Ï Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň Ýerine Ýetiriji sekretary bilen duşuşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň Ýerine Ýetiriji sekretary bilen duşuşdy

view-icon 584
Şu gün BMG-niň durnukly ösüşi boýunça maslahatyna gatnaşmak üçin Braziliýa Federatiw Respublikasynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň Ýerine Ýetiriji sekretary Swen Alkalaý bilen duşuşdy.

Söhbetdeşler birek-birek bilen mähirli salamlaşyp, Türkmenistan bilen BMG-niň Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň arasyndaky özara gatnaşyklaryň ugurlaryny, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän halkara syýasatynyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şunuň bilen baglylykda, jenap Swen Alkalaý milli Liderimizi BMG-niň şu gezekki maslahatynda eden üstünlikli çykyşy bilen gutlady we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Bütindünýä sammitiniň belent münberinden türkmen döwletiniň ählumumy abadançylyga we durnukly ösüşe gönükdirilen ekologiýa babatdaky başlangyçlary iş ýüzünde durmuşa geçirmäge taýýardygy barada aýdanlaryny dünýä bileleşininiň uly kanagatlanma bilen kabul edendigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli sözler we öz çykyşyna beren bahasy üçin minnetdarlyk bildirip, BMG we onuň düzümleýin bölümleri bilen netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmek Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar diýip belledi we BMG-niň Ýewropa Ykdysady Komissiýasy bilen Türkmenistanyň arasynda soňky ýyllarda ýola goýulýan netijeli gatnaşyklaryň derejesine kanagatlanma bildirdi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmeginiň meseleleri boýunça garaýyşlaryň umumylygy halkara syýasy giňişliginde Türkmenistan bilen BMG-niň Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynda möhüm orny eýeleýär. Şunuň ýaly binýatlaýyn esaslarda alnyp barylýan gatnaşyklaryň dünýä bileleşiginiň gyzyklanmalaryny hasaba alanyňda ägirt uly ähmiýeti bardyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Bu esasan-da umumyadamzat ähmiýetli, şol sanda daşky gurşawa aýawly garamak bilen baglanyşykly meselelere çemeleşmeleri işläp taýýarlamakda has-da ähmiýetlidir diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Bütindunýä sammitiniň münberinden ýaňyja beýan edilen Türkmenistanyň BMG-niň durnukly ösüş boýunça maslahatyndaky esasy garaýyşlary barada durup geçip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ekologiýanyň ýokary derejesini üpjün etmek häzirki döwrüň derwaýys meseleleriniň biri diýip belledi we dünýäniň ähli döwletleriniň bu ugurdaky tagallalarynyň utgaşdyrylmagynyň zerurdygyny nygtady.

Howanyň üýtgemegi boýunça Milli strategiýany işläp taýýarlamak we ony tassyklamak bilen, biz bu meseläni degişli sebitleýin ýa-da sebit içerki merkezini döretmegiň jähetinde iri halkara guramalary bilen bilelikde işjeň çözmäge çemeleşýäris diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Şu jähetden BMG-niň Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň Ýerine Ýetiriji sekretary bu düzümiň Türkmenistanyň ählumumy ösüşe ýardam bermäge gönükdirilen başlangyçlaryny gürrüňsiz goldaýandygyny mälim etdi, şeýle hem ekologiýa howpsuzlygy ýaly häzirki zamanyň möhüm meseleleri babatda netijeli gatnaşyklary ýola goýmaga uly gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.

Şeýle hem duşuşygyň barşynda Türkmenistan bilen BMG-niň Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň arasyndaky gatnaşyklary ähli ugurlar, şol sanda Ýewropa ýurtlary bilen ikitaraplaýyn döwletara gatnaşyklaryny işjeňleşdirmegiň, şeýle hem ählumumy howpsuzlyk ulgamyny we daşky gurşawyň goraglylygyny pugtalandyrmakdaky tagallalary utgaşdyrmagyň jähetinde ösdürmäge degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we jenap Swen Alkalaý hoşlaşanlarynda Türkmenistan bilen BMG-niň Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň arasyndaky işjeň gatnaşyklaryň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler we birek-birege halklaryň hemmetaraplaýyn ýakynlaşmagyna hem-de olaryň abadançylygyna we gülläp ösmegine gönükdiriilen asylly işlerinde üstünlik arzuw etdiler.