Ï Täze türkmen ojaklary bagtyýar eýýamyň nuruna beslendi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Täze türkmen ojaklary bagtyýar eýýamyň nuruna beslendi

view-icon 1530
Türkmenistanyň Prezidenti paýtagtymyzda ýokary amatlygy bolan ýaşaýyş jaýlar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Şu gün türkmen paýtagtynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze ýaşaýyş jaý toplumynyň açylyşy mynasybetli guralan dabaralara gatnaşdy. Ýokary amatlylygy bolan 18 sany ýaşaýyş jaýynda şu gün ýurdumyzyň dürli pudaklarynyň işgärleriniň 1700-siniň maşgalasy jaý toýlaryny toýladylar. 10 ýyl abadançylyk şaýolunyň ugrunda guralan täze binalar Aşgabadyň okgunly ösýän binagärik toplumynyň desgalary bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirdi. Bu täze ajaýyp binalar toplumy adamlar baradaky aladany esasy orunda goýýan we oňyn döwlet syýasatyny durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň her bir adam, maşgala hakda edýän aladasynyň, türkmen halkynyň durmuş derejeleriniň ähli ulgamynda zerur şertleriň döredilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Aşgabatda we tutuş ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen ýaýbaňlandyrylan şähergurluşyk maksatnamasynyň esasy ugry halkymyzyň abadançylygyna we bu pudaga innowasion tehnologiýalaryň, ylmy-tehniki ösüşiň öňdebaryjy gazananlaryny hem-de dünýäniň iň oňyn teäribelerini işjeň ornaşdyrmaga gönükdirilendir. Paýtagtymyzda we Türkmenistanyň beýleki şäherlerinde hem-de obalarynda adamlaryň ýokary durmuş derejesiniň üpjün edilmegini ugur edinýän dürli ähmiýetli desgalaryň yzygiderli gurulmagy munuň tassyklanamasydyr. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň iki hepde mundan ozal birnäçe döwrebap ýaşaýyş jaý toplumyny we beýleki durmuş ähmiýetli desgalary özünde jemleýän Aşgabady ösdürmegiň 12-nji nobatdakysynyň taslamalary bilen tanşandygyny ýatlap geçmek ýerliklidir. Şunlukda täze taryhy eýýamda ýokary amatlygy bolan ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynyň ýurdumyzyň ähli sebitlerini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyna girizilendigini bellemek gerek.

Şeýle hem şu gün paýtagtymyzda gurlup ulanmaga berlen täze binalaryň hatarynda bilim ulgamyna degişli desgalaryň hatarynda her biri 600 okuwçy orunlyk iki sany orta mekdep, her biri 160 körpä niýetlenen iki sany çagalar bagy bar. Olar iň häzirki zaman enjamlary, kompýuterler we öňdebaryjy tehnologiýalar, çagalara ýokary derejeli bilim, terbiýe bermek üçin ähli amatly şertler we mümkinçilikler bilen üpjün edildi. Şäheriň bu künjeginde saglygy goraýyş ulgamyna degişli täze desga—lukmançylyk ylmynyň iň täze gazananlary bilen üpjün edilen Saglyk öýi hem guruldy. Mundan başga-da, topluma ýangyna garşy göreş bölümi girýär. Onda ýangyn öçüriji ulaglaryň altysy bolup, bölüm ähli zerur bolan ýörite tehnikalar we enjamlar bilen üpjün edilipdir.

Paýtagtymyzyň 10 ýyl Abadançylyk şaýolunda şu gün ir säher bilen ählumumy baýramçylyk we ýokary ruhubelentlik ýagdaýy höküm sürdi. Bu ýoluň ugrunda ak mermere beslenen belent ýaşaýyş jaýlary kemala geldi. Şanly waka mynasybetli bu ýere ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, şeýle hem habar beriş serişdeleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular we ýaşlar ýygnandylar. Dabara gatnaşyanlaryň arasynda daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň baştutanlary, daşary ýurtly işewürler we köp sanly myhmanlar bar.

Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlary bu günki dabara mynasybetli özleriniň döredijilik sowgatlaryny taýýarlapdyrlar. Ýeri gelende aýtsak, şu günki dabara türkmen halkynyň nesilden-nesle geçirilip, aýawly saklanyp gelýän ajaýyp däp-dessurlary bilen utgaşdy. Munuň özi baýramçylyga aýratyn öwüşgin çaýmak bilen, milletiň öz baý medeni mirasyna, köp asyrlyk däplerine üýtgewsiz ygrarlydygyny alamatlandyryp, şol ajaýyp dessurlaryň berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mynasyp dowam etdirilýändigini äşgär etdi.

Şeýlelikde, hemme zat dabaranyň başlanmagyna taýýar edildi.

Döwlet Baştutanymyzyň ulagy wakanyň geçýän ýerine gelýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy dabara gatnaşyjylaryň hemmesi uly şatlyk-şowhun bilen garşyladylar. Milli lybasdaky gyzlar döwlet Baştutanymyza gül desselerini gowşurdylar.

Bu ýerde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri döwlet Baştutanymyzy mähirli garşyladylar.

Asylly däbe görä, din wekilleri we hormatly ýaşulular milli Liderimize duz-çörek hödür edip, Beýik Biribardan Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň mundan beýläk-de gülläp ösmegini, döwlet Baştutanymyza berk jan saglygyny we uzak ömür we halkymyzyň hem-de Watanymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan ýadawsyz işlerinde uly üstünlikleri arzuw edip, aýat-töwir okadylar.

Şu ýerde bolan söhbetdeşlikde hormatly ýaşulular milli Liderimizi 55 ýaşynyň dolmagy bilen gutladylar we Watanyymzyň, halkymyzyň abadançylygy, bagtyýarlygy ugrunda ýadawsyz alada edýändigi üçin döwlet Baştutanlygymyza tüýs ýürekden taňryýalkasyn aýtdylar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, adamlaryň ýokary durmuş derejesiniň üpjün edilmegi Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir diýip belledi. Bu maksatlar toplumlaýyn özgertmeler meýilnamalarynyň binýadyny düzmek bilen, häzirki döwürde döwletimiziň we jemgyýetimiziň ähli ugurlaryny gurşap aldy hem-de ýurdumyzyň sazlaşykly ösüşini, onuň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagyny we ösdürilmegini şertendirýär, bu bolsa öz gezeginde durmuş ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça öňde goýlan maksatnamalary durmuşa geçirmäge mümkinçilik berýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

10 ýyl Abadançylyk şaýolunyň ugrunda emele gelen ak mermerli, döwrebap belent ýaşaýyş jaýlary we olarda oňaýly ýaşaýyş üçin ähli şertleriň döredilmegi, otaglaryň zerur durmuş tehnikalary bilen üpjün edilmegi hem-de düýpli gowulandyrylmagy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňden görüjilikli, çuňňur oýlanyşykly we yzygiderli alyp barýan durmuş syýasatynyň wysal tapýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Bu ýerdäki binalaryň ýanaşyk ýerleri göwnejaý abadanlaşdyrylypdyr, gök zolaklar döredilip, çagalar üçin oýun we sport meýdançalary bina edilipdir.

Ýoluň şu böleginiň hem-de onuň ýanýodalarynyň durky doly täzelendi. Bu ýerde ähli zerur bolan düzüm, şol sanda ýerasty pyýada geçelgeleri, jemgyýetçilik ulagy üçin duralgalar, şeýle hem degişli häzirki zaman tehniki serişdeler bilen üpjün edilen yşyklandyryş ulgamy, ýol hereket howpsuzlygyny sazlaýan yşyklar we beýleki elektron maglumat tablolary döwrebap derejede üpjün edilipdir.

10 ýyl Abadançylyk şaýolunyň ugrunda bina edilen belent arkanyň öňündäki meýdançada “Dokmaçylar” folklor-etnografiki toparynyň aýdym-sazly çykyşlary ýaýbaňlandyryldy.

