Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň merkezi geňeşi, Türkmenistanyň Neşelere garşy göreşmek baradaky döwlet gullugy Gökderedäki çagalar sagaldyş merkezlerinde Neşe serişdeleriniň sarp edilmegine, ýaýradylmagyna we bikanun dolanşygyna garşy göreşmegiň halkara gününe bagyşlap ýaş hudožnikleriň döredijilik bäsleşigini geçirdiler. Bäsleşigiň esasy maksady saglygyňa we durmuşuňa zyýan berýän ýaramaz gylyga garşy durmakdan ybaratdyr. Bu terbiýeçilik-öňüni alyş çäresine gatnaşyjylardan guramaçylyk komitetiniň adyna sagdyn durmuş ýörelgesine çagyrýan görnüşde çeper çekilen suratlaryň onlarçasy gelip gowuşdy
Bäsleşigiň jemini jemlemek we baýrakly orunlara mynasyp bolanlara hormat goýmak dabarasy „Çeşme“ çagalar sagaldyş merkezinde geçirildi.Bu dabaraly çärä Gökderäniň beýleki sagaldyş merkezlerinden hem bäsleşige gatnaşanlar çagyryldy. Paýtagtyň çagalar we ýetginjekler köşgüniň döredijilik gurnaklarynyň aýdymçylary we tansçylary özleriniň iň gowy aýdymlaryny ýerine ýetimek bilen, baýrakly orunlara mynasyp bolanlar üçin döredijilik sowgadyny etdiler.
Bäsleşigiň ýeňijileri bu dabaraly çäräniň baş gahrymanlary boldular. Olar birinji orna mynasyp bolan „Çynar“ çagalar sagaldyş merkezinden Wiktoriýa Şewçenko, „Şöhle“ çagalar sagaldyş merkezinden Nurana Garlyýewa, „Altyn sümmül“ çagalar sagaldyş merkezinden Tahyr Tuwakmedow dagy bolsa hormatly ikinji orny öz aralarynda paýlaşdylar. Şeýle hem „Ýaşlyk“ we „Çynar“ çagalar sagaldyş merkezleriniň wekilleri degişlilikde Arzyman Çaryýewa we Baýram Hojanyýazow üçünji baýrakly orny aldylar.
Bäsleşigi guraýjylaryň belleýşleri ýaly, özleriniň döredijilik işleriniň baha derejelerine garamazdan, bäsleşige gatnaşyjylaryň ählisi hem ýaramaz endiklere erbet garaýandyklaryny doly suratda mälim etdiler. Olar döredijilik gurnaklarynda we sport bölümlerinde geçýän sapaklaryny ýaramaz eniklere garşy goýýarlar. Çilim çekmekligiň, bir spirtli içgini içmekligiň ýa-da neşe serişdesini dadyp görmekligiň ýetirýän ähly zyýanlaryny ýaş hudožnikler plakatyň dili bilen ynandyryjy ýagdaýda görkezmegi başarypdyrlar.