Ï Paýtagtymyzda täze binalaryň açylyş dabaralary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Paýtagtymyzda täze binalaryň açylyş dabaralary

view-icon 804
Şu gün paýtagtymyzda dürli ähmiýetli desgalaryň birbada üçüsiniň açylyş dabarasy boldy. Olar Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň we Neşelere garşy göreşmek baradaky döwlet gullugynyň merkezi edara jaýlary, şeýle hem Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň köp derejeli ulag duralgasydyr.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe paýtagtymyzda hem-de welaýatlarymyzda giň möçberli gurluşyk işleriniň ýaýbaňlandyrylmagy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tutuş ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň giň gerimli maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň netijesidir. Munuň özi Türkmenistanyň ägirt uly ykdysady kuwwata eýediginden, döwlet durmuşynyň ähli ulgamlarynda “Döwlet adam üçindir!” diýen ýörelge astynda durmuşa geçirilýän toplumlaýyn özgertmeleriň oňyn netije berýändiginiň subutnamadyr.

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Bitarap Türkmenistan şaýolunyň ugrundaky ak mermere beslenen iki gatly binasy düýpli döwrebaplaşdyrylandan we durky täzelenenden soň, Aşgabat şäheriniň binagärlik-şähergurluşyk keşbi bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirdi.

Milli parlamentiň wekilleri, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, gullugyň işgärleri täze binanyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar.

Dabara gatnaşyjylar özara peýdaly halkara hyzmatdaşlygynyň belent derejelere ýeten eýýamy bolan we ähli düzümleriň umumy dünýä ýagdaýlaryna işjeň utgaşýan täze taryhy eýýamda biziň özygtyýarly döwletimiziň dünýäniň ösen ýurtlarynyň hataryndaky ornunyň hemmetaraplaýyn pugtalanmagyna, mähriban Watanymyzyň abraýynyň we şöhratynyň artmagyna mynasyp goşant goşmak Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň her bir işgäri üçin mukaddes borçdur diýip bellediler.

Häzirki döwürde ýurdumyzyň migrasiýa gullugynda ähli ugurlar boýunça netijeli işleri durmuşa geçirmäge mümkinçilik berýän oňyn ýörelgelere hem-de öňdebaryjy usullara daýanýan düýpli özgertmeler alnyp barylýar. Döwrebap we ýokary amatlyklary özünde jemleýän ýaşaýyş jaýlarynyň yzygiderli gurulmagy bu gullugyň işgärleriniň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak boýunça ägirt uly işleriň alnyp barylýandygyny alamatlandyrýar.

Dürli okuw kurslarynyň guralmagy, hukuk binýadynyň pugtalandyrylmagy we maddy-enjamlaýyn üpjünçiligiň gowulandyrylmagy, iň häzirki zaman we ýokary netijeli tehnikalar we tehnologiýalar, ösüşiň awtomatlaşdyrylan ulgamy bilen üpjün edilmegi gullugyň işiniň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegine gönükdirilendir. Dünýäniň oňyn tejribesini ulanmak arkaly hereket edýän milli kanunçylygyň esasy ýörelgeleriniň üpjün edilmegi netijesinde has netijeli we oňyn ýörelgeleri, usullary giňden ornaşdyrmak Türkmenistanyň migrasiýa syýasatynyň möhüm bölegi bolup durýar.

Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy bilen işjeň gatnaşyk etmek arkaly ählumumy howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň meseleleriniň oňyn çözgüdi boýunça işjeň başlangyçlary öňe sürmek bilen, özüniň ykdysady ösüşiň oňaýly usulyny kemala getiren, durmuş ulgamyny ugur edinýän syýasaty üstünlikli durmuşa geçirmek bilen özara sazlaşykly ösýän döwlet hökmünde öz halkara abraýyny pugtalandyrýar. Milli Liderimiziň bu işjeň syýasatynyň has-da ösdürilmegine mynasyp goşant goşmak Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň möhüm wezipeleriniň biridir.

Dabaranyň dowamynda migrasiýa gullugynyň serkerdeler toparyna nobatdaky harby derejeleri dakmak dabarasy boldy.

Gullugyň işgärleri Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçlerininiň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowa türkmen halkynyň röwşen geljegini üpjün etmekdäki ýadawsyz yhlasy, bimöçber ünsi we atalyk aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirmek bilen, adalatlylygyň, mertligiň we watançylygyň nusgasy bolup, özleriniň mähriban Watanymyzyň parahatçylygynyň, asudalygynyň goragynda mundan beýläk-de mäkäm durjakdyklaryna ynandyrdylar.

Türkmenistanyň Neşelere garşy göreşmek baradaky döwlet gullugynyň täze jaýynyň şu günki açylyş dabarasyna şu gullugyň işgärleri bilen birlikde köp sanly myhmanlar – Mejlisiň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, şeýle-de ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Gullugyň bu täze jaýynyň açylmagy neşe serişdeleriniň sarp edilmegine, ýaýradylmagyna we bikanun dolanyşygyna garşy göreşmegiň halkara gününe gabat geldi. Şu mynasybetli ýurdumyzda birnäçe wajyp çäreler geçirildi. Ýakynda ýurdumyzyň hukuk goraýjy we harby edaralarynyň işgärleri tarapyndan ele salnan neşe serişdelerini ýok etmek boýunça amala aşyrylan nobatdaky uly möçberli çäresini muňa mysal hökmünde görkezmek bolar.

Bu ýere ýygnananlar Türkmenistanyň dünýä jemgyýetçiliginiň köpsanly asylly başlangyçlaryna işjeň gatnaşýandygyny bellediler. Biziň ýurdumyz tutuş adamzat üçin uly howp salýan bu durmuş wehimine – neşe serişdelerine garşy göreşmekde berk we tutanýerli ýörelgesine eýerýär.

