Ï Türkmenistan neşe wehimlerine aýgytly garşy durýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan neşe wehimlerine aýgytly garşy durýar

view-icon 921
Şu gün bütin dünýäde bolşy ýaly, Türkmenistanda neşe serişdeleriniň sarp edilmegine, ýaýradylmagyna we bikanun dolanyşygyna garşy göreşmegiň halkara güni bellenip geçildi. 1987-nji ýylda BMG-niň Baş Asambleýasy neşeleri sarp etmekden erkin halkara jemgyýetini döretmek maksady bilen, işi we hyzmatdaşlygy güýçlendirmegiň alamaty hökmünde her ýylda şol güni 26-njy iýunda belläp geçmek barada karar etdi.

Şu günler bütin ýurdumyzda geçirilen köp sanly maslahatlar, bäsleşikler, sport-sagaldyş ýaryşlary, saglygy goraýyş edaralarynyň işgärlerini we işleri gönüden-göni bu iş bilen bagly bolan saglygy goraýyş edaralarynyň işgärlerini we hukuk goraýjy edaralaryň wekillerini, şeýle hem jemgyýetçilik guramalaryny çekmek bilen aň-bilim çäreleri neşekeşlige garşy göreşmegiň meselesine bagyşlandy. Olaryň hemmesi neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalarynyň we prekursorlaryň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmek hem-de neşe serişdelerine we psihotrop maddalara garaşly adamlara kömek etmek boýunça 2011-2015-nji ýyllar üçin maksatnamany durmuşa geçirmek maksady bilen, şeýle hem neşe serişdeleriniň sarp edilmegine, ýaýradylmagyna we bikanun dolanyşygyna garşy göreş alyp barmagyň halkara güni mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Buýrugy bilen tassyklanylan meýilnama laýyklykda guraldy.

Türkmenistanyň hukuk goraýjy we harby edaralary tarapyndan geçirilen ýörite işleriň barşynda ele salnan neşe serişdeleriniň iri tapgyryny ýok etmek boýunça Aşgabadyň etegindäki Kasamly jülgede şu gün irden geçirilen nobatdaky çäre bu senä bagyşlandy. Ýurdumyzyň hökümeti, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky neşekeşlige garşy göreş alyp barmak boýunça döwlet utgaşdyryjy topary we Türkmenistanyň Neşelere garşy göreşmek baradaky döwlet gullugy tarapyndan guralan bu çäre türkmen döwletiniň we jemgyýetiniň häzirki döwrüň tutuş adamzat üçin iň howply wehimleriň birine garşy durmagyň nobatdaky aýdyň tassyklanmasy boldy.

Türkmenistanyň hukuk goraýjy we harby edaralarynyň, esasy halkara guramalarynyň, şol sanda BMG-niň neşeler we jenaýatçylyk boýunça müdirliginiň (UNODS), ÝHHG-nyň işgärleri, Türkmenistanda resmi taýdan bellenilen diplomatik wekilhanalaryň we missiýalaryň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň, habar beriş serişdeleriniň wekilleri 635 kilogramdan gowrak neşeleriň ýok edilmeginiň şaýatlary boldular.

Ele salnan neşe maddalaryny ýok etmegiň öňüsyrasynda dürli ölçegdäki gaplara gaplanan neşe serişdeleri bu ýere ýygnananlara görkezildi. Şondan soňra bu çärä gatnaşyjylaryň her birine bu howply harydy ýörite peçlere oklamaga mümkinçilik döredildi. Howply neşe serişdeleri küle öwrüldi. Olary ýakmak çäresiniň barşyna ýörite bellenen düzgünlere laýyklykda hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleri gözegçilik etdiler.

