Ï Beýik şahyryň umyt-arzuwlary amal boldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Beýik şahyryň umyt-arzuwlary amal boldy

view-icon 1057
Türkmenistanyň Prezidenti “Magtymguly” operasyna tomaşa etdi

Şu gün Magtymguly adyndaky Türkmen milli sazly-drama teatrynda täze goýlan “Magtymguly” operasynyň tomaşaçylara görkezilmegi ýurdumyzyň medeni durmuşyndaky möhüm waka öwrüldi. Türkmen opera sungatynyň täzeden dikeldilmegine ak ýol açan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze opera tomaşa etdi.

2008-nji ýylyň 27-ini iýunynda döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy hem-de goldaw bermegi netijesinde Türkmenistanyň Milli medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň sahnasynda täzeden dikeldilen “Şasenem we Garyp” operasy ilkinji gezek tomaşaçylara görkezildi. Şol ýyl hem ýurdumyzda Medeniýet we sungat işgärleriniň gününi baýram hökmünde bellemek karar edildi. Mundan başga-da, medeniýet we sungat işgärleriniň hünär baýramçylygyny täze opera eseri bilen başlamak asylly däbe öwrüldi. Şondan bir ýyl geçensoň “Leýli we Mežnun”, 2010-njy ýylda “Zöhre we Tahyr” we 2011-nji ýylda bolsa “Görogly” operalary tomaşaçylara hödürlendi. Häzirki döwürde Magtymguly adyndaky Türkmen milli sazly-drama teatrynda “Arşin mal alan” sazly komediýasy uly üstünlik bilen görkezilýär. Şu gün bolsa teatryň opera eserleriniň üsti B.Kerbabaýewiň we A.Garlyýewiň librettosy boýunça kompozitor Ý.Meýtusyň operasy esasynda döredilen ýene-de bir sahna eseri bilen ýetirildi.

Bu şanly waka mynasybetli teatryň kaşaň zalyna ýurdumyzyň hökümet agzalary, Mejlisiň, ministrlkleriň we pudaklaýyn edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanda işleýän daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň we iri halkara guramalarynyň, habar beriş serişdeleriniň wekilleri, medeniýet we sungat işgärleri, dörediji ýaşlar ýygnandylar.

Döwlet Baştutanymyzy Magtymguly adyndaky Türkmen milli sazly-drama teatrynyň eýwanynda ýaş artistler ajaýyp gül desseleri hem-de goşgy setirleri bilen garşyladylar. Hormatly Prezidentimiz bu ýerde ýaýbaňlandyrylan türkmen teatr sungatynyň ýeten derejesi barada gürrüň berýän dürli suratlardan, çeper we ylmy eserlerden, suratkeşleriň hem-de heýkeltaraşlaryň döreden işlerinden amaly-haşam sungatynyň eserlerinden düzülen sergi bilen tanyşdy.

Bu ýere ýygnananlar ör tutup hem-de dowamly el çarpyşmalar bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy garşyladylar. Döwlet Baştutanymyz olar bilen mähirli salamlaşyp, özi üçin ýörite bellenilen ýere geçýär.

Sahnanyň perdesi syrylýar we Magtymguly Pyragynyň şahyrana setirleri ýaňlanýar. Şahyryň çuňňur manyly we örän täsirli goşgy setirleri berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň hözirini görýän häzirki nesilleriň ýüreklerinde ymykly orun tutan hem-de ajaýyp zamanyny arzuwlan beýik akyldaryň we şahyryň eserlerine bolan söýgini oýarýar.

Täze operanyň düýp mazmunyny eýýamlaryň we nesilleriň ruhy taýdan baglanyşygy hakyndaky pikir düzýär. Bu pikir eseriň içinden eriş-argaç geçip, şahyryň keşbiniň her bir tomaşaça ýakyn hem-de düşnükli bolmagyny alamatlandyrdy. Saz sungatynyň ussatlaryny we Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplaryny bir ýere jemlän artistler toparynyň seçilip alynmagynda hem şunuň ýaly möhüm ýörelge öz beýanyny tapypdyr.

