Ï Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

view-icon 768
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri, şeýle hem käbir ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Maslahatda möhüm oba hojalyk möwsümi bolan galla oragynyň barşy hakyndaky hasabatlar diňlenildi, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli milli maksatnamalary amala aşyrmak boýunça derwaýys çäreler, türkmen halkynyň durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak maksady bilen Diýarymyzyň sebitleriniň hem-de paýtagtymyzyň durmuş-ykdysady düzümini döwrebaplaşdyrmak boýunça milli Liderimiziň öňde goýan wezipelerine laýyklykda ýerlerde toplumlaýyn özgertmeler maksatnamalaryny ýerine ýetirmegiň gaýragoýulmasyz meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Maslahatyň barşynda ilki bilen Ahal welaýatynyň häkimi M.Nurmämmedow hasabat bilen çykyş etdi. Häkim etraplarda galla oragynyň barşy, durmuş – senagat ähmiýetli möhüm desgalaryň gurluşygyny çaltlandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, welaýatda galla oragynyň alnyp barlyşyna düýpli nägilelik bildirip, häzirki amatly günleriň her bir pursadyndan netijeli peýdalanmak arkaly, galla oragynyň depginlerini ýokarlandyrmagyň zerurdygyny belledi we munuň üçin döwletimiz tarapyndan dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijilerinden satyn alynýan täze tehnikalar bilen yzygiderli üsti ýetirilýän oba hojalyk tehnikalaryny bökdençsiz ulanmak barada anyk tabşyryklary berdi.

Welaýatyň käbir etraplarynda, hususan-da, Ruhabat etrabynda (häkimi A.Guldurdyýew), Altyn asyr etrabynda (häkimi D.Annamuhammedow) we Babadaýhan etrabynda (häkim A.Kakabaýew) galla oragynyň depginleriniň juda pesdigine ünsi çekip, hormatly Prezidentimiz bu dörän ýagdaýy gyssagly seljerip, ony düzetmek boýunça zerur çäreleri görmegi, galla oragynyň öz möhletinde üstünlikli tamamlanmagy, şeýle hem ýygnalan hasylyň degişli derejede saklanmagy boýunça zerur çäreleri görmegi häkimden berk talap etdi.

Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz gowaçalara ideg etmek ýaly derwaýys oba hojalyk möwsümine ünsi çekip, bu babatda pagtaçy kärendeçileriň, agronomlaryň we degişli gulluklaryň hünärmenleriniň sazlaşykly işiniň üpjün edilmegini, şeýle hem ýokary hilli hem-de bol hasylyň özeni bolan ideg işleriniň agrotehniki kadalara laýyklykda alnyp barylmagy, pagta ýygyjy tehnikalaryň taýýarlyk hataryna çykarylmagy babatda anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatyň çäginde gurulýan durmuş-ykdysady ähmiýetli desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy bilen gyzyklanyp, bu ugurdaky işleriň depgininiň görnetin gowşadylandygyna ünsi çekip, işleriň ýokary hil derejesiniň berjaý edilmegi we olaryň öz wagtynda gurlup gutarylmagynyň ähli gurluşyklar üçin esasy talapdygyny we oňa örän jogapkärçilikli çemeleşmegiň zerurdygyny nygtady.

Soňra döwlet Baştutanymyz göni aragatnaşykda geçirilýän iş maslahatyna Balkan welaýatynyň häkimi S.Satlykowy çagyrdy. Hormatly Prezidentimiz welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen gyzyklanyp, zähmeti guramagyň meseleleriniň hem-de galla oragynyň depginlerini ýokarlandyrmagyň üstünde durup geçip, bu möhüm oba hojalyk möwsüminiň ähli zerur bolan tehnikalar bilen üpjün edilişine aýratyn üns berdi. Döwlet Baştutanymyz galla oragynyň depgininiň gowşak alnyp barylýandygyna düýpli närazylygyny bildirip, galla oragynyň barşynda bar bolan kemçilikleri aradan aýyrmagy talap edip, birnäçe etraplarda, hususan-da, Bereket etrabynda (häkimi T.Gurbanow) we Serdar etrabynda (häkimi Ö.Meretgeldiýew) oragyň depginleriniň pesdigini aýtdy we bu babatda degişli çäreleri görmegi tabşyrdy.

Balkan welaýatygyň durmuş-ykdysady düzümini mundan beýläk-de ösdürmek we döwrebaplaşdyrmak boýunça öňde goýlan wezipeleriň durmuşa geçirilişi bilen gyzyklanyp, döwlet Baştutanymyz iri desgalaryň, ýollaryň we köprüleriň gurluşygyna, şol sanda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda gurulýan binalara aýratyn ünsi çekdi.

