Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda käbir resminamalaryň taslamalaryna, şeýle hem ýurdumyzyň durmuşyna degişli möhüm meseleleriň birnäçesine seredildi.
Döwlet Baştutanymyz mejlisiň başynda bu ýere ýygnananlary we olaryň üsti bilen tutuş türkmen halkyny berkarar Watanymyzda giňden we dabaraly bellenip geçilýän baýram – Medeniýet we sungat işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, biziň merdana halkymyz özboluşly milli medeniýeti, aýdym-sazy, ajaýyp sungat eserleri bilen adamzadyň ruhy gymmatlyklaryna öz mynasyp goşandyny goşan halklaryň biridir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Biz döredijilik işgärlerimiziň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak barada yzygiderli alada edýäris, olaryň netijeli işlemekleri üçin zerur bolan ähli mümkinçilikleri döredýäris diýip, milli Liderimiz aýtdy. Medeniýet we sungat işgärleri merdana halkymyzy beýik zähmet üstünliklerine ruhlandyrmakda, özboluşly medeniýetimizi, sungatymyzy ýokary derejelere götermekde uly işleri alyp barýarlar, berkarar döwletimizde durmuşyň ähli ugurlarynda ýetilen belent sepgitleri, ajaýyp döwrümizi wasp edýän kämil eserleri döredýärler. Ata Watanymyzda gazanylýan beýik ösüşleriň düýp mazmunyny giňden beýan etmek ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleriniň borjudyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýere ýygnananlary we tutuş türkmen halkyny ýetip gelýän baýramçylyk bilen tüýs ýürekden gutlap, jemgyýetimiziň ösüşiniň ruhy çeşmeleriniň biri bolan medeniýet we sungat ulgamynyň işgärleriniň geljekde hem öňlerinde durýan belent wezipeleriň ählisini üstünlikli durmuşa geçirip, adamlaryň kalbyna täsir edýän, olary ýokary sepgitlere ruhlandyrýan ajaýyp eserleri döretjekdiklerine berk ynam bildirdi we olara berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş arzuw etdi.
Soňra mejlisiň gün tertibine geçmek bilen, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň Iş dolandyryjysy H.Muhammedowa söz berdi. Ol öz gözegçilik edýän düzümleriniň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler we döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň döwlet dolandyryş edaralarynyň işiniň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyny talap edýändigini belläp, bu babatda öňdebaryjy guramaçylyk usullarynyň we innowasion tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagynyň we şu jähtden, bu ulgamda dünýäniň iň gowy tejribesiniň öwrenilmeginiň esasy ugur bolup durýandygyny nygtady. Hormatly Prezidentimiz bu babatda wise-premýere anyk görkezmeleri berip, garamagyndaky düzümleriň işini utgaşdyrmak bilen baglanyşykly meseleleriň ählisini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa ýurdumyzyň kanunçylygyny has-da kämilleşdirmek boýunça Mejlisiň alyp barýan işleri barada habar berdi. Bellenilişi ýaly, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri we saýlawçylar bilen duşuşyklaryň barşynda saýlawçylaryň sargytlary we isleg-arzuwlary üns bilen öwrenilýär.
Döwlet Baştutanymyz habary diňläp, deputatlaryň ýerlerde alyp barýan işiniň, olaryň sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek wezipelerini çözmäge gatnaşmagynyň, ýurdumyzyň gülläp ösmegine, raýatlarymyzyň abadançylygyna gönükdirilen oňyn özgertmeleriň many-mazmunyny ilata ýetirmegiň örän möhümdigini nygtady.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýew gözegçilik edýän ulgamlarynda işleriň ýagdaýy, şeýle hem “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyny” üstünlikli durmuşa geçirmek, Türkmenistanyň ýerli önüm öndürijilerini höweslendirmek, olaryň öndürýän harytlarynyň bäsdeşlige ukyplylygy babatda bähbitlerini goramak, şeýle hem içerki bazaryň söwda dolanyşygyny düzgünleşdirmek maksady bilen geçirilýän işler barada hasabat berdi. Wise-premýer, hususan-da, degişli edaralar tarapyndan daşary ýurtlardan getirilýän, gümrük paçlary tölenmeýän we mukdar taýdan çäklendirilmeýän harytlaryň, şeýle hem gümrük paçlary tölenýän harytlaryň sanawlarynyň we paçlaryň möçberlerini taýýarlamak babatda alnyp barylýan işler barada habar berdi.