Türkmenistanyň halk artisti, Türkmenistanyň Gahrymany Maýa Kulyýewa “Magtymguly” operasynyň baş geňeşçisi, Türkmenistanyň halk ýazyjylary A. Atabaýew we T. Jürdekow bolsa eseriň edebi geňeşçileri boldular. Opera eseri režissýor A.Batyrowyň, dirižor we hormeýster, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri K.Babaýewiň, baş hormeýster H.Çaryýewiň, baletmeýster L.Altyýewanyň gatnaşmagynda döredildi. Bu eseri sahnalaşdyrmaga ýurdumyzyň iň döredijilik toparlary gatnaşdy. Magtymguly adyndaky Türkmen milli sazly-drama teatrynyň artistleri bilen bir hatarda sahna eserine Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň topary, ýurdumyzyň Döwlet hory, Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymlary we talyplary hem gatnaşdylar. Suratkeş M.Annamyradowyň sahna bezeg işleri esere aýratyn öwüşgin çaýdy.

Operada baş gahrymanyň keşbini Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyby B.Moşşyýew janlandyrdy. Magtymgulynyň keşbi talyp üçin uly sahnadaky ilkinji düýpli iş boldy.

“Magtymguly” operasynyň kompozision gurluşy dört bölümden ybarat bolup, olarda beýik şahyryň we akyldaryň kemala gelmegi yzygiderli beýan edilýär. Onuň medresede okap başlan döwründen halk tarapyndan ykrar edilýän pursadyna çenli döwür operanyň esasyny düzdi. Eserde Magtymguly Pyragy ynsanperwer şahyryň keşbinde janlandyrylýar. Onuň ykbalyna türkmen halkynyň taryhynyň iň bir çylşyrymly pursatlary gabat gelýär we şahyr öz döredijiligi arkaly dostlugyň, garaşsyzlygyň, özbaşdak döwlet gurmagyň beýik ýörelgelerine gulluk edýär. Pyragynyň şahyrana dünýäsi eserde türkmen pelsepesiniň, türkmen kalbynyň owazynyň we synmaz ruhunyň kemala gelmegini alamatlandyrýar.

Operany döreden döredijilik toparyna eserde şahyrana sözüň we sazyň düýp mazmunyny sazlaşykly utgaşdyrmak, keşpleri milli äheňde janlandyrmak we olara özboluşly millilik çaýmak başardypdyr.

Operanyň, sazyň we keşpleriň tutuş gözelligini emele getiren sahna eseriniň edebi ýazgysy hut şu ýörelgä eýerýär. “Magtymguly” operalarynyň iň bir çylşyrymlylarynyň biri bolmak bilen, ol nusgawy opera we halk sazlarynyň utgaşmagy esasynda döredilendir we tomaşaçylarda milli häsiýete, nusgawy sungata, owazyň, bezegiň, sahnanyň hem-de sazyň sazlaşygyna düýpli göz ýetirmäge bolan ukybyny oýarýar. Mähriban Watanymyza söýginiň, şahyryň öz halkyna bolan wepalylygynyň beýik ýörelgelerini wasp etmek bilen täze opera eseri häzirki zaman tomaşaçylaryna gönükdirilen ägirt uly ahlak duýgularyny özünde jemleýär.

Magtymgulynyň berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, mähriban topragyň wepaly ogly – halkymyzyň Arkadagy, özgertmeler syýasatyny üstünlikli durmuşa geçiren hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda eşretli ömür sürýän nesillere şahyrana ýüzlenmesi operanyň jemini jemledi. Türkmen halkynyň bagtyýarlygy, mähriban Watanymyzyň berkararlygy, döwürleriň hem-de nesilleriň ruhy baglanyşygy hakyndaky sahna eseriniň baş many-mazmunyny özünde jemleýän “Türkmen binasy” atly aýdym operanyň tamamlanandygyny alamatlandyrdy.

Watan hakynda ýaňlanan ajaýyp aýdyma tomaşaçylar ör turup uzak wagtlap el çarpdylar. Teatryň kaşaň zalynda ýaňlanan el çarpyşmalar operanyň jemleýji sazlary bilen utgaşyp gitdi.