Şunlukda, hormatly Prezidentimiz şu ýyl tomus dynç alyş möwsüminde watandaşlarymyzyň köp sanlysynyň öz maşgalalary bilen Hazaryň kenaryndaky deňiz şypahanasynda dynç almaga we bu ýerde dünýä ülňülerine laýyk gelýän amatlyklardan peýdalanmaga isleg bildirýändiklerini belläp, ýurdumyzyň raýatlarynyň we köp sanly daşary ýurtly myhmanlaryň we syýahatçylaryň oňaýly dynç almaklary hem-de saglygyny berkitmekleri üçin amatly şertleriň üpjün edilmelidigini nygtady we bu babatda häkime anyk tabşyryklary berdi.

Göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi E.Orazgeldiýewiň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim ýurdumyzyň demirgazyk welaýatynda galla oragynyň barşy, gallaçylaryň öndürijildikli zähmeti üçin döredilen şertler, şeýle hem ýerlerde dürli ähmiýetli binalaryň gurulmagyny ugur edinýän milli özgertmeler maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi hakynda hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, galla oragynyň öz wagtynda we ýitgisiz tamamlanmagyny we oragyň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegini ýokary derejede guramakda häkimiň gowuşgynsyz hereket edýändigini aýdyp, gallaçylaryň daban azaby, maňlaý deri bilen ösdürilip ýetişdirilen ak bugdaýyň bereketli hasylyny iň soňky dänesine çenli ýygnap almak maksady bilen, işiň depginlerini hemişe pugta gözegçilikde saklamak barada häkime berk talap bildirdi. Soňra milli Liderimiz gowaçalara ideg etmek bilen baglanyşykly işleriň üstünde durup geçip, şu ýyl ýurdumyzyň gowaça meýdanlarynda bol pagta hasylynyň ýetişýändigini kanagatlanma bilen nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz gowaçalara ideg etmek işleriniň ýörite kada laýyklykda öz wagtynda hem-de ýokary hilli geçirilmeginiň zerurdygyny belledi.

Soňra welaýatyň ýaşaýyş-durmuş we ykdysady düzümini toplumlaýyn ösdürmäge gönükdirilen milli özgertmeler maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde gurulýan desgalardaky işleriň ýagdaýyna aýratyn ünsi çekip, bu işleriň depginini ýokarlandyrmak we olary hemişe gözegçilikde saklamak babatda häkime anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wideoşekilli iş maslahatynda Lebap welaýatynyň häkimi Ý.Ýaýylowyň sebitde alnyp barylýan işler, galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler, welaýatda we etraplarda durmuş hem-de senagat ähmiýetli desgalaryň gurluşyk işleriniň barşy hem-de döwlet Baştutanynyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi baradaky hasabatyny diňledi. Şeýle hem häkim welaýatda guruljak täze kitaphananyň taslamasyny döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz halkymyzyň abadançylygyny has-da ýokarlandyrmagyň bähbidine ýurdumyzyň galla baýlygyny artdyrmak boýunça kärendeçileriň öňünde goýlan möhüm wezipelere abraý bilen hötde gelmek ugrunda degişli düzümleriň sazlaşykly işiniň zerurdygyny nygtady we galla oragynyň depginlerini has-da ýokarlandyrmak barada anyk tabşyryklary berdi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz welaýatyň käbir etraplarynda galla oragynyň depginleriniň pesdigine ünsi çekip, geçen hepdede Birata etrabynda (häkimi Ç.Hojakulyýew), Döwletli etrabynda (häkimi S.Rozynazarow) we Seýdi şäherinde (häkimi A.Wellekow) görkezijileriň juda pes bolandygyny belledi. Ýüze çykan ýagdaýy düzetmek boýunça zerur çäreleriň görülmelidigini belläp, milli Liderimiz yza galýan etraplarda galla oragynyň degişli derejesini üpjün etmek barada anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz beýleki oba hojalyk işleriniň üstünde durup geçip, hususan-da, gowaçalara ideg etmek boýunça agrotehniki çäreleriň öz wagtynda hem-de her sebitiň toprak- howa aýratynlyklaryna we alym-agronomlaryň ylmy taýdan esaslandyran tekliplerine laýyklykda ýerine ýetirilmelidigini aýtdy. Şeýle hem milli Liderimiz daýhanlaryň işine goldaw bermek we olary höweslendirmek boýunça durmuşa geçirilýän işleriň yzygiderli häsiýete eýe bolmalydygyny belledi we oba hojalyk önümini öndürijiler bilen özara hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegi barada anyk tabşyryklary berdi. Welaýatyň çäginde gurulýan desgalaryň ýagdaýyna degip geçmek bilen, hormatly Prezidentimiz durmuş ähmiýetli desgalarda alnyp barylýan işlere çynlakaý we örän jogapkärli çemeleşmegiň zerurdygyny aýtdy, şeýle hem welaýatyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmak meselelerine ünsi çekdi we bu babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz umumy meýdany 2 gektara barabar bolan 4 gatly, okalga zallary we mejlisler otagy, obserwatoriýasy bolan welaýat kitaphanasynyň taslamasy bilen jikme –jik tanşyp, düýpli düzedişleriň we bellikleriň birnäçesini aýtdy.

Göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatynyň barşynda döwlet Baştutanymyz guramaçylyk meselelerine hem seretdi. Hormatly Prezidentimiz Ç.Öwezowy Lebap welaýatynyň häkiminiň gurluşyk boýunça orunbasary wezipesinden boşadyp, ony Serdarabat etrabynyň häkimi wezipesine belledi. Milli Liderimiz welaýatyň häkiminiň gurluşyk boýunça orunbasary wezipesine E.Gaýypowy belledi.

Soňra göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän wideoşekilli iş maslahatynda Mary welaýatynyň häkimi K.Gurbanowyň hasabaty diňlenildi. Häkim welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, galla oragynda ulanylýan tehnikalaryň iş öndürijiligi, gowaçalara ideg etmek boýunça alnyp barylýan işler, welaýatyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmak maksady bilen durmuşa geçirilýän çäreler, welaýatyň çäginde gurulýan desgalaryň hiline we olaryň öz wagtynda tabşyrylmagyna edilýän gözegçilik, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Welaýatyň oba hojalyk pudagynyň öňünde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin agrotehnikanyň ähli kadalarynyň we talaplarynyň berk berjaý edilmegini, şol sanda ýetişdirilen hasyly öz wagtynda ýygnamagyň zerurdygyny bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz bu işleriň anyk we bökdençsiz ýerine ýetirilmegini üpjün etmek babatda jogapkärçiliksizlige ýol berilýändigi üçin häkime düýpli nägilelik bildirdi hem-de tiz wagtyň dowamynda degişli çäreleri görmegi berk talap etdi. Welaýatyň käbir etraplarynda, hususan-da, Mary etrabynda (häkimi N.Amannaýew), Oguzhan etrabynda (häkimi S.Süleýmanow) we Baýramaly etrabynda (häkimi Ý.Bähbidow) galla oragynyň depgini juda pes barýar diýip, milli Liderimiz belledi.

Welaýatda durmuş-ykdysady ähmiýetli desgalaryň gurluşygy bilen gyzyklanyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze gurulýan binalarda hem işlere gözegçiligiň gowşadylandygyny belläp, bu işe jogapkärçiligi güýçlendirip, ýokary hiliň üpjün edilmegi we olaryň öz wagtynda gurlup gutarylmagy baş talap bolup durýar diýip belledi we durmuş ähmiýetli desgalarda alnyp barylýan işlere hemişe gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahaty “Türkmenobahyzmat” assosiasiýasynyň başlygy Ç.Çarlyýewiň hasabaty bilen dowam etdi. Ol galla orujy kombaýnlary orak möwsüminde netijeli peýdalanmak we olara degişli tehniki hyzmaty üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz pudagyň ygtyýarynda bar bolan ýokary öndürijilikli oba hojalyk tehnikalarynyň doly güýjünde işledilmeginiň möhümdigini belläp, bu meseleleri hemişe gözegçilikde saklamak barada anyk tabşyryklary berdi.

Soňra wideoşekilli iş maslahaty “Türkmengallaönümleri” assosiasiýasynyň başlygy Ý.Aşyrowyň hasabaty bilen dowam etdi. Ol ýygnalan hasyly ýokary derejede saklamak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler hakynda hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz bu meseleleriň hemişe gözegçilikde saklanmalydygyna ünsi çekip, kabul ediş bölümleriniň sazlaşykly işiniň üpjün edilmegi babatda zerur çäreleri görülmelidigini we olarda dänäni saklamak boýunça degişli talaplara laýyk gelýän oňaýly şertleriň döredilmegi babatda çynlakaý alada edilmelidigini belledi.