Hökümetiň Baştutanynyň orunbasary hasabatynyň çäklerinde milli Liderimiziň "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyny" durmuşa geçirmegiň depginlerini ýokarlandyrmak boýunça çäreleri görmek babatda ozal beren tabşyrygynyň ýerine ýetirilişi bilen tanyşdyrdy. Ozal habar berlişi ýaly, welaýatlaryň häkimlikleri bilen bilelikde senagat maksatly desgalarda we ýurdumyzyň welaýatlarynda gurulýan inženerçilik desgalarynda işleriň ýagdaýy seljerildi we gurluşyk işlerini çaltlandyrmak boýunça iş meýilnamasy düzüldi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli ykdysady strategiýa dünýä bazaryndaky üýtgeşmelere, haryt öndürijileriň bähbitleriniň goralmagyna, ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň içerki we daşarky bazarlarda bäsdeşlige ukyplylygyny gazanmaga, sarp edijileriň hukuklaryny we howpsuzlygyny goramak üçin getirilýän harytlaryň hilini üpjün etmek boýunça çärelere ýardam edilmegine täsir edýän çeýe gümrük-nyrh syýasatynyň geçirilmegini göz öňünde tutýar diýip belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz bu ugurda alnyp barylýan işleriň ähmiýetini belläp, degişli resminamany taýýarlamagy tabşyrdy.
Ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeler maksatnamalarynda göz öňünde tutulan işleri öz wagtynda ýerine ýetirmegiň möhümdigine ünsi çekip, milletiň Lideri welaýatlarda binalaryň, desgalaryň we inženerçilik ulgamlarynyň gurluşygyny doly tamamlamak boýunça Iş meýilnamasyny tassyklamak hakynda teklibi makullady we degişli resminamany taýýarlamagy tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň mejlisini dowam etmek bilen, döwlet Baştutanymyz biz ýurdumyzy senagat taýdan has-da ösdürmek, köp sanly täze iş orunlaryny döretmek, ykdysadyýetimiziň çig mal çykarýan pudaklaryny taýýar önümleri öndürýän önümçilikleri döretmäge gönükdirip, özgertmek ýoluny saýlap aldyk diýip belledi.
Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda senagat pudagyny ösdürmek bilen gönüden-göni meşgullanjak dolandyryş edarasyny döretmek zerur bolup durýar diýip, milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Senagat ministrliginiň döredilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy. Türkmenistanyň Prezidentiniň belleýşi ýaly, häzirki döwürde Energetika we senagat ministrliginiň öňünde energetikany ösdürmek boýunça uly we möhüm wezipeler durýar. Bu ministrlik ýurdumyzda senagaty ösdürmek bilen ýeterlik derejede meşgullanyp bilmeýär.
Döwlet Baştutanymyz wise-premýer A.Goçyýewe ýüzlenip, bu meseläniň üstünde işlemegi we Türkmenistanyň Senagat ministrilgini döretmek baradaky Permanyň taslamasyny işläp taýýarlamagy tabşyrdy. Hökümetiň Baştutanynyň orunbasary A.Ýegeleýewe bolsa täze dörediljek ministrlik üçin edara binasyny bölüp bermek babatda teklipleri taýýarlamak barada görkezme berildi.
Soňra Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, ýurdumyzyň daşary işler ministri R.Meredow Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugruny yzygiderli durmuşa geçirmek boýunça amala aşyrylýan işler, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Rio-de-Žaneýro şäherinde geçirilen durnukly ösüş boýunça “Rio+20” atly ýokary derejeli halkara maslahatynyň netijeleri barada hasabat berdi. Mälim bolşy ýaly, şol bütindünýä forumyna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.
Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanymyz maslahatda çykyş edip, ekologiýa we daşky gurşawy goramak ýaly möhüm ugurlarda halkara hyzmatdaşlygyny ilerletmäge gönükdirilen ýurdumyzyň oňyn başlangyçlaryny we tekliplerini beýan etdi. Bu döredijilikli başlangyçlar dünýä bileleşiginiň makullamagyna we goldawyna mynasyp boldy. Munuň özi häzirki wagtda adamzadyň geljegi üçin möhüm wezipeleriň gaýra goýulman çözülmeginiň derwaýysdygyna şaýatlyk edýär. Şeýlelikde, biziň ýurdumyz halkara hyzmatdaşlygy meselelerinde işjeň orun eýeläp, ählumumy möçberde durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça umumy tagallalara saldamly goşant goşýar. Şol hyzmatdaşlykda bolsa BMG-niň çäklerindäki özara gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berilýär.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň mundan beýläk hem Birleşen Milletler Guramasy we onuň esasy düzümleri bilen hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürjekdigini we halkara bileleşigi bilen oňyn tejribäni, şol sanda durmuş we ekologiki häsiýetli meseleleri çözmekde tejribesini paýlaşmaga taýýardygyny nygtady.Daşky gurşawy goramak, tebigy serişdeleri aýawly we rejeli ulanmak, umuman, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we şunda tebigaty goramak babatda milli strategiýanyň ileri tutulýan ugurlarynyň BMG-niň yglan eden durnukly ösüşiň ählumumy maksatlary bilen sazlaşýandygyny belledi.
Şunuň bilen baglylykda, milletiň Lideri Türkmenistanyň halkara başlangyçlarynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi babatda netijeli işleriň yzygiderli dowam etdirilmeginiň möhümdigini nygtady. Şol başlangyçlar bolsa häzirki zamanyň möhüm meseleleriniň çözgüdini işläp taýýarlamak maksadynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijeli usullaryny kemala getirmek boýunça tagallalary birleşdirmäge, ählumumy abadançylygyň we rowaçlygyň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam eder.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz mejlisiň barşynda ýurdumyzyň diplomatik ugruna degişli işgärleri wezipä bellemek baradaky resminamalaryň birnäçesine gol çekdi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Nurmyradowa ýurdumyzda 27-nji iýunda bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň güni mynasybetli geçiriljek dabaraly çärelere, Aşgabat şäheriniň 10 ýyl Abadançylyk köçesiniň ugrunda gurlan döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabarasyna, Gyşky oýunlar sport toplumynda baýramçylyk konsertini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Wise-premýer Türkmenistanyň medeniýet we sungat işgärleriniň gününe bagyşlanan çäreler barada jikme-jik habar berip, döwlet Baştutanymyzy şol çärelere gatnaşmaga çagyrdy.
Şeýle hem ýurdumyzda iýul aýynda geçiriljek medeni çäreleriň we medeni-durmuş maksatly desgalary açyp, ulanmaga bermegiň tertibi barada hasabat berildi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, häzirki wagtda medeniýet ulgamyny üstünlikli ösdürmegiň durmuş-ykdysady maksatlara amal etmegiň, türkmenistanlylaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmagyň, halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň özenini düzýändigini aýratyn nygtap belledi. Milletiň Lideriniň belleýşi ýaly, täze döwür bu möhüm ugurda işiň täze usullaryny we serişdelerini gözlemegi, ýurdumyzda bolup geçýän ägirt uly özgertmelere jogapkärli çemeleşmegi we olary mynasyp şöhlelendirmegi talap edýär.
Ähli oňyn özgertmeleriň üstünligi köp babatda berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň taglymlaryny durmuşa geçirýän döredijilik işgärleriniň goşandyna baglydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady we göz öňünde tutulan baýramçylyk çäreleriniň ählisini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy.
Soňra çykyş eden Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow gündelik oba hojalyk işleriniň barşy hakynda hasabat berdi. Wise-premýeriň habar berşi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzda galla oragy dowam edýär. Şunuň bilen birlikde, gowaça ideg etmek işlerinde hatarara bejergisini geçirmek, mineral dökünler bilen goşmaça iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak boýunça agrotehniki çäreler ýokary derejede talabalaýyk alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynda möhüm möwsüm bolan ösdürilip ýetişdirilen bugdaý hasylyny soňky dänesine çenli ýygnap almak üçin ähli çäreleri görmegi berk talap etdi. Güýzlük galla üçin ýerleri taýýarlamagy dowam etmek, oba hojalyk meýdanlarynda orakdan soň boşan ýerlerde aralyk ekinleri ekmek gerek diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Edermen babadaýhanlarymyzyň hal-ýagdaýyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmagyň möhüm çeşmesi bolan pagtaçylygy ösdürmek we gowaça ideg etmek meseleleriniň üstünde durup geçmek bilen, döwlet Baştutanymyz bu babatda agrotehnikanyň kadalarynyň takyk berjaý edilmeginiň, ylmyň gazananlarynyň türkmen halkynyň gadymy ekerançylyk däpleri bilen sazlaşykda önümçilige giňden ornaşdyrylmagynyň wajyp wezipedigine wise-premýeriň ünsüni çekdi hem-de bu ugurda zerur guramaçylyk işleriniň yzygiderli alnyp barylmalydygyny nygtady.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýegeleýew gözegçilik edýän elektroenergetika, gurluşyk materiallary we gurluşyk pudaklarynda geçirilýän işler we döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hakyndaky hasabat bilen çykyş etdi. Şeýle hem hasabatyň barşynda wise-premýer Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynyň çäklerinde Ahal welaýatynyň Ruhabat etrabynda gurulmagy göz öňünde tutulýan “Gurtly” gaz turbinaly elektrik stansiýasyny döwlet serişdeleriniň hasabyna gurmak bilen bagly taýýarlyk işleri hakynda habar berdi.
Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, gurluşyk industriýasynyň, senagatyň we energetikanyň netijeliligini mundan beýläk-de artdyrmagyň, bu pudaklarda innowasiýalary giňden ornaşdyrmagyň ähmiýetini belledi. Türkmenistanlylaryň durmuşy, işi we dynç alşy üçin göwnejaý şertleri, amatly şäher gurşawyny hem-de degişli düzümleri döretmek özgertmeleriň möhüm ileri tutulýan ugrudyr we şeýle bolmagynda galýar.
Hormatly Prezidentimiz elektrik energetikasynyň milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri bolup durýandygyny belläp, ýurdumyzyň energetika syýasatynyň Türkmenistanyň senagatynyň, oba hojalygynyň, durmuş ugrunyň talaplaryny doly kanagatlandyrmaga, şeýle hem beýleki döwletlere ibermegiň möçberlerini artdyrmaga gönükdirilendigini nygtady. Bu babatda milletiň Lideri paýtagtymyzy hem öz içine alýan ýurdumyzyň halkalaýyn energiýa ulgamyny döretmäge, energiýa enjamlarynyň birnäçesiniň durkuny täzelemäge we olary döwrebaplaşdyrmaga, energiýany tygşytlaýan daşary ýurt tehnologiýalaryny önümçilige ornaşdyrmaga ünsi çekdi, şol işler elektrik energiýasy bilen üpjünçiligiň ýokary derejesini gazanmaga mümkinçilik berer, ýurdumyzyň energetikasynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrar we türkmen elektrik energiýasyny daşarky bazarlara ibermegiň ugurlarynyň ygtybarly, köpgörnüşli ulgamyny döreder.
Nebitgaz toplumynyň, himiýa senagatynyň we balyk hojalygynyň pudaklarynda alnyp barylýan işler barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow hasabat berdi. Hökümet Baştutanynyň orunbasary hasabatynyň çäklerinde öz gözegçilik edýän ulgamyny döwrüň ýokary talaplarynyň derejesine laýyklykda mundan beýläk-de ösdürmegiň hem-de milli ykdysadyýetimiziň wajyp pudaklaryny düýpli döwrebaplaşdyrmak, işleriň hilini kämilleşdirmek boýunça amala aşyrylýan giň gerimli çäreler, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada jikme-jik habar berdi.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, Garaşsyz Türkmenistan Watanymyzyň ýangyç-energetika toplumyny, şeýle hem himiýa senagatynyň we balyk hojalygynyň kärhanalaryny has-da depginli ösdürmäge degişli gaýragoýulmasyz wajyp wezipelere ünsi çekdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň nebiti gaýtadan işleýän kärhanalarynyň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagy we tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrylmagy ýokary hilli nebit önümleriniň dürli görnüşleriniň öndürilýän möçberlerini artdyrmaga mümkinçilik berer diýip belledi. Bu bolsa öz gezeginde nebithimiýa önümlerine artýan içerki islegleri kanagatlandyrmaga, milli ykdysadyýetimiziň eksport kuwwatyny berkitmäge ýardam eder.