Sahna tamamlanansoň, artistleriň we tomaşaçylaryň şowhunly el çarpyşmalary asytnda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow sahna çykýar.

Milli Liderimiz bu ýere ýygnananlary ýurdumyzyň iri medeniýet merkezleriniň birinde täze “Magtymguly” operasynyň görkezilmegi bilen gutlady we beýik şahyryň hem-de akyldaryň kuwwatly, bitewi hem-de synmaz garasşyz türkmen döwleti hakyndaky arzuwlaryna ýetmek häzirki günlerimizde miýesser etdi diýip belledi.

Türkmen döwletiniň kuwwatlanmagynda ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärlerine möhüm orun degişlidiri diýip bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow biz milli medeniýetimiziň ösmegi we kämilleşmegi üçin zerur bolan ähli şertleri döredäýris. Medeniýet we sungat işgärlerimiziň döredýän kämil çeper eserleri bolsa, halkymyzy beýik işlere ruhlandyryp, döwletimiziň kuwwatynyň barha artmagyna, şan-şöhratynyň has-da belende göterilmegine uly itergi berýändigini nygtady.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň medeniýet işgärleriniň opera sungatyny ösdürmekde gazanýan üstünlikleri barada aýdyp, olaryň soňky ýyllarda birnäçe ajaýyp türkmen operalaryny täzeden sahnalaşdyrandyklaryny belledi. Täzeden tomaşaçylara ýetirilen “Magtymguly” operasy bolsa ýurdumyzda sungatyň bu görnüşini dikeltmek boýunça möhüm işleriň bitirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr diýip belledi.

Bu operanyň sahna çykarylmagyna uly goşant goşan teatryň artistlerine minnetdarlyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ähli medeniýet we sungat işgärlerini berkarar Watanymyzda giňden we dabaraly bellenilýän medeniýet we sungat işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlady.

Biz medeniýet ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga uly üns berýäris diýip bellemek bilen, milli Liderimiz döwletimiz tarapyndan geljekde hem bu barada yzygiderli alada ediljekdigini aýtdy we “Ýurdumyzyň teatrlarynyň maddy üpjünçiligini gowulandyrmak hakyndaky” Karara gol çekip, oňa laýyklykda ýurdumyzyň teatrlarynyň her birine ABŞ-nyň 50 müň dollary möçberinde pul serişdesiniň goýberilýändigini mälim etdi. Bu habar tomaşaçylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda garşylandy.

Soňra milli Liderimiz bu ýere ýygananlara ýüzlenip, özüniň tabşyrmagy boýunça täzeden çap edilen “Görogly” eposynyň ilkinji nusgasyny Magtymguly adyndaky Türkmen milli sazly-drama teatrynyň baş ýolbaşçysy A.Aýdogdyýewe dabaraly ýagdaýda gowşurdy we şu kitap ýurdumyzyň ähli teatr toparlarynyň ýolbaşçylaryna meniň adymdan gowşyrylar diýip belledi hem-de wise-premýer B.Nurmyradowa bu babatda degişli tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşyny tamamlap, ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärlerine berk jan saglyk, abadan we bagtly durmuş, egsilmez güýç-kuwwat hem-de döredijilik üstünliklerini arzuw etdi.

Döwlet Baştutanymyzyň çykyşy bu ýere ýygnananlar tarapyndan uly ruhubelentlik bilen diňlenildi we birnäçe gezek şowhunly el çarpyşmalar bilen kabul edildi. Soňra döwlet Baştutanymyz artistler hem-de tomaşaçylar bilen hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.

Operany döredijilere Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan ajaýyp güllerden bogulan çemenler gowşuryldy.

Täze sahna eseriniň ilkinji gezek görkezilişiniň dabarasy ýokary döredijilik ruhy göterilişinde geçip, häzirki türkmen döwletiniň we jemgyýetiniň ösüşiniň ruhy gymmatlyklarynyň esasy ugurlaryny, milli saz sungatymyzyň wekilleriniň ägirt uly döredijilik mümkinçilikleriniň ýene bir ýola aýdyň tassyklamasyna öwrüldi.