Jaý toýlary tutulanda bolşy ýaly, bu ýerde däp boýunça myhmanlara toý pişmesi hödür edildi.

Tolgundyryjy pursat gelip ýetdi. Hormatly Prezidentimiz belent derwezäniň ýanyna geldi. Dabara gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda döwlet Baştutanymyz täze binalar toplumynyň toý bagyny kesdi. Şeýlelikde, täze toplum açyldy.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Merkezi bankynyň buýurmasy esasynda gurlan 104 öýli 12 gatly ak mermere beslenen täze ýaşaýyş jaýyna tarap barýar. Bu ýerde milli Liderimizi dabara gatnaşyyjlar we täze jaý almak miýesser eden maşgalalar mähirli garşylaýarlar we döwlet Baştutanymyzy hakykatdan-da ýatdan çykmajak we şatlykly waka bilen tüýs ýürekden gutlaýarlar.

Bu ýaşaýyş jaýynyň açylyş dabarasy türkmen halkynyň jaý toýuny toýlamak bilen baglanyşykly dessuryna utgaşyp gidýär. Ony ýurdumyzda giňden belli bolan “Serdara serpaý” döredijilik topary ýerine ýetirýär. Artistler aýdym-sazly çykyşlaryň üsti bilen täze taryhy eýýamy, parahatçylygyň hem-de döredijiligiň ýoly bilen ynamly gadam urýan türkmen halkynyň bagtyýar durmuşyny ussatlyk bilen wasp edýärler.

Hormatly Prezidentimiz indiki desga tarap ugraýar. Nobatdaky ýaşaýyş jaýy “Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik bankynyň buýurmasy esasynda gurlan 12 gatly belent ýaşaýyş jaý bolup, onda ähli amatlyklary özünde jemleýän 104 öý bar we olarda häzirki döwruň talabyna laýyk gelýän ähli amatly şertler üpjün edildi.

Binanyň öňündäki meýdançada türkmeniň iň bir şowhunly toýy bolan durmuş toýuna mahsus dessurlar ýaýbaňlandyrylýar. Bagtyýar döwrüň belent ruha beslenen gelnalyjylary gelin almaga gelýärler. Uçganaklap duran ahalteke bedewlerine atlanan milli lybasly ýigitler gelnalyjy kerweniniň öňüni çekip gelýär. Ussat aýdymçylar, ýalyn ýaly tansçylar toýuň dabarasyny artdyrýar. Soňra toý dessurynyň nobatdaky çäresi başlanýar. Milli lybasa beslenen bagtyýar gelin öýüň işiginden ätleýär.

Asylly däp boýunça toý dessury tamamlanansoň ýaş çatynjalar hormatly Prezidentimize häzirki döwürde şular ýaly ajaýyp jaýlarda ýaşamaga mümkinçiligi bolan ýaş maşgalalaryň abadançylygy hakynda yzygiderli alada edýändigi we şu günki dabara gatnaşýandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Öýlenýän ýigitleriň biri döwlet Baştutanymyzy “Bagt köşginde” durmuş toýy mynasybetli guraýan dabaralaryna çagyrýar.

Milli Liderimiz ýaş çatynjalara uzak we bagtly durmuşy arzuw edip, olara gymmat bahaly sowgat gowşurdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz 10 ýyl Abadançylyk şaýolunyň görküni artdyran ýene-de bir bina tarap ugrady.

Bu künjegiň ähli ýerinde bolşy ýaly, Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň buýurmasy esasynda gurlan ak mermerli 12 gatly ýaşaýyş jayynyň ýanynda hem hakyky baýramçylyk dabarasy höküm sürýär. Oňa gatnaşyjylar Watanymyzyň we tutuş türkmen halkynyň abadançylygynyň hem-de rowaçlygynyň ygtybarly kepili bolan oňyn döredijilik syýasatyny durmuşa geçirýän döwlet Baştutanymyzy mähirli garşylaýarlar.

Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň döredijilik topary bu şanly waka mynasybetli medeni maksatnama taýýarlapdyr. Jaýyň öňündäki meýdançada özboluşly milli däp bolan “Düýä mündiriş dessury” ýerine ýetirilýär. Onda öý eýesiniň iň uluja agtygyny düýä mündürýärler. Mälim bolşy ýaly, gadymy döwürlerden bäri düýe türkmen üçin abadançylygyň we bolçulygyň alamaty bolupdyr. Asylly däbe görä, oglanjygyň enesi ýa-da ejesi oňa täzeje tahýa geýdirýär. Öz gezeginde mamasy bolsa aşykly torbany oglanjygyň egninden asýar. Ony düýä mündürip, enesi oglanjyga ak ýol, sabyr-kanagatlylyk we rysgal-döwlet, rowaçlyk arzuw edýär. Soňra oglanjygyň enesi ýa-da mamasy düýäni kybla tarap ugrukdyrýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynyň işgärlerini gutlap, täze jaýlar bilen tanyşlygyny dowam edýär. Täze gurlan ýaşaýyş jaýlarynyň hatarynda bolsa “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň buýurmasy esasynda gurlan 12 gatly beýik bina bar. Bu ýerde belent ruha beslenen baýramçylyk dabarasy höküm sürýär.

Täze binanyň açylyş dabarasy “Sunnet toýy” ýaly baýramçylyk dessuryna utgaşyp gidýär. Asylly däbe görä, bu dessur mynasybetli baýramçylyk tagamlary taýýarlanylýar, oglanjyga bolsa dürli sowgatlar gowşurylýar. Bu dabara belli bagşylar çagyrylýar we gyzykly oýunlar guralýar.

Onuň ýanynda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň 12 gatly ýaşaýyş jaýy bina edilipdir.

Binanyň öňündäki meýdançada “ulag toýunyň” dabarasy ýaýbaňlandyrylýar. Bu dessur biziň ýurdumyzda täze ulag edinen öýde dabaralandyrylýar. Täze ulagyň eýesi myhmanlary duz-çörek, aýdym-saz bilen garşylaýar we olara toý pişmesini hödürleýär. Asylly däp boýunça täze ulag görnükli ýerde goýulýar we maşgalada hormatlanylýan ýaşuly ene ulaga ak un sepýär. Toýa çagyrylanlar, goňşy-golamlar, dost-ýarlar täze ulagyň eýesine sowgat gowşurýarlar we oňa ak ýol arzuw edýärler.

Hormatly Prezidentimiz täze binalar toplumy emele gelen şaýol bilen ugruny dowam etdi.

Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň buýurmasy esasynda gurlan 104 öýli döwrebap ýaşaýyş jaýyň öňündäki meýdançada hem aýdym-sazyň owazy belent ýaňlanýar, umumy şatlyk, ýokary ruhy göterliş ýagdaýy höküm sürýär. Bu ýerde türkmen ilinde nesiller aşyp gelýän ajaýyp “galpak toýy” mynasybetli dabara guralýar. Däp boýunça çaganyň galpagyny onuň daýysy syrmaly. Şonda oglanjyga tahýa geýdirilýär we ol otagyň ortarasynda oturdylyp, süýji we dürli oýnawaçlar seçilýär. Toýa çagyrylanlaryň çagajyklary uly şowhun bilen seçilýän zatlary çöpleýärler.

Hormatly Prezidentimiz täze jaýa göçüp gelenlere bagtly durmuş arzuw edip, şaýol bilen ugruny dowam etdi we Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň buýurmasy esasynda gurlan 12 gatly belent bina tarap bardy. Dabara gatnaşyjylar, täze jaý toýlaryny toýlaýan pudagyň işgärleri döwlet Baştutanymyzy mähirli garşylaýarlar.

