Ï Türkmen döwletiniň ählumumy başlangyçlarynyň “ýaşyl” ugry
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen döwletiniň ählumumy başlangyçlarynyň “ýaşyl” ugry

view-icon 871
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Durnukly ösüş boýunça “Rio+20” maslahatyna gatnaşýar

Braziliýa Federatiw Respublikasynda iş saparynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün BMG-niň Durnukly ösüş boýunça “Rio+20” maslahatyna gatnaşdy.

Ozal habar berlişi ýaly, Aşgabatdan Rio-de-Žaneýro çenli 17 sagatlyk uçuşdan soň hormatly Prezidentimiziň uçary Galean halkara howa menzilinde gondy. Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy kabul edýän tarapyň resmi adamlary, Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky wekilhanasynyň jogapkär işgärleri mähirli garşyladylar. Uçaryň basgançagynyň ýanyndan uzalyp gaýdýan haly düşelen ýodanyň ugrunda hormat garawuly nyzama düzüldi, belent mertebeli myhmanyň hormatyna surnaý çalynýar.

Sapar mahaly kabulhanasy Rio-de-Žaneýronyň kaşaň etraplarynyň birinde ýerleşdirilen türkmen Liderine bu ýerde bildirilen sylag-hormat kabul edýän tarapyň şu gün dünýäniň ähli yklymlaryndan bu ýere gelýän aýratyn möhüm myhmanlary garşylamaga taýýarlygynyň ýokary derejesini görkezmek bilen çäklenmän, eýsem, Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ösüş boýunça “Rio+20” maslahatynyň geriminiň giňdigine we tutuş dünýä bileleşigi üçin örän wajypdygyna şaýatlyk edýär.

Şu gün irden Türkmenistanyň Prezidenti özi üçin bellenilen kabulhanadan Bütindünýä sammitiniň geçirilýän ýerine-Riosentro maslahatlar merkeziniň binasyna tarap ugrady. Bu ýerde dünýäniň döwletleriniň we hökümetleriniň baştutanlarynyň 100-den gowragy ýygnandy.

40 müňden gowrak adamyň gatnaşýan maslahatynyň esasy maksady adamzat siwilizasiýasynyň durnukly ösüşine umumy goşandyň çäklerinde dünýä ýurtlarynyň syýasy nukdaýnazarlaryna täzeden baha bermek hem-de daşky gurşawy goramak we geljek nesillerimiz üçin ekologiýa deňagramlylygyny saklamak bilen bagly bolan ählumumy meseleleri çözmek bolup durýar.

Iri Riosentro maslahatlar merkezinde BMG-niň Durnukly ösüş boýunça “Rio+20” maslahatynyň resmi taýdan açylyş dabarasy we birinji umumy mejlisi geçirildi. Mejlisiň barşynda düzgün-kada we guramaçylyk meselelerine garaldy.

Bu ýokary derejedäki taryhy duşuşyk Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2009-njy ýylda kabul edilen çözgüdine laýyklykda geçirilýär. Onda “ýaşyl ykdysadyýeti” ösdürmegiň, şeýle hem durnukly ösüşi gazanmak üçin netijeli syýasy, durmuş, hukuk kadalarynyň düzümini döretmegiň meselelerine aýratyn üns berler.

Giň gerimli Bütindünýä maslahatyň işi diňe uglerod zyňyndylaryny azaltmaga gönükdirilen däldir, ol tebigy serişdeleriň aýawly peýdalanylmagyny we netijeli ykdysady ösüşi üpjün etjek täze ugry kesgitlemäge ýardam berer. Sammitiň gün tertibine dünýäniň döwletlerini we halklaryny durnukly ösüşiň ýoly bilen öňe ilerletmegiň meseleleri girizildi. Olar azyk, suw we energetika howpsuzlygyny üpjün etmek, şeýle hem özara bagly bolan global ekologiýa, ykdysady we durmuş meseleleridir.