Neşe serişdelerini ýok etmek boýunça şeýle çäräniň geçirilmegi olaryň bikanun dolanyşygyna we getirilmegine garşy göreşde gazanylan üstünlikleriň ýene-de bir aýdyň tassyklanmasy boldy hem-de türkmen döwletiniň bu bela garşy alyp barýan işleriniň netijeliligini görkezdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy göreşi daşary we içeri syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde kesgitledi. Türkmenistan adamzada howp salýan we ählumumy wehime garşy işjeň çäreleri durmuşa geçirýär we beýleki döwletler üçin görelde bolýar. Milletiň Lideriniň başlangyjy boýunça ýurdumyzda neşelere garşy göreşmek baradaky döwlet gullugy döredildi, neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalaryň we prekursorlaryň bikanun dolanyşygyna garşy ýörite maksatnama amala aşyrylýar, neşe serişdelerine we psihotrop maddalaryna garaşly adamlara kömek bermek boýunça 2011-2015-nji ýyllar üçin meýilnama laýyklykda neşe serişdeleriniň bikanun getirilmeginiň öňüni almak, ýüze çykarmak we neşekeşligiň soňuna çykmak boýunça iri möçberli çäreler alnyp barylýar.

Türkmenistan bu ugurda meseleleriň giň toplumy boýunça Birleşen Milletler Guramasy bilen özara ylalaşykly çäreleri amala aşyrýar, neşe serişdeleriniň we psihotrop maddalarynyň bikanun dolanyşygyna garşy göreş boýunça Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan 1961-nji, 1971-nji hem-de 1988-nji ýyllarda kabul edilen halkara Konwensiýalarynyň üçüsine işjeň gatnaşýar. Şu nukdaýnazardan Türkmenistanyň BMG-nyň 2012-2015-nji ýyllar üçin neşeler baradaky komissiýasynyň düzümine girizilmeginiň uly ähmiýeti bardyr. Daşary ýurtlaryň ençemesiniň hökümetleri bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk hem üstünlikli ösdürilýär. Muňa Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda hökümetara ylalaşygynyň hem-de Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasynda neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy göreşde özara hyzmatdaşlyk etmek hakynda şu ýyl baglaşylan pudagara ylalaşygy mysal bolup durýar.

Häzirki wagtda türkmen jemgyýetinde sportuň we sagdyn durmuş ýörelgesiniň barha uly meşhurlyga eýe boýlandygy guwançlydyr. Bu bolsa zyýanly endikleri ýok etmegiň iň netijeli usulydyr. Milletiň saglygy, her bir raýatyň beden we ruh taýdan kämilleşmegi baradaky aladany döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitlän Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan alnyp barylýan syýasatyň netijesinde tutuş ýurdumyz boýunça häzirki zaman bedenterbiýe-sagaldyş toplumlarynyň, sport mekdepleriniň we beýleki desgalaryň gurluşygy giň gerime eýe boldy. Şunda sagdyn durmuş ýörelgesine yzygiderli eýerýän we sport bilen işjeň meşgullanýan döwlet Baştutanynyň şahsy göreldesi jemgyýet üçin, ilkinji nobatda bolsa ýurdumyzyň geljegi bolan ösüp gelýän ýaş nesil üçin aýdyň görelde bolup hyzmat edýär.

Şu günki çärä daşary ýurtly gatnaşyjylar onuň möhüm ähmiýetini nygtamak bilen, Türkmenistanyň parahatçylygy, durnuklylygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmak işine, häzirki döwrüň wehimlerine we howplaryna garşy durmak boýunça ählumumy tagallalara täze anyk goşandy höküminde möhüm waka bolandygyny nygtadylar. Bellenilşi ýaly, dünýä bileleşigi Türkmenistanyň neşe serişdeleriniň bikanun ýaýradylmagyna garşy ygtybarly böwet goýmaga hem-de bu ugurda oňyn halkara hyzmatdaşlygyna taýýardygyna ýokary baha berýär. Türkmenistanyň hukuk goraýjy edaralarynyň ýerlerdäki häkimiýet we lukmançylyk edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bilen ylalaşykly hereketleri özüniň oňat netijesini berýändigi nygtalyp geçildi.

Çärä gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa bu asylly başlangyja gönüden-göni gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözlerini aýtdylar. Olaryň belleýşi ýaly, bu çäräniň ählumumy howpa garşy durmakda, sebitde we bütin dünýäde howpsuzlygy üpjün etmekde örän uly ähmiýeti bardyr.