Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekiliýetiniň baştutany, ilçi Aureliýa Buşezi kabul etdi. Ilçi milli Liderimize ynanç hatyny gowşurdy.
Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimize Ýewropa Bileleşiginiň Prezidenti Herman Wan Rompeýiň we Ýewropa Komissiýasynyň Prezidenti Žoze Manuel Barrozonyň mähirli salamyny gowşurdy. Şeýle hem ol Ýewropa Bileleşiginiň häzirki döwürde Orta Aziýa sebitinde möhüm orny eýeleýän we sebitleýin hem-de sebitara hyzmatdaşlygynyň netijeli gatnaşyklaryny ýola goýmaga işjeň çemeleşýän we strategik hyzmatdaş bolan Türkmenistan bilen köpýyllyk gatnaşyklary hemmetaraplaýyn giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýändigi nygtaldy. Hanym Aureliýa Buşez pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyzy Rio-de-Žaneýroda geçirilen Bütindünýä sammitinde eden çykyşy bilen gutlady we onda öňe süren möhüm halkara başlangyçlarynyň dünýä jemgyýetçiliginiň gyzgyn goldawyna eýe bolandygyny nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ÝB-niň ilçisine hoşniýetli sözleri üçin minnetdarlyk bildirip, Ýewropa Bileleşiginiň ýolbaşçy düzümine özüniň iň gowy arzuwlaryny aýtdy we ÝB bilen däp bolan hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak arkaly ählumumy bähbidiň hatyrasyna giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny durmuşa geçirýän Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar diýip belledi.
Milli Liderimiz we myhman syýasy, ykdysady, gumanitar we ekologiýa ulgamlarynda ýola goýulýan özara peýdaly gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we käbir ugurlary hakynda pikir alşyp, soňky ýyllarda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ýokary depgine eýe bolýandygyny kanagatlanma bilen bellediler we bilelikde durmuşa geçirilen we alnyp barylýan onlarça taslamalar hem-de maksatnamalar munuň aýdyň subutnamasydyr diýip nygtadylar.
Parahatçylygy, ählumumy howpsuzlyk ulgamyny we energetika howpsyzlygyny pugtalandyrmak Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlarynyň tagallalaryny utgaşdyrmakdaky möhüm ugurdyr. Şunuň bilen baglylykda Ýewropa Bileleşiginiň barha ösýän islegini hem-de özüniň energiýa serişdelerini dünýä bazaryna çykarmakda köpugurly ulgamy döretmek boýunça oňyn syýasaty üstünlikli durmuşa geçirýän we ýurduň ägirt uly serişde kuwwatyny dünýä bileleşiginiň hyzmatyna goýmaga gönükdirilen birnäçe möhüm energetika taslamalary alyp barýan Türkmenistanyň öňe sürýän syýasatyny nazara almak bilen ýangyç-energetika toplumyndaky hyzmatdaşlyk söhbetdeşligiň esasyny düzdi.
Biz Türkmenistanyň Orta Aziýanyň üsti bilen energiýa serişdeleriniň ugruny diwersifikasiýa etmek arkaly energetika howpsuzlygyny giňeltmek we pugtalandyrmak boýunça alyp barýan ýörelgelerini oňlaýarys we goldaýarys diýip bellemek bilen, Aureliýa Buşez häzirki döwürde Ýewropanyň, Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň, arasynda üçtaraplaýyn ylalaşygy jemlemek boýunça işjeň gepleşikleriň alnyp barylýandygyny we onuň Hazar üsti gaz geçirijini gurmak baradaky giň möçberli bilelikdäki taslamany durmuşa geçirmek üçin hukuk binýadyny döretmekde möhüm ädime öwrüljekdigini aýtdy.
Şeýle hem duşuşugyň başynda özara gyzyklanma bildirilýän sebitleýin we halkara syýasatynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, Ýewropa Bileleşiginiň möhüm sebitara meselelerini çözmäge işjeň gatnaşýan Türkmenistanyň parahatçylyk döredijilik syýasatyna ýokary baha berýändigi we biziň ýurdumyzyň Owganystanyň täzeden galkynmagyna we onuň ykdysady ösüşine goldaw berýändigini hemmetaraplaýyn oňlaýandygy bellenildi.
Umumy maksatlara we wezipelere laýyk gelýän işjeň hyzmatdaşlygyň üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasynyň baştutanyna öz üstüne ýüklenen wezipeleri abraý bilen ýerine ýetirmekde üstünlikler arzuw etdi.
Duşuşgyň çäklerinde özara gatnaşyklaryň geljegi hakynda geçirilen netijeli pikir alyşmalar üçin hoşallyk bildirip, ÝB-niň ilçisi milli Liderimizi Türkmenistan bilen Ýewropa ýurtlarynyň halklarynyň mundan beýläk-de ýakynlaşmagy we birek-birege düşünişmegi, döwrüň synagyndan geçen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi ugrunda tagalla etjekdigine ynandyrdy.
* * *
Şeýle hem şu gün ÝB-niň ilçisi Aureliýa Buşez ýurdumyzyň hökümetinde we Daşary işler ministrliginde kabul edildi. Duşuşyklarda Türkmenistan bilen ÝB-niň arasyndaky däp bolan hyzmatdaşlygyň birnäçe möhüm ugurlaryny ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Garaşylyşy ýaly, ertir ÝB-niň ilçisi ýurdumyzyň Maliýe ministrliginde we Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutynda duşuşyk geçirer. Olarda maliýe-bank we hukuk ulgamlarynda ýola goýulýan ýygjam gatnaşyklaryň geljegine serediler. Mälim bolşy ýaly, bu ulgamlaryň ösdürilmegine we kämilleşdirilmegine biziň ýurdumyz aýratyn üns berýär we pudaklara dünýäniň öňdebaryjy tejribesini işjeň ornaşdyrýar.