Şunuň bilen baglylykda, parahatçylygy goldamak we howpsuzlygy üpjün etmek, ykdysady hyzmatdaşlygyň netijeli çärelerini işläp taýýarlamak we iri sebitleýin taslamalary amala aşyrmak, medeni-gumanitar gatnaşyklary ösdürmek arkaly global ähmiýetli ileri tutulýan wezipeleri çözmekde dünýä bileleşiginiň giň goldawyna eýe bolan türkmen döwletiniň başlangyjy aýratyn many-mazmuna eýe bolýar. Bütindünýä sammitiniň gün tertibine girizilen meseleler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde yzygiderli öňe sürýän halkara başlangyçlarynyň we oňyn teklipleriniň örän möhümdigini bütin aýdyňlygy bilen ýene-de bir gezek tassyklaýar. Şol başlangyçlar Milletler Bileleşiginiň jar eden Müňýyllygyň Maksatlarynyň çäklerinde ähli döwletleriň we halklaryň özara düşünişmegini, durnuklylygyny berkitmäge, durnukly ösüşini üpjün etmäge gönükdirilendir.

Hut şonuň üçin Rio-de-Žaneýroda geçirilýän sammitiň guramaçylary täze döwrüň syýasatçysy, häzirki zamanyň adamzady tolgundyrýan möhüm meselelerini çözmekde öňdebaryjy global pikirleriň başyny başlaýjy hökmünde halkara derejesinde ägirt uly abraýa eýe bolan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Rio+20” maslahatynyň işine gatnaşmagyna aýratyn ähmiýet berýärler.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara derejeli dürli maslahatlarda eden çykyşlarynda belleýşi ýaly, durnukly ösüş ykdysady, durmuş we ekologiýa meselelerini öz içine alýan esasy şertleriň jemine esaslanýar. Şundan ugur almak bilen türkmen döwleti dünýäniň ähli ýurtlarynyň bähbitleriniň we islegleriniň nazara alynmagyna esaslanýan häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmek üçin köptaraplaýyn gatnaşyklaryň netijeli nusgalaryny döretmek boýunça tagallalaryň birleşdirilmegi ugrunda yzygiderli çykyş edýär. Şunuň bilen baglylykda, häzir BMG-niň agzasy bolan döwletleriň ösüşiň uzakmöhletleýin maksatlarynyň umumylygyna we olary bilelikde amala aşyryp boljakdygyna düşünmegi ählumumy ykdysady ulgamyň durnuklylygynyň esasy şertleridir.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň pikiriniň bu meselelerde BMG-niň nukdaýnazary bilen näderejede gabat gelýändigini nygtamak üçin şu gün Bütindünýä sammitiniň açylyş dabarasynda BMG-nyň Baş sekretary Pan Gi Munyň “Rio+20” maslahaty adamlaryň durnukly ösüşiniň we abadançylygynyň durmuş we ekologiýa jähetleri bilen durnukly ösüşi we ykdysady ösüşi hakykatdan-da sazlajak täze ugry kesgitlemegiň täsin mümkinçiligi bolup durýar diýip belländigini aýtmak gerek.

Ýagny BMG-niň Baştutany tarapyndan üç syýasatyň-ykdysady, durmuş we ekologiýa syýasatlarynyň deňagramlylygy bellenildi.

Şolaryň her biri boýunça Türkmenistanyň oňyn tejribesi bar, ol durnukly ösüşiň umumy meselelerini çözmekde goşant bolup bilerdi.

Birinjiden, biziň ýurdumyzyň bu işe giňden gatnaşmakçydygyny hem-de ykdysady we durmuş ösüşiniň birnäçe ugurlary boýunça, şeýle hem ekologiýa ulgamynda toplanan oňyn tejribäni alyşmaga ýardam etmekçidigini aýdyp, bu ugra ygrarlydygyny iş ýüzünde görkezmegidir. Türkmen paýtagtynda geçirilen hem-de sebitleýin we global möçberde durnukly ykdysady ösüşiň, durmuş häsiýetli we ekologiýa howpsuzlygy bilen bagly möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin netijeli meýdança bolup hyzmat eden wekilçilikli maslahatlar munuň aýdyň subutnamasydyr.