Döwlet Baştutanymyz energetika strategiýasyny durmuşa geçirmek bilen, täze ýangyç ýataklaryny senagat taýdan çalt özleşdirmek, ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalaryny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak we dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň ýokary öndürijilikli täze tehnikalary bilen doly üpjün etmek, sebitleýin we dünýä möçberinde energetika howpsuzlygyny pugta berjaý etmegiň möhüm şerti bolan köpugurly gaz geçirijiler düzümini ösdürmek üçin ähli mümkinçiliklerden netijeli peýdalanmak zerurdyr diýip nygtady.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary R.Seýitkulyýew gözegçilik edýän ulag we aragatnaşyk pudaklarynda geçirilýän işler, hususan-da, hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyrygyna laýyklykda awtoulag-ýolagçy gämisini gurduryp satyn almak bilen baglanyşykly alnyp barylýan işler hakynda hasabat bilen çykyş etdi. Şeýle hem wise-premýer daşary ýurtlarda çap edilýän döwürleýin neşirlere abuna ýazlyşygy üpjün etmek barada görülýän çäreler hakynda-da habar berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki wagtda Türkmenistanda aragatnaşyk ulgamyny toplumlaýyn ösdürmäge hem-de döwrebaplaşdyrmaga ägirt uly üns berilýändigini nygtap, onuň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň hem-de talap edilýän ýokary hili gazanmagyň zerurdygyna ünsi çekdi. Hususan-da, milletiň Lideri häzirki wagtda Türkmenistanda Internetiň hem-de häzirki zaman aragatnaşyk tehnologiýalarynyň her bir raýat üçin elýeterli bolmagy barada ähli şertleriň döredilýändigini, telearagatnaşygy işjeň ösdürmäge uly üns berilýändigini belledi.
Milli Liderimiz ýurdumyzyň öz çäginde we ulaglaryň gatnaýan halkara ugurlaryny sazlaşykly ösdürmek bilen baglylykda, deňiz we derýa arkaly gatnawlara aýratyn ähmiýet berilýändigini nygtady. Şunuň bilen baglanyşyklylykda, hormatly Prezidentimiz suw arkaly gatnaýan ulaglaryň düzüminiň mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrylmagyny üpjün etmegiň zerurdygyny belledi. Şu nukdaýnazardan milli Liderimiz bu pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak maksady bilen, Hazar deňzinde ulanmak üçin awtoulag-ýolagçy gämisini gurduryp satyn almak hakyndaky meseläniň örän wajypdygyny nygtap, wise-premýere bu işi çaltlandyrmak barada anyk tabşyryklary berdi.
Mejlisiň barşynda döwlet Baştutanymyz ykdysadyýetiň dürli pudaklaryny, şol sanda bilim, saglygy goraýyş we beýleki ulgamlary ösdürmekde daşary ýurt döwletleriniň ylmy-tehniki gazananlaryny öwrenmegiň zerurdygyny belledi. Bu babatda dünýä tejribesini türkmen ykdysadyýetine ornaşdyrmak maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2012-nji ýylyň ikinji ýarym ýyly üçin daşary ýurtlarda çap edilýän döwürleýin neşirlere abuna ýazylyşygy hakyndaky degişli karara gol çekdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýewe hasabat bermek üçin söz berildi, ol gözegçilik edýän ulgamlarynda işleriň ýagdaýy, ylmy we bilimi, saglygy goraýşy, sporty hem-de syýahatçylygy ösdürmek boýunça döwlet durmuş syýasatynyň hem-de milli maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi hakynda hasabat berdi. Wise-premýer mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alşyny guramak barada hem habar berdi. Hususan-da, Gökderede çagalar sagaldyş merkezleriniň 13-siniň, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda ikisiniň, ýurdumyzyň welaýatlarynda 46-synyň, şeýle hem mekdepleriň ýanyndaky dynç alyş meýdançalarynyň 850-den gowragynyň işleýändigi bellenildi. Tutuşlygyna alnanda, tomusky dynç alşyň birinji tapgyrynyň barşynda bütin ýurdumyzda 51 müňden gowrak çaga üçin göwnejaý dynç alyş guraldy.
Milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ösüp gelýän ýaş nesle bilim we terbiýe bermek ýaly, jemgyýetimiziň we ýurdumyzyň durmuşyndaky ileri tutulýan ulgamlaryň durmuş ugruna gönükdirilen syýasaty ýöredýän hem-de adamlara mynasyp durmuş şertlerini döretmegi, olaryň mümkinçiliklerini we ukyplaryny açmagy maksat edinen döwletimiziň hemişe üns merkezinde boljakdygyny nygtady. Bu babatda ýurdumyzyň sport desgalarynyň, medeni edaralarynyň binýadyny we beýleki serişdeleri peýdalanmak bilen okuwdan boş wagtlarynda çagalaryň işjeň hem-de manyly dynç alşy üçin bar bolan mümkinçilikleri has netijeli peýdalanmak möhümdir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz çagalar dynç alyş merkezlerinde we beýleki dynç alynýan ýerlerde zerur arassaçylyk kadalarynyň hem-de çagalaryň howpsuzlygynyň talaplaryny berk berjaý edip, sagaldyş edaralarynyň mugallymlarynyň we terbiýeçileriniň jogapkärçiligi duýup işlemelidiklerine aýratyn üns berip, tomusky dynç alyş döwründe çagalaryň boş wagtlaryny hem-de dynç alşyny guramak, mekdep okuwçylarynyň gözýetimlerini giňeltmek hem-de saglygyny pugtalandyrmak meselelerini aýratyn gözegçilikde saklamak barada görkezme berdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz her ýyl edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň ýaş aýdymçylaryň we zehinli çagalaryň arasynda yglan edilýän Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly bäsleşigine degişli meseläni gozgap, dünýä möçberinde medeni hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen, şol bäsleşigiň çäklerinde halkara çagalar döredijilik bäsleşigini guramagyň maksada laýyk boljakdygyny belledi hem-de wise-premýere bu meseläni içgin öwrenmegi tabşyrdy, şol bäsleşige dünýäniň dürli ýurtlaryndan zehinli çagalar gatnaşyp bilerler.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda dokma senagaty we söwda pudagynyň dynç alyş merkeziniň dabaraly açylyşyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Wise-premýer hasabatynyň çäklerinde ýurdumyzyň bazarlarynda azyk bolçulygyny üpjün etmek we harytlaryň görnüşlerini artdyrmak boýunça geçirilýän işler barada habar berdi.
Adamlaryň abadançylygy we saglygy baradaky aladanyň we şunuň bilen bagylylykda häzirki zaman sanatoriýa-şypahana düzümini döretmegiň täze taryhy eýýamda Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hazaryň ekologiýa taýdan arassa türkmen kenarynda okgunly ösýän deňiz şypahanasyny mysal getirdi. Häzir "Awaza" milli syýahatçylyk zolagy türkmenistanlylar üçin hem, biziň daşary ýurtly myhmanlarymyz üçin hem özüne çekiji ýere öwrülip, maşgala we çagalar dynç alyş merkezi hökmünde onuň meşhurlygy barha artýar. Tomus möwsümi aýratyn-da köp adamly boýlar diýip, döwlet Baştutany belledi. Şunuň bilen baglylykda, “Awaza” şypahana düzüminiň üstüni ýetirjek täze desganyň açylyş dabarasyna degişli taýýarlyk görmegi tabşyryp, milletiň Lideri täze merkezde edilýän hyzmatyň halkara ülňülerine gabat gelmelidigini hem-de adamlaryň oňaýly dynç almagy we saglygyny berkitmegi üçin amatly şertleriň döredilmelidigini aýtdy.
Ýurdumyzyň bazarlarynda azyk bolçulygy meselesine degip geçmek bilen, hormatly Prezidentimiz ähli degişli meseleleri, şol sanda azyk önümleriniň nyrhynyň ilat üçin elýeterli bolmagy bilen bagly meseleleri berk gözegçilikde saklamagy talap etdi, şeýle hem söwda we hyzmatlar ulgamyny has-da kämilleşdirmegiň möhümdigini aýtdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň direktory Ý.Kakaýew gözegçilik edýän düzümleriniň alyp barýan işleri barada hasabat berdi. Wise-premýer şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň tabşyrmagy boýunça Mary we Lebap welaýatlaryna bolan iş saparynyň netijeleri barada habar berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir diýip belledi. Pudagy diwersifikasiýalaşdyrmak maksady bilen iri möçberli taslamalary, şol sanda nebiti we gazy çykarmak hem-de gaýtadan işlemek ulgamyndaky taslamalary amala aşyrmak üçin ägirt uly serişdeler goýberilýär we maýa goýumlary çekilýär. Milletiň Lideri taslamalaryň üstünlikli we öz wagtynda durmuşa geçirilmeginiň ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga ýardam etjekdigini nygtap, wise-premýere bu ugurda işleýän düzümleriň we daşary ýurt kompaniýalarynyň işini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Mejlisiň barşynda döwlet durmuşynyň käbir beýleki meselelerine hem garaldy, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini tamamlap, oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk we abadançylyk, eziz Watanymyzy gülledip ösdürmegiň, türkmen halkynyň bagtly durmuşynyň hatyrasyna alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.