Şu gün BMG-niň durnukly ösüş boýunça “Rio+20” maslahatyna gatnaşmak maksady bilen, Braziliýa Federatiw Respublikasynda iş sapary bilen bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Wengriýa Respublikasynyň Prezidenti Ýanoş Ader bilen duşuşdy. Duşuşyk bu maslahatyň geçirilýän ýeri bolan “Riosentro” mejlisler merkezinde boldy.
Iki döwletiň Baştutanlary mähirli görşüp, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary, şeýle hem özara gyzyklanma döredýän sebitleýin we halkara syýasatynyň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar.
Bu babatda BMG-niň ählumumy durnukly ösüş üçin şertleri döretmek boýunça wezipeleriň sazlaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamagy maksat edinen oňyn global gatnaşyklara täze itergi berjek “Rio+20” maslahatynyň gün tertibi gyzyklanyp ara alyp maslahatlaşmagyň meselesi boldy, şonda dünýäde ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek aýrylmaz şert bolup durýar.
Türkmenistanyň we Wengriýanyň Prezidentleri Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek baradaky pikiri aýdyp, Rio-de-Žaneýrodaky häzirki maslahatyň bu derwaýys durmuş ugrunda dünýä bileleşiginiň tagallalaryny mundan beýläk-de birleşdirmekde täze täsirli ädim boljakdygyna ynam bildirdiler. Şunuň bilen baglylykda, dostlukly döwletiň baştutany Wengriýanyň türkmen Lideri tarapyndan BMG-niň münberinden öňe sürlen hem-de ählumumy abadançylygyň we ösüşiň hatyrasyna halkara hyzmatdaşlygyny kadalaşdyrmaga gönükdirilen Türkmenistanyň oňyn başlangyçlaryny tutuşlygyna goldaýandygyny nygtady.
Duşuşygyň barşynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Ýanoş Ader türkmen-wenger gatnaşyklarynyň meselesine ünsi jemläp, onuň ähli ugurlary boýunça özara peýdaly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin köpugurly uly mümkinçilikleriň bardygyny nygtadylar. Türkmenistanyň we Wengriýanyň baştutanlary soňky ýyllarda döwletara gatnaşyklarynyň öz ösüşinde täze itergi alandygyny kanagatlanmak bilen nygtap, netijeli hyzmatdaşlygy, şol sanda abraýly halkara guramalarynyň ugry boýunça we hususan-da, Türkmenistan – Ýewropa Bileleşigi gatnaşyklarynyň çäklerinde pugtalandyrmaga we giňeltmäge tarap alnan ugra iki ýurduň hem ygrarlydygyny tassykladylar.
Söhbetdeşler söwda-ykdysady ulgamynda gatnaşyklaryň geljegini ara alyp maslahatlaşyp, häzirki wagtda dürli ugurlarda ikitaraplaýyn işewür gatnaşyklary diwersifikasiýalaşdyrmak üçin oňat mümkinçilikleriň açylýandygyny bellediler. Hususan-da, geçen ýylyň noýabrynda Aşgabatda ýokary derejede geçirilen türkmen-wenger gepleşikleriniň jemleri boýunça gol çekilen Türkmenistanyň we Wengriýa Respublikasynyň Söwda-senagat edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ylalaşyk muňa ýardam eder. Bu babatda hyzmatdaşlygyň möhüm ulgamlaryny kesgitlemäge hem-de onuň kuwwatyny iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň amatly görnüşlerini tapmaga mümkinçilik berýän bilelikdäki işewürlik maslahatlary hem işewür gatnaşyklary ýola goýmak ähmiýete eýedir.
Türkmenistanyň we Wengriýanyň Prezidentleri döwletara gatnaşyklarynyň möhüm taraplarynyň hatarynda gumanitar hyzmatdaşlygy belläp, ylym, bilim, we medeniýet babatda netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak hem-de giňeltmek baradaky pikiri aýtdylar.
Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Wengriýa Respublikasynyň Prezidenti Ýanoş Aderi özi üçin islendik amatly pursatda Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy. Çakylyk hoşallyk bilen kabul edildi.
Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti we Wengriýa Respublikasynyň Prezidenti dostluk, netijeli we uzakmöhletleýin ýörelgeleri esasynda guralýan hem-de däp bolan hyzmatdaşlygy häzirki ýagdaýlara laýyk gelýän hil taýdan täze derejä çykarmaga iki tarapyň hem çalyşýandygyna daýanýan türkmen-wenger gatnaşyklarynyň geljekde-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirip, iki ýurduň halklaryna iň gowy arzuwlaryny aýtdylar.