Bu ýerde bolsa türkmeniň owadan toý däpleriniň biri bolan “guşak çözdi” dessury ýaýbaňlandyrylýar. Bu dessuryň kadasyna görä, aýal-gyzlar täze gelniň töwereginde oturýarlar. Öýlenýän ýigidi dostlary göter-göter edip gelýärler. Ol milli lybasda bolup, gelniň ýanynda oturýar. Ýaşuly zenanlaryň biri ýaş çatynjalaryň üstüne ýorgan atyp, “ak-gök geýdirme” diýen sözler bilen başlaýan dessury ýerine ýetirýär. Soňra ýaş çatynjalaryň ellerine teňňe berýär. Şonda öýlenýän ýigit gelniň elindäki teňňäni, gelin bolsa ýigidiň elindäkini almaly. Soňra gelin öýlenýän ýigidiň telpegini, ädigini çykarmaly, onuň berk daňylan guşagyny çözmeli. Gelniň ýanynda oturan aýal-gyzlar gelne kömek etmekçi bolýarlar, öýlenýän ýigidiň dostlary bolsa bu ýagdaýa garşy bolýarlar. Gelin ahyry guşagy çözýär. Mälim bolşy ýaly, bu özboluşly hem-de gyzykly dessur häzirki döwürde türkmen toýunda asylly däp hökmünde ýerine ýetirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň buýurmasy esasynda gurlan belent ýaşaýyş jaýyna tarap barýar. Bu binada ähli amatlyklary özünde jemleýän 104 öý bolup, olarda saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri jaý toýlaryny tutýarlar.

Bu ýerde hem türkmeniň milli däpleriniň biri bolan “baş salmak” dessury görkezilýär. Onda täze gelen gelniň başyndaky gyz ýaglygy aýrylyp, oňa gelin gyňajy daňylýar. Onuň barşynda dabara gatnaşyjylaryň biri täze gelni aýallaryň tarapyna geçirýär. Gelniň gaýyny we eltileri täze gelne dürli sowgatlary gowşurýarlar. Soňra gelne uly gyňaç, kümüş saçbagy berilýär. Şeýlelikde, gelin bu lybaslary dakynmaly we saçyny arka atmaly. Gelniň kümüş şaýlar bilen bezelen gyz tahýasy onuň baldyzyna gowşurylýar. Ýaşuly zenanlar täze gelne bagtly we uzak maşgala durmuşyny arzuw edýärler.

Aşgabat şäheriniň häkimliginiň buýurmasy esasynda gurlan ak mermerli belent ýaşaýyş jaýy hormatly Prezidentimiziň ýolunyň ugrundaky nobatdaky desgadyr.Dabara gatnaşyjylar we täze jaýa göçüp gelenler döwlet Baştutanymyzy mähirli garşylaýarlar.

Bu ýerde durmuşa çykýan gyzy palasa mündürmek däbi görkezilýär. Asylly däbe görä öýlenýän ýigidiň hossarlary gyz çykýan öýüň gapysyny saklaýan zenanlara sowgat baryny eçilýärler. Şol ýerde durmuşa çykýan gyz palasyň üstünde oturdylýar. Onuň ýanynda bolsa gyzyň hossarlary bolýarlar. Şeýlelikde, durmuşa çykýan gyzyň palasyň üstünde oturan hossarlaryna dürli sowgatlar gowşurylýar. Şol pursatda enelerimiziň biri toý gelinalyjysyny uzak saklamaly däldigini, dessury çaltyrak tamamlamalydygyny mälim edýär. Soňra gelniň gaýyn tarapy ony ýörite niýetlenen ulaga mündürýär. Şunuň ýaly gyzykly dessurdan soň toý gelnalyjysy uly şowhun bilen ýola düşýär.

Şol wagtda bu jaýyň gapdalyndaky Aşgabat şäher häkimliginiň buýurmasy esasynda gurlan binanyň ýanynda bagşy-sazandalar ussatlyk bilen halk aýdym-sazlaryny ýerine ýetirýärler.

Hormatly Prezidentimiz bu ýere ýygnananlara abadançylyk arzuw edip, ugrunda ähli amatlyklary özünde jemleýän şaýol bilen ugruny dowam etdi.