Türkmenistanyň oba hojalyk ministri M.Baýramow öz gezeginde agrosenagat pudagynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, galla oragynyň barşy barada hormatly Prezidentimize hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz dänelik ekinlere agrotehniki kadalalara laýyklykda ideg etmek işini göwnejaý guramagy başarmandygy we galla oragynda guramaçylyk işleriniň peselmegine hem-de möwsümiň barşynda degişli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün edip bilmändigi üçin, ýurdumyzyň oba hojalyk ministri M.Baýramowyň işine düýpli nägilelik bildirdi. Hormatly Prezidentimiz daýhanlarymyzyň yhlasly zähmeti bilen ýetişdirilen hasylyň iň soňky dänesine çenli ýygnalyp alynmagyna, onuň Watanymyzyň harmanyna öz wagtynda tabşyrylmagyna çynlakaý hem-de jogapkärli çemeleşmegi ministrden talap etdi.

Soňra döwlet Baştutaynymyz göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk pudagyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowy çagyrdy. Wise-premýer ekerançylyk meýdanlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, hususan-da, şu günler aýgytlaýjy tapgyrda dowam edýän galla oragynyň guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmek boýunça görülýän çäreler, obasenagat toplumy üçin döwletimiz tarapyndan satyn alnan häzirki zaman tehnikalarynyň netijeli ulanylyşy hem-de gowaçalara ideg etmek boýunça alnyp barylýan agrotehniki çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, galla oragynyň tamamlanyp barýandygyna garamazdan, möwsümiň pes depginlerde alnyp barylýandygyna nägilelik bildirdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz galla oragynda yza galýan etraplardaky ýagdaýy düýpli öwrenip, gysga wagtyň içinde kemçilikleri düzetmek boýunça degişli çäreleriň görülmegini wise-premýerden berk talap etdi.

Ýurdumyzyň ykdysadyýeti üçin möhüm bolan bu oba hojalyk möwsümine dahylly bolan ähli düzümleriň sazlaşykly işiniň üpjün edilmeginiň zerurdygyna ünsi çekip, milli Liderimiz onuň öz wagtynda hem-de ýokary hilli geçirilmelidigini belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz welaýatlaryň toprak-howa şertleriniň diňe bir tehnikany ulanmakda däl, eýsem, oba hojalyk ekinlerini ýerleşdirmekde hem möhümdigini belledi. Şeýle hem milli Liderimiz bugdaý ösdürilip ýetişdirilende milli ekerançylyk däpleriniň ylmy esaslarda hem-de ýerli aýratynlyklara görä ösdürilmegine üns bermelidigini belledi.

Şeýle hem wideoşekilli iş maslahatynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy B.Atdaýewe ýerlerde gallanyň täze hasylynyň ýygnalyşyna, ýitgisiz daşalyşyna, kabul ediş bölümlerinde bökdençsiz kabul edilişine we isripsiz saklanylyşyna degişli jikme-jik seljerme işlerini geçirmek barada anyk tabşyryklary berdi.

Wideoşekilli iş maslahatynyň barşynda Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew paýtagtymyzda gurulýan dürli ähmiýetli desgalaryň ýagdaýy, bar bolan binalary hem-de ýollary abatlamak, döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyrygyna laýyklykda, şäherde arassaçylyk kadalarynyň berjaý edilişi, ýurdumyzda bellenilýän toý-baýramlara görülýän taýýarlyk babatda hasabat berdi. Şeýle hem häkim şu aýyň ahyrynda şanly sene mynasybetli açylmagy meýilleşdirilýän binalarda taýýarlyk işleriniň barşy barada aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz düzümleýin desgalaryň öz wagtynda we ýokary hilli gurulmagyny üpjün etmek boýunça ähli zerur çäreleri görmegi tabşyryp, täze binalary gurmakda ýerleri saýlamaga oýlanyşykly çemeleşmegiň zerurdygyny nygtady we olaryň okgunly ösýän türkmen paýtagtynyň binagärlik keşbi bilen ajaýyp sazlaşygy kemala getirmelidigini belledi. Aşgabady mundan beýläk-de giňeltmek we abadanlaşdyrmak, häzirki zaman, oňaýly şäher gurşawyny kemala getirmek işinde ähli usullaryň, şol sanda milli äheňdäki bezeg işleriniň nazarda tutulmalydygyny belledi.

Şu günki geçirilen wideoşekilli iş maslahatyny tamamlamak bilen, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda galla oragynyň alnyp barlyşyna düýpli närazylygyny bildirip, degişli ýolbaşçylaryň öňünde goýlan we berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ata Watanymyzyň durmuş-ykdysady ösüşine, türkmen halkynyň abadançylygynyň has-da gowulandyrylmagyna gönükdirilen jogapkärli wezipeleri çözmekde guramaçylyk işleriniň derejesini we netijeliligini yzygiderli ýokarlandyrmagyň zerurdygyny ýene bir ýola belledi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu günki iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşyjylara işlerinde üstünlik arzuw etdi we olar bilen hoşlaşdy.