Ï Türkmenistanyň Prezidentiniň Bolgariýanyň Prezidenti bilen duşuşygy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidentiniň Bolgariýanyň Prezidenti bilen duşuşygy

view-icon 703
Şu gün Braziliýa Federatiw Respublikasynda bolmagynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Bolgariýa Respublikasynyň Prezidenti Rosen Plewneliýew bilen duşuşdy.

Döwlet Baştutanlary biri-biri bilen mähirli salamlaşyp, döwletara gatnaşyklarynyň dürli ugurlary, şeýle hem sebitleýin we halkara syýasatynyň özara gyzyklanma döredýän meseleleri boýunça pikir alyşmaga döredilen mümkinçilikden kanagatlanýandyklaryny beýan etdiler.

Dostlukly ýurlaryň Liderleri netijeli gatnaşyklary giňeltmäge taýýardyklaryny tassyklap, ikitaraplaýyn esasda hem, köptaraplaýyn görnüşde hem, şol sanda iri halkara düzümleriniň, ilkinji nobatda BMG-niň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk etmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny nygtadylar.

Taraplar dünýä ösüşiniň möhüm meselelerini çözmekde tagallalary birleşdirmegi bu gatnaşyklaryň möhüm ugurlary hökmünde bellediler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow global howpsuzlygy, şol sanda energetika we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge degişli Türkmenistanyň halkara başlangyçlary hakynda söz açyp, bu meselelere toplumlaýyn, ulgamlaýyn, köpugurly çemeleşmegiň zerurdygyny nygtady. Dünýä bileleşiginiň Birleşen Milletler Guramasynyň, beýleki abraýly halkara guramalarynyň degişli çözgütlerinde beýan edilen erk-islegini jebisleşdirmek bu babatda möhüm orny eýelemelidir.

Duşuşygyň barşynda söhbetdeşler ozal gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişiniň barşyny ara alyp maslahatlaşyp, özara peýdaly hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny takykladylar. Söwda-ykdysady pudak, energetika ulgamy, ulag we aragatnaşyk, oba hojalygy, syýahatçylyk hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda bellenildi. Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Rosen Plewneliýew gumanitar ulgamy aýratyn belläp, iki ýurduň halklarynyň arasyndaky dostluk we özara düşünişmek gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň möhüm şerti hökmünde Türkmenistanyň we Bolgariýanyň arasyndaky medeni hem-de ylym-bilim gatnaşyklaryny pugtalandyrmak hem-de giňeltmek baradaky pikiri aýtdylar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Bolgariýa Respublikasynyň Prezidenti Rosen Plewneliýewi özi üçin islendik amatly pursatda Türkmenistana sapar bilen gelip görmäge çagyrdy. Çakylyk hoşallyk bilen kabul edildi.

Taraplar duşuşygyň ahyrynda döwletara hyzmatdaşlygynyň ägirt uly kuwwatyny peýdalanyljakdygyna Türkmenistanyň we Bolgariýa Respublikasynyň halklarynyň bähbidine gönükdirilen oňyn gatnaşyklaryň üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.