Türkmenistanyň Syýahatçylyk we sport baradaky döwlet komitetiniň buýurmasy esasynda gurlan ak mermerli binanyň ýanynda baýramçylyk dabarasy höküm sürýär. Ähli amatlyklary özünde jemleýän 84 öýli täze binanyň ýanynda milli senetkärçiligiň we amaly-haşam sungatynyň sergisi ýaýbaňlandyrylypdyr. Bu ýerde dabara gatnaşyjylar türkmen milli oýunlaryna we sport bäsleşiklerine höwes bilen tomaşa edýärler.

Hormatly Prezidentimiz bu ýere ýygnananlara abadançylyk arzuw edip, iki tarapynda ýokary amatlyklary bolan, döwpebap ýaşaýyş jaýlary bina edilen ýol bilen ugruny dowam edýär. Täze jaýlaryň hatarynda “Türkmennebitgazgurluşyk” döwlet konserniniň buýurmasy esasynda ýanaşyk gurlan döwrebap iki sany ak mermerli bina bar.

Olaryň biriniň öňünde dessançy bagşy öz sungatyny görkezýär. Ikinji jaýyň ýanynda bolsa ynsanyň pygamber ýaşyna (63 ýaş) baranynda tutýan toýy görkezilýär. Bu dessur Türkmen ilinde giňden ýaýran “ak goýun toýy” diýlip atlandyrylýar. Bu toýa garyndyşlar, goňşy-golamlar we dost-ýarlar çagyrylýar. Bu ýerde guralan dabarada pygamber ýaşyna ýeten ak saçly enäniň hormatyna tutulýan toý görkezilýär.

Şeýle hem bu binanyň öňünde gadymy türkmen “Küştdepdi” tansy ýerine ýetirilýär. Mälim bolşy ýaly, küştdepdi häzirki döwürde hem milli tans sungatynyň özboluşly milli görnüşidir.

Soňra hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň buýurmasy esasynda gurlan belent jaýa tarap bardy.

Bu ýerde täze jaýa göçüp gelenler döwlet Baştutanymyzy tüýs ýürekden we mähirli garşylaýarlar.

Türkmen halkynyň özboluşly we gyzykly dessurlarynyň biri-de, çaganyň ilkinji dişiniň çykmagy mynasybetli guralýan diş toýydyr. Çagada ilkinji dişiň çykanyny görene onuň hossarlary owadan lybas sowgat edýärler. Şu mynasybetli dogan-garyndaşlar, goňşular ýygnanyşyp, çagany öýüň töründe oturdýarlar we mekgejöwen dänesiniň ak patraklaryny seçýärler, şeýle hem şu çagajygyň dişi seçilýän ak patraklar ýaly ak bolsun diýip arzuw edýärler.

Soňra bu ýerdäki dabara esgeriň harby gullukdan gaýdyp gelmegi mynasybetli guralýan dessur bilen dowam edýär. Watan öňündäki borjuny abraý bilen ýerine ýetiren esgeriň hossarlary uly şatlyk bilen dabara guraýarlar. Oňa köp sanly myhmanlar, dost-ýatýarlar, goňşular we tanyş-bilişler çagyrylýar.

Täze jaý toýuny toýlaýanlar döwlet Baştutanymyza Watanymyzyň goragçylary bolan harby gullukçylar hakynda yzygiderli alada edýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärler.

Hormtaly Prezidentimiz olara bagt we abadançylyk arzuw edip, şu gün ulanmaga tabşyrylýan binalaryň düzümine girýän nobatdaky desga tarap barýar.

10 ýyl Abadançylyk şaýolunyň ugrunda bina edilen desgalaryň hatarynda täze üç gatly Saglyk öýi hem bar.

Täze lukmançylyk edarasy milli Liderimiziň ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak meselesine yzygideli üns berýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen durmuşa geçirilýän “Saglyk” döwlet maksatnamasynyň çäklerinde näsaglara lukmançylyk hyzmaty ulgamynyň yzygiderli kämilleşdirilmegine, şu jähetden bolsa maşgala lukmançylygynyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.