Bu barada aýtmak bilen, Türkmenistanyň soňky ýyllarda döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynyň ähli ulgamlarynda uly üstünlikleri gazanandygyny bellemek gerek, munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan giň gerimli özgertmeleriniň ajaýyp miwesidir. Düýpli oýlanyşykly ykdysady we durmuş syýasaty netijesinde biziň ýurdumyz özgertmeleriň ösüş ugry bilen öňe tarap ynamly gadam urýar. Ösüşiň goşmaça çeşmeleriniň sazlaşyklygynyň we işjeňliginiň hasabyna milli ykdysadyýetiň depginli ösmegi munuň şeýledigini aýdyň tassyklaýar. Makroykdysady görkezijilere laýyklykda jemi içerki önümiň ösüşi Türkmenistanda 2011-nji ýylyň jemleri boýunça 14 göterimden geçdi.

Global maliýe-ykdysady çökgünliligiň täsirini peseltmek maksady bilen yzygiderli kabul edilen çäreler durmuş-ykdysady ösüşi we türkmenistanlylaryň durmuş derejesiniň ýokarlanmagy üçin berk binýady döretmäge ýardam etdi. Şu ýagdaýyň özi we biziň ýurdumyzyň oňyn tejribesi esasy halkara maliýe düzümleriniň bilermenleri tarapyndan birnäçe gezek bellenildi.

Ikinjiden, milli ykdysadyýetimiziň ýokary kuwwaty, jemi içerki önümiň durnukly ösmegi türkmen döwletine durmuş ulgamyna maýa goýumlaryny artdyrmaga, öz raýatlaryna deňi-taýy bolmadyk durmuş ýeňilliklerini bermäge mümkinçilik döredýär. Elektrik energiýasyndan, gazdan, suwdan, duzdan, hususy awtoulaglaryň eýelerine goýberilýän benzinden mugt peýdalanylmagy, jemagat we ulag hyzmatlary üçin ujypsyz tölegler—bu ýurdumyzyň baý tebigy serişdeleriniň adamlaryň abadançylygyna hyzmat edýändigine güwä geçýän anyk maglumatlardyr. Ilatyň girdejilerini artdyrmak zähmet haklaryny, pensiýalary, döwlet kömek pullaryny we talyp haklaryny yzygiderli ýokarlandyrmagyň, döwletimiziň nyrh syýasatynyň, hususy başlangyja goldaw berilmeginiň we beýleki çäreleriň hasabyna üpjün edilýär.

Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň uzak we ýakyn geljek üçin Milli maksatnamasynyň kabul edilmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwletimizi we jemgyýetimizi ösdürmegiň ileri tutulýan meselelerini—durmuş-ykdysady, syýasy, kanunçykaryjylyk, medeni meseleleri çözmäge täzeçe çemeleşmeginiň aýdyň mysaly boldy. Şol meselelere biri-biriniň üstüni ýetirýän we baýlaşdyrýan meseleler hökmünde ýakyn özara baglylykda garalýar hem-de ösüşiň umumydünýä meýilleri, tutuş adamzadyň ösüşi bilen baglanyşdyrylýar.

"Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň " durmuşa geçirilmegi netijesinde ähli welaýatlarda häzirki zaman düzümleri kemala gelýär, ýurdumyzyň iň uzakdaky künjekleriniň ýaşaýjylary siwilizasiýanyň ähli eşretlerine eýe bolýar, täze iş orunlarynyň döredilmeginiň hasabyna ilatyň iş bilen üpjünçilik derejesi ýokarlanýar.

Türkmenistanyň ähli ilatly ýerlerini arassa agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça amala aşyrylýan baş maksatnamanyň çäklerinde şäherlerde we obalarda täze suw geçirijileri, suw arassalaýjy desgalar we suw süýjediji enjamlar, agyz suwuny öndürýän kiçi kärhanalar gurulýar. Bu ugurda görülýän anyk çäreleriň toplumy ilatyň suw bilen üpjünçiligini düýpli gowulandyrmaga mümkinçilik berýär.

Milletiň Lideri tarapyndan başy başlanan “Saglyk” döwlet maksatnamasy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýöredýän syýasatynyň durmuş ugrunyň aýdyň mysalydyr. Bu maksatnamanyň üstünlikli amala aşyrylmagy türkmenistanlylary ýokary halkara standartlarynyň derejesinde lukmançylyk hyzmatlarynyň giň topary bilen üpjün etdi.