Türkmenistan neşe serişdeleriniň we psihotrop maddalarynyň bikanun dolanyşygyna garşy göreş boýunça BMG tarapyndan halkara Konwensiýalarynyň üçüsine, şeýle-de birnäçe halkara we sebitara taslamalara hem-de maksatnamalara goşulmak bilen, neşe serişdelerine garşy berk we tutanýerli göreşmegiň döwletiň alyp barýan syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridigini äşgär etdi. Şu jähtden biziň ýurdumyzyň BMG-niň 2012-2015-nji ýyllarda neşeler baradaky komissiýasynyň düzümine girizilmeginiň hem uly ähmiýeti bardyr. Munuň özi bolsa dünýä bileleşiginiň Türkmenistanyň alyp barýan ýörelgesine bolan ýokary ynamyny we hormatyny görkezýär.

Neşe serişdelerine garşy göreşe esasy ünsi çekýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy netijesinde ýurdumyzda birnäçe düýpli we möhum işler edildi. Olaryň biri hem 2008-nji ýylyň ýanwarynda neşelere garşy göreşmek baradaky döwlet gullugynyň döredilmegidir. Bu gullugyň wezipesi neşe serişdelerine garşy göreşmekden, Neşe serişdelerini bikanun ýaýratmagyň öňüni almakdan, ygtybarly serhetüsti hyzmatdaşlygyny ýola goýmakdan, şeýle-de bu wajyp ugurda Türkmenistanyň halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmekden ybaratdyr.

Gysga döwrüň içinde gullukda öz işini bilýän, sowatly, ýokary hünärli işgärleriň taýýarlanmagy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda işlenip taýýýarlanan neşe serişdeleriniň psihotrop maddalarynyň we prekursorlaryň we bikanun dolanyşygyna garşy göreşmek hem-de neşe serişdelerine we psihotrop maddalara garaşly bolan adamlara kömek etmek boýunça 2011-2015-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň girewidir. Milli maksatnama laýyklykda, ýurdumyzda neşe serişdeleriniň ýaýradylmagynyň, olaryň bikanun getirilmeginiň we neşekeşligiň öňüni almak, neşe serişdelerini ulanmaga meýilli adamlary ýüze çykarmak we bejermek boýunça netijeli işler alnyp barylýar.

Türkmenistanyň Neşelere garşy göreşmek baradaky döwlet gullugynyň täze edara binasynda bar bolan hem-de gelip gowuşýan maglumatlary gaýtadan işlemek üçin döwrebap kompýuterleşdirilen ulgamy ulanmak göz öňünde tutulypdyr. Şeýle hem bu ýerde dürli görnüşli häzirki zamanyň ýörite enjamlary goýlupdyr. Bu bolsa işgäleriň işiniň çalt we netijeli bolmagyna mümkinçilik berer.

Gullugyň işgärleri milli Liderimize edýän atalyk aladasy we goldawy, hususan-da, oňaýly zähmet we dynç alyş şertleriniň döredilýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ýurdumyzyň garaşsyzlygynyň esaslarynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagy, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegi ugrunda tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Şeýle hem şu gün paýtagtymyzyň günorta künjeginde Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň köp gatly ýapyk görnüşli ulag duralgysaynyň açylyş dabarasy boldy.

Halkara lukmançylyk mekrezleri müdirliginiň düzümine girýän häzirki zaman Göz kesellerini bejeriş merkeziniň we täze gurulýan Stomatologiýa merkeziniň aralygynda ýerleşen täze ulag duralgasy döwrebaplygy babatda hem-de bu ugur boýunça dünýäniň iň täze gazananlary bilen üpjün edilip, halkara ülňülerine doly laýyk gelýär.

Ulag duralgasynyň umumy meýdany 4 gektara barabar bolup, 9,5 müň inedördül metr meýdany öz içine alýar. Ulag duralgasynyň 4 derejesi bolup, 270 ulaga niýetlenendir. Bu desga awtomatlaşdyrylan dolandyryyş ulgamy bilen üpjün edilen paýtagtymyzdaky ilkinji duralgadyr. Onuň girelgesinde ýörite elektirkmagnit enjamy, saklaw ulgamy, çykalgada bolsa detektor enjamy oturdylypdyr. Girelgede oturdylan awtomatiki enjam ulag serişdesini hasaba alýar. Şonda sürüji giren wagtyny görkezýän ýörite petegi alyp, ony çykalgada görkezmeli. Elektron petek bir gezeklik we köp gezeklik ulanylýan görnüşde bolup biler. Munuň özi bu ýerde ulag goýýanlar üçin amatlyklary döredýär.

Duralgada her ulag üçin 14 inedördül metr ýer bölünip berildi. Ulaglaryň bökdençsiz girip-çykyp bilmegi üçin hatarlaryň arasynda iki sany giň zolak bar. Ulagyň aňyr çetinde aýlawly estakada bolup, ol bu ýerden goşmaça ugur açýar. Bu bolsa sürüjileriň uzak aýlanmagyny aradan aýyrýar. Şeýle hem bu ýerde basgançaklardan başga-da, liftler hereket edýär. Köp derejeli duralga ýangyn söndüriji ulgam bilen üpjün edilipdir. Iki sany transformator we dizel ýangyjy bilen hereket edýän generator bökdençsiz elektrik energiýasy bilen üpjün edýär. Desganyň ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrylypdyr, gök zolak döredilipdir.

Ulag duralşgasynyň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň ýolbaşçylary, paýtagtymyzyň häkimliginiň, milli parlamentiň, habar beriş serişdeleriniň wekil