Ï Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

view-icon 605
Şu gün Braziliýada geçirilýän “Rio-20” durnukly ösüş boýunça Bütindünýä sammitine gatnaşýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň ykdysady we durmuş meseleleri boýunça orunbasary Şa Zukang bilen duşuşdy.

BMG-niň ýokary wezipeli wekili döwlet Baştutanymyza Birleşen Milletler Guramasynyň guramagynda geçirilýän foruma gatnaşýandygy üçin hoşallyk bildirip, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretara Pan Gi Munuň hormatly Prezidentimize we Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli halkyna aýdan hoşniýetli arzuwlaryny ýetirdi hem-de milli Liderimiziň häzirki dünýäniň öňünde durýan ekologiýa meseleleriniň çözgüdine gönükdirilen başlangyçlarynyň derwaýys häsiýete eýedigini nygtady.

Hususan-da, BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň häzirki döwürde ekologiýa we daşky gurşawy goramak ýaly derwaýys ugurdaky halkara gatnaşyklaryna täze kuwwatly itergi bermäge gönükdirilen nobatdaky tekliplerine ýokary baha berip, bu gezekki bütindünýä forumynyň birnäçe bilelikdäki taslamalary işläp taýýarlamaga we durmuşa geçirmäge, ählumumy parahatçylygyň hem-de gülläp ösüşiň hatyrasyna köptaraply netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga hem-de ösdürmäge hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.

BMG-niň derejesinde ýola goýulýan gatnaşyklaryň dünýä bileleşigine agza ýurtlaryň bilelikdäki işi üçin dürs ugry salgy bermäge ukyplydygyna we onuň tutuş adamzat üçin derwaýys meselelerde anyk çözgütleri kabul etmegi şertlendirjekdigine ynam bildirýärin diýip, hormatly Prezilentimiz öz gezeginde belledi we Türkmenistan üçin BMG bilen köpugurly hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurdygyny we şonlugyna hem galýandygyny aýtdy.

Soňky ýyllarda Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň sazlaşykly ösýändigini kanagatlanma bilen belläp, söhbetdeşler taraplaryň häzirki döwürde öz ösüşinde täze tapgyra çykýan netijeli gatnaşyklara ygrarlydygyny bellediler.

Mähirli we dostlukly ýagdaýda geçen duşuşygyň barşynda köpýyllyk hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alşyldy hem-de dürli ugurlarda üstünlikli durmuşa geçirilýän birnäçe bilelikdäki taslamalar we maksatnamalar hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýediginiň aýdyň subutnamasydyr diýip bellenildi.

Milli Liderimiziň ýurdumyzy dünýä boýunça öňdäki hatarlara çykaran we häzirki döwürde ösüşiň hem-de innowasiýalaryň ýoly bilen durnukly hereketini üpjün edýän täzeçillik syýasatyna ýokary baha bermek bilen, BMG-niň ýokary wezipeli wekili bu abraýly guramanyň özüni ygtybarly we borjuna wepaly hyzmatdaş hökmünde tanadan Türkmenistana mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn goldaw bermäge taýýardygyny mälim etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary Şa Zukang hoşlaşanlarynda birek-birege hoşniýetli arzuwlary aýdyp, häzirki zamanyň ählumumy maksatlaryna we wezipelerine jogap bolup durýan netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de çuňlaşdyryljakgyna we hemmetaraplaýyn ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.