Täze Saglyk öýünde ilata halkara ülňülerine laýyk gelýän derejede lukmançylyk kömegini bermek üçin ähli şertler döredilipdir. Bu ýerde maşgala saglygy goraýşy ulgamynyň üç bölümi, şeýle hem hirurgiýa, diş bejeriş, çäkli lukmançylyk ugry, keselleri anyklaýyş, zenanlara maslahat beriş, fizioterapiýa, bedenterbiýe-sagaldyş, dikeldiş-bejeriş bölümleri ýerleşdirilipdir. Maşgala lukmanlarynyň otaglaryndan başlap, bölümleriň hemmesi, şeýle hem barlaghanalar dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň kämil lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilipdir. Bedenterbiýe-bejeriş bölüminde sport trenažerleri we degişli gurallar oturdylypdyr. Suw we palçyk bilen bejeriş otagynda daýanç-hereket ediş we nerw ulgamlaryny bejermek üçin ähli şertler göz öňünde tutulypdyr. Fizioterapiýa bölümi ýörite enjamlar we iň häzirki zaman abzallary bilen üpjün edilipdir.

Bu ýerdäki fito-barda onda diňe bir türkmen topragynda bitýän dermanlyk ösümliklerinden taýýarlanylan içgiler hödür edilmän, eýsem, degişli maglumatlar hem berilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň fitoterapiýanyň ajaýyp ensiklopediýasy we türkmen lukmanlarynyň ýankitaby bolan “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” düýpli ylmy işinde öňe sürülýän lukmançylyk ýörelgeleri bu bölümde hödürlenýän hyzmatlaryň esasyny düzýär.

Çäkli lukmançylyk ugry bölüminde näsaglary kämil hünärli oftalmologlar, otorinolarimgologlar, newrapotologlar, hirurglar, endokrinologlar, kardiologlar, allergologlar, urologlar, logopedler, trawmotolog-ortopedler we beýleki hünärmenler kabul ederler.

Binanyň hirurgiýa we diş bejeriji bölümlerinde täze ýörite enjamlar oturdyldy. Zenanlara maslahat beriş otagyndan başga-da, bu ýerde lukman ginekologlar dört we sekiz orunluk bejeriş bölümlerinde kabul ederler. Bu ýerde birnäçe ugurdaş otaglar, şol sanda “Sagdyn maşgala” otagy hereket eder.

Maslahat beriş-anyklaýyş bölüminde kompýuter reowazograf, elektroensefalograf, süňk densitometri, rentgen we flýuorografiýa enjamy, elektrokardiograf, UZI, bronhoskop, fibrogastroduodenoskop we beýleki häzirki zaman lukmançylyk enjamlary näsaglary ýokary derejede barlamaga mümkinçilik berer.

“Tiz kömek” bölüminde gaýragoýulmasyz lukmançylyk kömegini bermek üçin ähli şertler göz öňünde tutulypdyr. Bu ýerde häzirki zaman enjamlary şeýle hem lukmançylyk serişdeleriniň zerur görnüşleri bilen üpjün edilen täze ýöriteleşdirilen ulaglar lukmanlaryň ygtyýarynda bolar.

Mundan başga-da, täze lukmançylyk desgasynda degişlilkide 100 hem-de 50 orunlyk uly we kiçi maslahatlar zaly, kitaphana, naharhana, dermanhana bar.

Täze gurlan Saglyk öýi Türkmenistanyň Döwlet Lukmançylyk uniwersitetiniň maşgala lukmançylygy kafedrasy üçin binýatlyk desga bolup durýar we ol geljekde maşgala lukmanlarynyň hünärini kämilleşdirmek, şeýle hem ylmy-barlaglary geçirmek işine goldaw bermekde möhüm ähmiýetli ýere öwrüler.

Şol pursatda guralýan dabaralar Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň işgärleri üçin niýetlenen ak mermerli, 84 öýli jaýynyň ýanynda dowam edýär. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy dabara gatnaşyjylar mähirli garşylaýarlar.

