Ï Türkmenistan-BMG:durmuş ulgamyndaky hyzmatdaşlyk
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan-BMG:durmuş ulgamyndaky hyzmatdaşlyk

view-icon 718
Şu gün paýtagtymyzdaky “Grand Türkmen” myhmanhanasynda “Çaganyň irki ösüşi we ony 2011-2015-nji ýyllarda mekdebe taýýarlamak babatda Türkmenistanyň Milli maksatnamasy” boýunça Pudagara iş toparynyň mejlisi geçirildi.

Iki günläp dowam etjek maslahata saglygy goraýyş, bilim, maliýe ulgamlarynyň hünärmenleri, UNISEF-iň wekilleri we žurnalistler gatnaşýarlar. Minskiniň (Belarus Respublikasy) Çaganyň irki ösüşi boýunça serişde merkeziniň ýolbaşçysy hanym Olga Awila we Arhangelskiniň (Russiýa Federasiýasy) Gagalaryň saglygyny dikeldiş merkeziniň ýolbaşçysy hanym Olga Aksenowa maslahata halkara bilermenler hökmünde çagyryldy.

Mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň maýynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanan bu maksatnamanyň taslamasy BMG-niň Çagalar gaznasynyň ýardam bermeginde Türkmenistanyň degişli ministrlikleri we pudaklaýyn edaralary bilen bilelikde bu babatda ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlaryny hem-de Çaganyň hukuklary baradaky konwensiýanyň we beýleki kadalaşdyryjy hukuk resminamalarynyň esasy düzgünlerini hasaba almak arkaly işlenip taýýarlanyldy.

Maslahatda ösüp barýan ýaş nesiller, enelik we maşgala gymmatlyklaryny gorap saklamak hakyndaky aladanyň berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe biziň ýurdumyzda durmuşa geçirilýän ägirt uly oňyn özgertmeler maksatnamasynyň we döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrydygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, biziň döwletimiz eneligi we çagalygy goramagyň milli tejribesine bu ulgamda oňyn halkara gazananlarynyň işjeň çekilmegine aýratyn üns berýär. Geçen ýylyň maýynda Orta Aziýada çaganyň hukugyny goramak boýunça ýokary derejeli III halkara forumynyň geçirilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.

Biziň ýurdumyz BMG-niň Çagalar gaznasynyň (UNISEF) öňden gelýän hyzmatdaşy bolmak, şeýle hem bu ulgamdaky köp sanly halkara konwensiýalaryna hem-de teswirnamalaryna gatnaşmak bilen, çagalary we olaryň hukugyny goramak boýunça öz üstüne alan borçnamalaryny gyşarnyksyz ýerine ýetirýär we ýaşajyk türkmenistanlylar üçin amatly ýaşaýyş-durmuş şertlerini üpjün etmek meselesine örän jogapkärli çemeleşýändigini dünýä bileleşigine äşgär edýär.

Bu ugurda “Çaganyň irki ösüşi we ony 2011-2015-nji ýyllarda mekdebe taýýarlamak babatda Türkmenistanyň Milli maksatnamasy” boýunça Pudagara iş toparyna möhüm orun degişlidir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça durmuşa geçirilýän hukuk özgertmeleriniň çäklerinde hereket edýän milli kanunçylyga monitoring girizmek onuň esasy ugurlarynyň biridir.

Mejlisiň birinji gününde toparyň agzalary çaganyň irki ösüşi boýunça Türkmenistanyň Milli maksatnamasyna laýyklykda alnyp barylýan işler, Türkmenistanda çaganyň hukugyny goramakdaky işleriň ýagdaýy, şeýle hem bu ulgamdaky halkara tejribeleri bilen tanyşdyryldy.

Mejlise gatnaşyjylar gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalaryň barşynda BMG-niň Çagalar gaznasy we beýleki halkara düzümleri bilen netijeli tejribe alyşmalary ösdürmek barada aýtdylar.

Ertir maslahat öz işini tamamlar