Ï Angola Respublikasynyň ilçisi Türkmenistanda işläp başlady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Angola Respublikasynyň ilçisi Türkmenistanda işläp başlady

view-icon 738
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa Angola Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Žoakim Augusto de Lemuşdan ynanç hatyny kabul etdi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy myhmany türkmen döwletiniň Baştutanynyň adyndan jogapkärli diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, iki ýurduň arasyndaky dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmek işinde üstünlikleri arzuw etdi. Öz nobatynda ilçi hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Angola Respublikasynyň baştutany Žoze Eduard duş Santuşyň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Ilçiniň belleýşi ýaly, ol öz ýurdunyň Türkmenistandaky ilkinji doly ygtyýarly wekili bolmak hormatynyň öz paýyna düşendigine tüýs ýürekden buýsanýar we bu iki döwletiň arasynda uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygy ýola goýmakda ilkinji ädim bolup durýar.

Duşuşygyň barşynda ilçi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary, şeýle hem ýurdumyzda amala aşyrylýan möhüm milli taslamalar hem-de ösüş maksatnamalary, ilkinji nobatda durmuş ulgamyndaky özgertmeler bilen tanyşdyryldy. Ilçä şeýle hem daşary syýasy strategiýanyň esasy ugurlary barada habar berildi. Dünýäniň ähli ýurtlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy şol strategiýanyň esasy ýörelgeleriniň biri bolup durýar. Mejlisiň özgertmeleriň ýoly bilen ýurdumyzy durnukly ilerletmegi üpjün edýän kanunlary işläp taýýarlamaga gönükdirilen işi söhbetdeşligiň aýratyn meselesi boldy.

Ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň geljegi hakynda pikir alyşmagyň çäklerinde ilçi öz ýurdunyň gysga döwürde durmuş-ykdysady ösüşde uly üstünlikleri gazanan we ylalaşdyryjylyk syýasaty bilen halkara arenasynda uly abraýa eýe bolan Türkmenistan bilen döwletara gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge uly gyzyklanma bildirýändigini aýtdy. Söwda – ykdysady, ýangyç-energetika, gurluşyk ulgamlary, oba hojalygy hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Duşuşyga gatnaşyjylar şeýle hem medeni-gumanitar ulgamda ýakyn gatnaşyklary we gös-göni parlament aragatnaşyklaryny ýola goýmak barada öz pikirlerini aýtdylar.

* * *

Şu gün ilçi şeýle hem Daşary işler ministrliginde kabul edildi, şonda Türkmenistan bilen Angola Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklary ýola goýmak we giňeltmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ilçiniň biziň ýurdumyzda bolmagynyň maksatnamasynda Oba hojalyk ministrliginde duşuşyk geçirmek, Türkmen halysynyň milli muzeýine we Türkmenistanyň Baş milli muzeýine baryp görmek göz öňünde tutuldy.