Soňky ýyllarda ilata lukmançylyk hyzmatyny etmek barada düýpli özgerişlikler bolup geçdi, bejeriş edaralarynyň işini kämilleşdirmek boýunça uly işler geçirildi, ägirt uly serişdeler saglygy goraýyş ulgamynyň täze desgalaryny döwrebaplaşdyrmaga hem-de gurmaga gönükdirilýär, düýpli ylmy – barlaglar, ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak işleri alnyp baryldy. Paýtagtymyzda we ähli welaýatlarda häzirki zaman hassahanalarynyň onlarçasy, keselleri anyklaýyş merkezleri we tehnikanyň soňky gazananlary bilen üpjün edilen beýleki lukmançylyk edaralary guruldy.

Sanatoriýa-şypahana ulgamyny ösdürmek Türkmenistanda kemala gelýän doly derejeli saglyk düzümleriniň aýrylmaz bölegidir, bu babatda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy aýdyň mysal bolup biler, ony ösdürmegiň maksatnamasy Hazaryň kenarynda şypahanalaryň, bejeriş – terapewtiki bölümleri bolan myhmanhanalaryň , çagalar –sagaldyş merkezleriniň onlarçasyny gurmagy göz öňünde tutýar.

Bilim we ylym ulgamyny kämilleşdirmek hem-de ösdürmek türkmen döwletiniň durmuş syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Soňky ýyllarda Türkmenistanda täze mekdepleriň we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň onlarçasy, iň häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesi ulanmaga berildi. Häzirki wagtda ýurdumyzda durmuş maksatly, şol sanda bilim beriş maksatly möhüm desgalaryň gurluşygy dowam etdirilýär.

Türkmen ylmynyň öňünde goýlan ilkinji nobatdaky maksatlar barada aýdylanda bolsa, olaryň arasynda ylmy-barlag işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak, ýurdumyzyň ylmy kuwwatyny artdyrmak, ylmy innowasion esasda ösdürmek wezipeleri durýar. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň anyk wezipelerini çözmek üçin amaly ähmiýetli ylmy-barlag işlerine aýratyn üns berilýär.

Şeýlelikde, ýokarda agzalan ugurlarda uly tejribä eýe bolan Türkmenistan öz tejribesini halkara bileleşigi, şol sanda öz kandidaturasyny 2013-2015-nji ýyllar üçin BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň agzalygyna hödürlemek bilen Birleşen Milletler Guramasynyň degişli düzümleri arkaly paýlaşmaga taýýardyr.

Üçünjiden, ol hem adamlaryň durmuşynyň ähli ugurlarynda abadançylygyň möhüm şerti hökmünde ekologik ýagdaýyň biziň ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler maksatnamalarynyň aýrylmaz bölegi bolup durýanlygydyr. Ekologiýa ulgamyndaky hyzmatdaşlyk degişli ugurda netijeli halkara gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek ugrunda çykyş edýän Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sebitleýin hem-de dünýä möçberinde daşky gurşawy goramak we ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, bu ugurda täsirli ulgamlaýyn usullary döretmek meselelerini çözmekde tagallalaryň birleşdirilmegine gönükdirilen başlangyçlary aýratyn möhüm ähmiýete eýe bolýar.

Olaryň hatarynda Aşgabat şäherinde Howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleri çözmek boýunça BMG-niň Sebitara merkezini açmak baradaky teklip hem bar. Ekologiýa ulgamynda esasy halkara resminamalaryna, şol sanda BMG-niň howanyň üýtgemegi hakynda Çarçuwaly konwensiýasyna we Kioto teswirnamasyna goşulmak bilen Türkmenistan daşky gurşawy goramak babatda giň hyzmatdaşlyga taýýardygyny görkezýär.