Binanyň öňündäki meýdançada aýdym-sazly çykyşlar ýaýbaňlandyrylýar. Dürli dillerde ýaňlanýan aýdym-sazlar bilen utgaşyklykda milli “küşt depdi” tansy ýerine ýetirilýär. Munuň özi Türkmenistanyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen yzygiderli durmuşa geçirilýän işjeň daşary syýasatynyň özboluşly beýanydyr. Oňyn bitaraplyk ýörelgelerine daýanýan parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we netijeli hyzmatdaşlyk strategiýasy biziň ýurdumyzyň we milli Liderimiziň belent halkara abraýyna eýe bolmagyny şertlendirdi. Ýokary ruhubelentlikde ýerine ýetirilen “Türkmen ýoly—dostluk ýoly” atly aýdym Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunuň mazmunyny äşgär etdi.

Döwlet Baştutanymyz bu ýere ýygnananlara we täze jaý toýuny toýlaýanlara bagt, jan saglygyny arzuw edip, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň gullukçylarynyň 12 gatly ýaşaýyş jaýyna tarap ugraýar.

Binanyň öňünde serhetçi esgerlerden düzülen hor topary mähriban Watanymyzy wasp edýän belent ruhly aýdymlary ýerine ýetirýärler.

Döwlet serhet gullugynyň serkerdesi hormatly Prezidentimize ýüzlenip, türkmen serhetçileri üçin döwrebap görnüşli täze serhet galalarynyň, oňaýly ýaşaýyş jaýlarynyň gurlandygyny we olaryň gurluşygynyň dowam edýändigini aýtdy hem-de özleri hakynda hemmetaraplaýyn alada edýändigi üçin Belent Serkerdebaşymyza tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini mälim etdi. Harby gullukçy özüniň täze jaý toýunyň kakasynyň pygamber ýaşynyň dolmagy mynasybetli guralýan dabara gabat gelendigini aýtdy.

Bu ýerdäki şowhun türkmen halkynyň “ak goýun toýy” dessury bilen dowam etdi.

Belli türkmen artistleriniň Türkmenistanyň Döwlet hory we Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplar hory bilen bilelikde ýerine ýetiren “Ak ýollar” atly aýdymy täze jaý toýlary mynasybetli guralýan dabaranyň jemini jemledi.

Hormatly Prezidentimiz dabara gatnaşyjylara we täze jaýa göçüp gelenlere bagt, maşgala abadançylygyny arzuw edip, olar bilen hoşlaşdy we bu ýerden ugrady.

Şeýlelikde, şu gün ägirt uly gurluşyk-binagärlik işiniň ajaýyp miwesi bolan täze jaýlaryň ulanmaga berilmegi mynasybetli guralan dabara parahatçylygyň, döredijiligiň we ösüşiň ýoly bilen ynamly gadam urýan mähriban Watanymyzyň täze taryhyna ýene-de bir aýdyň sahypany ýazdy.

* * *

Şol gün paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 55 ýaşynyň dolmagy mynasybetli uly konsert guraldy. Ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň, şeýle hem belli daşary ýurt artistleriniň çykyşlary onuň maksatnamasyny düzdi. Konsertde ýurdumuzyň meşhur ýerine ýetirijileri bilen Türkiýeden, Azerbaýjandan, Germaniýadan, Fransiýadan, Daniýadan, Şwesiýadan, Liwandan,Ukrainadan we Belarusdan gelen döredijilik toparlary çykyş etdiler.

Her bir çykyşlar tomaşaçylaryň dowamly el çarpyşmalary bilen garşylandy. Bu bolsa türkmen we daşary ýurt artistleriniň ussatlygyna hem-de zehinine berlen mynasyp bahadyr.

Bu nurana hem-de şatlyga, döredijilik ýokary göterilişine beslenen dabara milli Liderimiziň doglan gününe ajaýyp aýdym-sazly sowgatdyr. Ol paýtagtymyzdaky sportuň gyşky görnüşleri boýunça kaşaň toplumyna ýygnanan köp sanly türkmenistanly hem-de daşary ýurtly toimaşaçylara ýakymly täsir etdi.