ösdürmekde intellektual eýeçiligiň ornunyň ýokarlanmagy bilen şertlendirilýär. Bu bolsa öz nobatynda Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan ýurduň halk hojalyk toplumynda öňdebaryjy maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmaga hem-de peýdalanmaga gönükdirilen döwlet syýasaty bilen esaslandyrylandyr.
Şunuň bilen baglylykda bu ugurda halkara tejribesine we iri halkara düzümleri hem-de guramalary, şol sanda IEBG bilen hyzmatdaşlyga aýratyn üns berilýär. Mälim bolşy ýaly, biziň ýurdumyz iň gowy dünýä tejribesini öwrenmäge we milli tejribämize ornaşdyrmaga içgin üns berýär.
Maslahatda intellektual eýeçiligiň hukuklaryna degişli kadalaşdyryjy-hukuk meseleleriniň çözmekde häzirki zaman dünýä tejribesi, intellektual eýeçiligiň Bütindünýä guramasynyň awtorlyk hukuklaryny hem-de hukuklary toparlaýyn dolandyrmak, olaryň goragy babatda alyp barylýan işler gyzyklanma bildirilip, ara alnyp maslahatlaşyldy, IEBG-de ulanylýan okuw maksatnamasyna we şertnamalaryna jikme-jik syn berildi. Iki günlük maslahatyň çäklerinde geçirilen “tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşlikde halkara tejribesiniň Türkmenistanda intellektual eýeçiligi goramagyň milli ulgamyna ornaşdyrmak meselesi hem ara alnyp maslahatlaşyldy.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegiň zerurdygyny nygtadylar, IEBG we şu mesele boýunça beýleki halkara guramalary bilen netijeli tejribe alyşmak barada pikir aýtdylar.