Bu meselede biziň ýurdumyzyň nukdaýnazary “Türkmenistanyň howanyň üýtgemegi boýunça milli maksatnamasynda” öz beýanyny tapdy. Ol BMG-niň “Rio+20” maslahatynyň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň karary bilen tassyklanyldy. Şunuň bilen baglylykda, biziň ýurdumyzda tebigaty goramaga, tebigy baýlyklary netijeli peýdalanmaga, biologik köpdürlüligi aýawly saklamaga gönükdirilen yzygiderli çäreleriň görülýändigini bellemek gerek.

Türkmen döwletiniň Baştutanynyň beýleki möhüm başlangyjy Hazar sebitinde daşky gurşawy goramagyň meselelerine seretmek hem-de degişli teklipleri we maslahatlary işläp taýýarlamak üçin hemişelik hereket edýän gurama hökmünde Hazaryň ekologik maslahatyny guramak bilen baglydyr. Bu nukdaýnazar ozaly bilen Hazaryň aýratyn derejesi, onuň geljek nesiller üçin aýawly saklanmagy zerur bolan täsin ösümlik we haýwanat dünýäsi bilen şertlendirilendir.

Milletiň Lideriniň energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilen we täze guraly – BMG-niň howandarlygynda sebitara energetika gatnaşyklaryny döretmäge degişli başlangyçlarynyň hem möhüm ähmiýeti bardyr, şolarda ekologiýa meselesine uly üns berilýär.

Bu başlangyçlar we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Bütindünýä sammitine gatnaşmagy häzirki wagtda dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde duran derwaýys durmuş meseleleriniň sazlaşykly çözgüdini işläp taýýarlamakda Türkmenistanyň işjeň orny eýelemäge ygrarlydygynyň tassyklanmasydyr.

Rio-de-Žaneýrodaky wakalara gaýdyp gelmek bilen günüň ikinji ýarymynda BMG-niň Durnukly ösüş boýunça “Rio+20” maslahatynyň ikinji umumy mejlisiniň bolandygyny bellemek gerek. Maslahatyň açylyş dabarasynda Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Prezidenti, maslahatyň başlygy hanym Dilma Rousseff, BMG-niň Baş Assambleýasynyň Başlygy jenap Naser Abdel-Aziz an-Naser, BMG-niň Baş sekretarynyň ykdysady we durmuş meseleleri boýunça orunbasary, BMG-niň Durnukly ösüş boýunça maslahatynyň Baş sekretary Şa Zukang gutlag sözleri bilen çykyş etdiler, olar ýokary derejedäki şu duşuşygyň oňat geljegi gurmagyň ýollary we Ýer şarynyň ýurtlarynyň hem-de halklarynyň muňa nähili goşant goşup biljekdigi barada her bir adamyny oýlanmaga çagyrjakdygyna ynam bildirdiler.

Ozal hem aýdyşymyz ýaly, BMG-niň Baş sekretary Pan Gi Mun ýygnananlaryň öňünde çykyş edip, “Rio+20” maslahaty adamlaryň yzygiderli ösüşiniň hem-de abadançylygynyň durmuş we ekologiýa jähetleri bilen durnukly ösmegi hem-de ykdysady ösüşi hakykatdan-da sazlajak täze ugry kesgitlemegiň döwrebap nusgasyny döretmegiň täsin mümkinçiligi bolup durýar diýip nygtady. BMG-niň Baştutany wekilçilikli maslahatyň jemleriniň tutuş dünýäde özgertmelere hem-de tutuş adamzadyň durmuşyny we abadançylygyny gowulandyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdi. “Şu ýerde, Rio+20-de biz ymtylýan geljegimiziň suduryny anyklap bileris” diýip jenap Pan Gi Mun maslahatyň jemleriniň geljek nesiller üçin miras boljakdygyny belledi.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Durnukly ösüş boýunça “Rio+20” maslahatyna gatnaşyjylaryň bilelikde surata düşmek dabarasyna gatnaşdy.

Türkmen döwletiniň Baştutanynyň Braziliýa iş saparynyň maksatnamasynyň çäklerinde şu gün maslahata gatnaşmakdan başga-da ikitaraplaýyn möhüm duşuşyklaryň tapgyry meýilleşdirildi. Olaryň barşynda häzirki zamanyň wajyp meselelerini çözmekde döwletara gatnaşyklarynyň meseleleri, şeýle hem özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşylar.